Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly, Watanymyzyň şöhratly taryhy görelde mekdebidir
Ýazylan wagty: 02 сентября 2021 Ýazan NEXTTM
Halkymyzyň taryhy örän gadymy bolup, ol müňýyllyklary öz içine alýar. Türkmenler şumer, hindi, hytaý, müsür, grek, latyn amerikasy halklary ýaly, dünýä gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklary bagyş eden gadymy halklaryň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Birinji müňýyllygyň başynda Beýik Hun şadöwleti, Rim we Hytaý imperiýalary bilen bäsleşen Parfiýa türkmenleriniň patyşalygy, ikinji müňýyllykda Hindistana çenli gol ýaýradan Gaznaly türkmenleriň döwleti, Hytaýdan Ortaýer deňzine çenli öz täsirini ýetiren Seljuk türkmenleriniň döwleti, ylmyň, medeniýetdir sungatyň gaýtalanmajak nusgalaryny miras galdyran Köneürgenç, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriň döwletleri Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň taryhy ýolunyň örän beýikliginiň anyk delilnamalary bolup durýar.
Gadymy ýazuw çeşmeleri, meşhur taryhçylaryň işleri türkmen halkynyň adamzat taryhynyň dowamynda parahatçylyk, ynsanperwerlik däplerine ygrarly bolandygyny, beýik taryhy we medeniýeti döredendigini ykrar edýär.
Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň döreden kuwwatly türkmen döwletleri dünýä taryhyna altyn sahypalary ýazdy. Görogly beg, Baýram han, Soltan Jelaleddin, Keýmir kör, Gowşut han ýaly merdana gahrymanlarymyz il-ýurt üçin ata çykypdyrlar. Watan goragy ugrunda janyny orta goýan milli gahrymanlarymyzyň ömür ýollary nesiller üçin mertligiň hem-de gaýduwsyzlygyň nusgalyk mekdebidir diýip, milli Lidermiz belläp geçdi.

Okalan sany: 174   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06485 sek. ýüklenen baýt: 30138