Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ussatlygyň ýoly
Ýazylan wagty: 28 ноября 2013 Ýazan NEXTTM


Ussatlygyň ýoly



 Türkmenistanyň Milli sport we syýasatçylyk instituynyň talyby, adaty
karate boýunça sport ussady
Begmyrat Jepbarow Türkiýanyň Sakariýa şäherinde 24 döwletiň türgenleriniň
gatnaşmagynda geçirilen halkara ýaryşda sazlaşykly kata boýunça  çykyş
edip, ildeşlerimiziň kümüş medaly eýelemegine saldamly goşant goşdy.



Begmyrada bu üstünlik
birbada gelmedi. 1992 nji ýylda Lebap welaýatynyň Atamyrat şäherinde doglan
Begmyrat 8 ýaşyndan başlap, has takygy, 2000-nji ýyldan bäri sportuň bu görnüşi
bilen çynlakaý meşgullanyp gelýär. Ýagşygül Babaýewa bu oglunyň yhlasyny,
erjelligini görüp, umumy türgenleşiklerden soň onuň bilen şahsy türgenleşiklere
ýykgyn edýär, köp ýumuşlary tabşyrýar, ýalňyşlatyň üstünde irginsiz işleýär.
Iki taraplaýyn çekilen zähmet özüniň garaşylýan miwesini berip başlaýar.



Aşgabat
şäherinde, Daşoguz, lebap we Mary welaýatlarynda geçirilen Türkmenistanyň
çempionatlarynda Begmyrat öz agramynda öňüne bäsdeş geçirmeýär. Onuň bu
üstünlikli çykyşlary Türkmenistanyň adaty karate milli merkeziniň başlygy,
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, halkara derejeli emin Hangeldi Hojaýewiň
gözüne ilýär we ony milli ýygyndy toparyň düzümine çagyrýar.



Begmyrat
Jepbarow  ýygyndy toparyň düzüminde Polşada, Russiýa Federasiýasynda,
Stambulda we Minsk şäherinde geçirilen halkara ýaryşlarynda çykyş edip, öz
agramlyk derejesinde dürli baýraklara eýe bolýar.



­­2011-nji
ýylda Türkmenistanyň Milli sportwe syýahatçylyk institutynda hormatly
Prezidentimiziň tagallasy bilen açylan sagaldyş işi hünärine talyplaryň
hataryna kabul edilýär. Islendik raýatyň lukmançylyk bejergisinden soň, oňa
bejeriş bedenterbiýesi boýunça ýörite meýilnama esasynda iş alyp barmak,
lukmançylyk bejergisindn soň, iş başarjaňlygyny dikeltmek maksady bilen
sagaldyş-fiziki serişdeleri bolan owkalama, bjeriş-bedenterbiýe maşklary,
fitoterapiýa, mehanoterapiýa usullaryndan bejerişleri alyp barmak, raýatlara
däp bolmadyk usullar bilen (aerobika, şeýping, gimnastika, uşu we ş.m)
bejerijileri hödürlemek, dynç almaga gelen raýatlardan ýörite saglyk
toparlaryny düzmek we şol toparlarda sagaldyş işlerini ýola goýmak bu hünäriň
esasy ugurlary hasaplanylýar. Sapaklary türgenleşik okuwlary bilen utgaşykly
alyp barmak, dürli keselleriň we şikesleriň öňüni almak babatda mugallymlaryň
we tälimçileriň aýdanlaryny çuňňur özleşdirýär.



Biz
hem Berkarar döwletimiziň bagtyýar nesli bolan ussat karateçi talyp türgen
Begmyrat Jepbarowa mydama üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

Okalan sany: 606   Jogaplar: ( 1 )

marala
28 ноября 2013

gekjekde gyzyl medalyn eyesi bolmagyny arzuw edyarin


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05458 sek. ýüklenen baýt: 33804