Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
♕_Bilginiň_♕
Ýazylan wagty: 28 ноября 2013 Ýazan Marala

♕_Bilginiň_♕

Dünýe togalakmyş, dälmişin heýkel,
Aýlanyp ahyry duşurar belkem.
Daň şemaly söýgi habaryn elter
Saňa sary barýandygym bilginiň.

Säherlerden, sabalardan idänim,
Dileglerden, dogalardan idänim,
Hem şuglasy munda goşa didämiň,
Hem kalbyma armanlygyň bilginiň.

Söýgiň jübütlerne Jennetdir zemin,
Hat-da, duşmanyňam görnermiş eziz.
Ýöne bu ykbalyň söýgime heniz,
Beýle bagty bermänligin bilginiň.

Seni ýüregimde göterip ýörün,
Eşdeňok, şonda-da ýüregmiň zaryn.
Çyn yşga bermişem kalbymyň törün,
Şonsuz Dünýäň arzanlygyn bilginiň.

Görle, tylla Güni gabanyp Asman,
Bulutlar ýene-de galdylar basga.
Sen undup bilersiň, men welin, asla.
Ömrüň saňa gurbandygyn bilginiň.

Diýsem-de sen meniň ýyldyzym, aý gyz,
Ýyldyzlar müňlerçe, sen welin ýalňyz.
Käteler özüňi duýaýsaň gamgyn,
Bir ýerlerde meň bardygym bilginiň.

Okalan sany: 546   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06058 sek. ýüklenen baýt: 36482