Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
1-nji sentýabr Bilimler we talyp ýaşlar güni.
Ýazylan wagty: 02 сентября 2021 Ýazan NEXTTM
Maslahat Köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi.
Siz bilen duşuşmak, pikir alyşmak, duýgulary paýlaşmak, Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde gazanylan üstünlikleri beýan etmek hemmämiz üçin uly taryh. Şol nukdaýnazardan, men hem döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşysy, mugallym, professor, akademik bolmak bilen, ähli ugurlardan ugur alyp, şu gün siz bilen duşuşyp beýan bilen çykyş etmek barada karara geldim diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlendi.

Soňra duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiziň çykyşyny uly üns bilen diňlediler.

--Men şu gün siziň bilen duşuşyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe-borjy hakynda umumy sapak geçmek barada karara geldim diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpsanly auditoriýa ýüzlendi.
Bu örän möhüm senedir. Şoňa görä-de, halkymyz altyn sahypalar bilen taryha girjek «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň her gününi şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine besleýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
Biz altyn güýzüň ilkinji gününde Bilimler we talyp ýaşlar gününi hem Garaşsyzlygymyzyň berkararlygyny, milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan wakalar bilen garşylaýarys diýip, belläp geçdi.

Okalan sany: 176   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06024 sek. ýüklenen baýt: 30087