Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
taryhy maglumatlar
Ýazylan wagty: 26 ноября 2013 Ýazan Mayichka

Taryhy maglumatlar


           Welosipediň taryhy irki döwürlere çenli glip ýetýär. Ýöne taryhy maglumatlara ser salanymyzda, 1817-nji ýyldan soňky ýyllarda bu ulag serişdesi hakyndaky maglumatlara köp duş gelinýär.


           Dünýä belli suratkeş Leonardo da Winçiniň we onuň şägirdi Jakomo Kaprottiniň iki tigirli welosipdiň suratny çekendigi taryhy çeşmelerde aýdylyp geçilýär. 1817-nji ýylda nemes professory baron Kral fon Drekz iki tigirli samokat oýlap tapyp, ony 1818-nji ýylda açyş hökmünde resmi taýdan tassykladypdyr. Germaniýanyň Karlsrue şäheriniň ýaşaýjysy oýlap tapan ulagyny “Ylgamak üçin maşyn” (Laufmaschine) atlandyrylypdyr. 1818-nji ýylyň ahyrlarynda köp sanly britan öndüriji öz samokatlaryny ýasady olaryň arasynda londanly Denis Jonson has kämil modelini oýlap tapdy.


          “Welosiped” sözüni fransiýaly alym Jožef Nisefor Nýps oýlap tapdy. Ol Dreziň samokatyndan has kämil görnüşini ýasady. 1839-1840-nji ýyllarda Şotlandiýanyň günortasyndaky kiçijik obanyň ýaşaýjysy Kirkpatrik Makmillan Dreziň oýlap tapanyny kämilleşdirip, oňa pedal hem-0de oturmak üçin eýer goşdy. Şeýlelikde, Makmillan Hazirki wagtda ulanylýan welosipedlere meňzeş ulagy oýlap tapdy. Ýyllaryň geçmegi bilen bu ulagyň serişdesiniň ilkinji ýyllardaky görnüşi hasda kämilleşdirilip, häzirki wagta ýetirildi.


 


Okalan sany: 1222   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07973 sek. ýüklenen baýt: 31221