Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hormatly doktory, Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow
Ýazylan wagty: 26 ноября 2013 Ýazan GundogarNews

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hormatly doktory, Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow


 

Taryhyň  külterlän sahypalaryna nazar aýlanymyzda, heýkeltaraşlyk sungatynyň özüniň gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny gadymy Marguş ülkesinde dürli döwürlerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň  netijesinde  tapylan  heýkelleriň mysalynda-da görýäris.  Häzirki Türkmenistan döwletimiziň çäklerinde ýaşap geçen ata-babalarymyzyň bize,  türkmen halkyna goýan şol mirasy  türkmen halkynyň geçmiş taryhynyň uzak geçmişinde heýkeltaraşlyk sungatynyň esaslaryny goýandygyny görýäris.

 

Heýkeltaraşlyk sungaty – umuman ähli döwürlerde-de adama hyzmat edipdir we şu günki günde-de  ol öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Gadymy taryhy-arhitektura ýadygärliklerimizden görnüşine görä, bihagärlikde heýkeltaraşlyk sungaty esasy bezeg serişdesi bolup hyzmat edipdir. Häzirki zamanda-da heýkeltaraşlyk sungatynyň şäherleri bezemekde  ähmiýeti örän wajyp.  Muňa Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen başy başlanan Beýik Galkynyşlar zamanamyzda biz has-da anyk göz ýetirýäris. Türkmenistan diýarymyzyň şäherleriniň heýkeller bilen bezelşi, heýkeltaraşlyk sungatynyň geriminiň giňeýändigine guwanýarys. Şeýle-de ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda bu sungat bilen meşgullanýan sungat ussatlarynyň döredijilik işine uly ýol açylyp, ähli mümkinçilikler döredilýär. Heýkeltaraşlyk sungatyna, şeýle-de  paýtagtymyz  Aşgabat şäherimiziň heýkeller bilen bezelşine uly üns berýän Hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary netijesinde ak mermerden lybas geýen paýtagt şäherimiiz gözel keşbe gelýär, şäherimiziň durky büs-bütinleý özgerýär.


 


Şeýle özgertmelere özüniň mynasyp goşandyny goşýan sungat ussatlarynyň biri-de Babasary Annamyradowdyr. Ol  ýigriminji asyryň 70-nji ýyllaryndan bäri bu sungatyň  gazanynda gaýnap,  ençeme çorba sowadan heýkeltaraş. Babasary Annamyradowyň özi 1941-nji ýylda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dünýä inýär. Onuň heýkeltaraşlyk sungatyna ýaşlykdan gyzyklanyp geljekde bolsa,ajaýyp nusgaly tükmen heýkeltaraşy bolup ýetişjekligi şubhesizdir. Çünki ussat heýkeltaraşyň döredýän we döretjek  eserlerinde türkmen halkymyzyň hüýr häsiýetleri jemlenendir. Babasary Annamyradow heýkeltaraşlyk sungatyna düşen ilkinji günlerinden başlap döredijilik ukybyny has-da kämilleşdirmek üçin, ol Ş.Rustaweli adyndaky  Türkmen Döwlet uçilişesiniň heýkel bölümini 1963-nji ýylda tamamlaýar. Soňra 1970-nji ýylda Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky Teatral-çeperçilik institutyny tamamlaýar. Babasary Annamyradow 1971-nji ýylda suratkeşler Birleşiginiň agzasy bolýar. Heýkeltaraşyň uçursyz zehini netijesinde “sanasaň-sogaby bar” diýlişi ýaly  ençeme dürli mowzukly kiçi we uly göwrümli eserleri döredip, mynasyp baýraklaryň ençemesine eýe boldy.Öz döredijilik ýolunda gije-gündiziň tapawudyny bilmän işlän ussat heýkeltaraş sungatyny ösdürip aýan etmek üçin ençeme gezek ýurdymyzyň içinde we daşary çäginde geçirilen sergilere gatnaşdy. Bulardan hem özüniň şahsy sergilerini geçirip durdy. Babasary Annamyradowyň şahsy sergilere paýtagtymyzyň Aşgabat şäherinde, Argentinada, Moskwada, ABŞ-da, Türkiýe, Fransiýa ýaly we beýleki ýurtlarda geçýär.


 


Heýkeltaraş ýurdumyzda halypa hökmünde tanalýan ussat bolmak bilen çäklenmän, ol döwletimiziň çäklerinden daşynda-da özüniň naýbaşy eserleri bilen birnäçe gezek sergilerini geçirip, türkmen halkynyň  adyny daşary ýurtlarda äşgär edip, ata Watana özboluşly hyzmat eden ynsandygy bilen bellidir. Türkmenistanyň Halk hudoznigi Babasary Annamyradow  türkmeniň Garaşsyzlyk eýýamynyň Beýik Galkynyşlar zamanasynda özüniň gaýtalanmajak sungat eserlerini döretdi. Bu eşretli zamana ussadyň ylhamyna ylham,  irginsiz gözleglerine tapylgysyz netijeleri berdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabat şäherimiziň merkezinde “Ylham” seýilgähinde oturdylan  47 sany türkmen halkynyň beýik taryhy şahsyýetleriniň heýkelleriniň işlerine hem gönüden-göni ussat heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň  hut özi işçeň gatnaşdy. Babasary Annamyradow ýadamany-ýaltanmany bilmeýän inçe sungatyň wekili.  Onuň dürli ýyllarda  çeken zähmetiniň netijesini, sünnäläp eden sungat eserleriniň mysalynda görýäris.  Çünki, ol türkmeniň heýkeltaraşlyk sungatynda hem öz ýoluny tapan, hem-de bu sungaty dünýä  derejesine, umuman professionalizme ýetiren halypadyr. Oňa halypa diýmeklik, örän ýerlikli bolsa gerek. Sebäbi, ol ençeme şägirtleri ýetişdiren beýik halypadyr. Biziň sözümiz gury bolmaz ýaly anyk mysala ýüzlensek, hakykata laýyk bolar. 2008-nji ýylyň  12-nji iýunda  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu halypa-suratkeşe  Çeperçilik Akademiýasynyň Doktory diýen hormatly at dakyldy. Halypa heýkeltaraş Babasary Annamyradowa bu dakylan mynasyp  at, tüýs wagtynda onuň  ýarym asyrlyk eden işine berlen bahadyr.








Okalan sany: 684   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04659 sek. ýüklenen baýt: 42306