Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Menziller
Ýazylan wagty: 27 ноября 2013 Ýazan NEXTTM
      

 Menziller  
       
Dünýäniň köp ýurtlarynda welosiped gündelik durmuşda iň bir ýörgünli ulag hasaplanypdyr. Giňden peýdalanylmagynyň esasy sebäplerini daşky gurşawyň arassa saklanylmagy babatdaky tagallar bilen düşündirýärler. Awtoulagy köp ulanýan adamlaryňkydan welosipedli gatnaýanlaryň has sagdyn bolýanlygy hakykatdyr. 

Dünýäniň käbir döwletlerinde hemmeler ýylyň bir gününde diňe welosipedli hereket edip, saglyklaryny berkidýärler hem-de daşky gurşawyň arassalygyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Amerikanyň Boston şäherinde bolsa ýaşaýjylaryň welosipediň hyzmatyndan giňden peýdalanmaklary üçin hemme mümkinçilikleriň döredilmegi babatda uly aladalar edilýär. Hatda hususy welosipedi bolmadyk adamlaryň ulagyň bu görnüşini kärendesine alyp bilmegi üçinem zerur şertler döredilýär. Munuň özi adamlaryň welosiped sürmek bilen diňe bir daşky gurşawyň arassalygyna goşant goşman, eýsem, ilkinji nobatda, öz saglygyny berkidýänligine oňat düşünmeklerine-de itergi berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti  milli sporty ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn-durmuş ýörelgelerini has-da berk ornaşdyrmak babatdaky nusgalyk tutumlarynyň çäklerinde sportuň welosiped görnüşiniň ýaýbaňlanmagyna-da aýratyn üns berýär. Milli Liderimiz welosipedli gezelenç etmekde hemmämize görelde bolupdurýar.          
Hormatly ýurt Baştutanymyzyň başda durmagy bilen gözel paýtagtymyzda gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýan Olimpiýa şäherjiginiň döwrebap sport desgalarynyň arasynda 5 müň tomaşaçy orunlyk üsti ýapyk welotregiň bolmagy sportuň bu görnüşiniň  ata Watanymyzda geljeginiň ulydygyny ajaýyp subutnamalaryň biridir. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň aýrylmaz bölegine öwrülen Awaza derýasynyň iki tarapyndan hem ýanýoda bilen birlikde, welosipedli gezelenje niýetlenen ýörite ýoluň çekilmegi bolsa şeýle durmuş hakykatynyň üstüni ýetirýär. Milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň arasynda bu ýerde welosipedli gezelenç etmäge islg bildirýänleriň hatarynyň artmagy bolsa, hormatly ýurt Baştutanymyzyň sportuň bu görnüşini ösdürmek babatdaky tutumlarynyň halk köpçüliginiň uly goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. 

Welosportuň onlarça görnüşi bardyr.  Şolaryň 14 görnüşi olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Hut şunuň özem welosiped sportunyň köplere uly höwes döredýändigini tassyklaýar. Taryhy maglumatlardan mälim bolşy ýaly,  1896-njy ýylda geçirilen  I tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan türgenleriň arasynda welosipedçilerem ýaryşa goşulypdyrlar. Bu ýaryşda olar 87 kilometr aralykda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezipdirler. 1869-njy ýylda Pariž-Ruan ugry boýunça 120 kilometr aralyga welosipedli geçirilen ýöriş sportuň bu görnüşiniň taryhynyň gözbaşynyň aňyrdandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Welosipedli ýörişler häzirki döwürde has-da meşhurdyr.

Hawa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň durmuşymyzda welosport mynasyp orny eýeleýär. Aýratyn-da, ýaş nesillerimiziň bu ugurdaky ýaryşlara uly höwes bilen gatnaşmaklary bagtyýar ýaşlarymyzyň mähriban Arkadagymyzyň il saglygy baradaky köptaraply aladalaryna çäksiz hoşallyklarynyň özboluşly beýanydyr.    

Okalan sany: 563   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
27 ноября 2013



О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06109 sek. ýüklenen baýt: 33110