Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
SAÇAKLARYMYZYŇ BEREKEDI
Ýazylan wagty: 27 ноября 2013 Ýazan NEXTTM


SAÇAKLARYMYZYŇ BEREKEDI

Bir üýşmeleňde çaý - çörek iýip oturan adamlar: “Çörek nämeden döräpdir?” - diýip, özara jedelleşipdirler. Şonda olaryň biri:

- Çörek däneden döräpdir - diýýär.

Beýleki biri:

- Çörek ene toprakdan döräpdir - diýýär.

Olaryň ýene biri bolsa, eger-de suw bolmasa çöregiň bolmajakdygyny delillendirýär. Garaz kimsi güneş bolmasa çöregiň bolmajakdygyny nygtasa, kimsi çörek ýapýanyň hünäriniň netijesi diýýär. Olary diňläp oturan köpi gören gojalaryň biri:

- Elbetde, hemmäňiziň aýdýanyňyz hem dogry. Ilki bilen ýeri sürmeli, suwarmaly, dänäni ekmeli, ekensoň onuň idegini ýetirmeli, dökün bermeli, wagtly - wagtynda suwaryp durmaly, ormaly, üwemeli, gaplamaly, hamyr etmeli, ýugurmaly, ýasamaly, gyzan tamdyrda ýapmaly. Ýöne, şuny pugta ýadyňyzda saklaň! Çörek zähmetden döreýär - diýip olaryň jedeline nokat goýýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe folklor oýnunyň üsti bilen biziň gelin - gyzlarymyz çöregi şeýle wasp edýär.

 

Ak bugdaýym aklykdyr,
Saçagymda päklkdir.
Üwäbersem un bolar,
Eläbersem kän bolar.  
          
Az ýugursaň ham bolar,
Kän ýugursaň jan bolar.
Hamyr ujy zowala,
Zowalany togala.

Oklaw bilen ýaýyber,
Eňlip - galyp gaýyber.
Dürtgüç bilen dürter men,
Ak tamdyrda ýapar men.

Bissimilla pir pugta,
Men ýapaýyn sen togta.
Ak bugdaýym çörekdir,
Ulus - ile gerekdir.

Mele-myssyk nanly saçak,
Gatlamamyz gatlak - gatlak,
Dadyp görüň bugdaýmyzdan,
Bişen eplem akja çelpek.

Okalan sany: 386   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08109 sek. ýüklenen baýt: 32721