Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
TÜRKMENISTANDA HALKARA SPORT MEDIA-FORUMY GEÇIRILÝÄR
Ýazylan wagty: 29 ноября 2013 Ýazan NEXTTM

TÜRKMENISTANDA HALKARA SPORT MEDIA-FORUMY GEÇIRILÝÄR

Aşgabat, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň çäklerinde sport media-forumyna gatnaşyjylaryň maslahaty açyldy. Bu iri möçberli ýaryşlar, mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde, häzir gurluşygy alnyp barylýan Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda geçiriler.

Ýeri gelende ýatlasak, media-forumyň birinji tapgyry şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilipdi. Oňa dünýäniň sport hereketinde halkara gatnaşyklary we kommunikasiýalar babatda esasy bilermen, “Jon Tibbs and Assoiciates” (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň direktory Jon Tibbs gatnaşypdy. Häzirki duşuşyk dünýäniň 25 ýurdundan – Russiýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Ýaponiýadan we beýleki döwletlerden esasy halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnady. Olaryň arasynda dünýäniň sport žurnalistikasy ulgamynda uly tejribe toplan “RIA Nowosti”, “Assoşieýted Press”, “Reýter” agentlikleriniň we beýleki meşhur tele we radio ýaýlymlarynyň we metbugat neşirleriniň 100-e golaý habarçylary bar.

Maslahata gatnaşyjylar kontinental derejede sportuň dürli görnüşleri boýunça Türkmenistanda halkara ýaryşlaryny geçirmäge taýýarlyk görlüşiniň ýokary derejesini biragyzdan belläp, öňde boljak sport baýramçylygyny geçirmegiň ýeri hökmünde Türkmenistanyň paýtagtynyň seçilip alynmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze sport syýasatyny üstünlikli ýöredýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr diýip nygtadylar.

Biziň ýurdumyzyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny ilkinji gezek kabul etmäge taýýarlyk görmek bilen, olar babatda habar beriş ulgamyna möhüm ähmiýet berýändigine žurnalistler kanagatlanma bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aziýada-2017-ni köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek we dünýäde wagyz etmek maksady bilen forumy geçirmek hakynda Kararyna, şeýle hem “Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama” laýyklykda guralan şu wekilçilikli sport media-forumynyň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Iýun aýynyň başynda sport media-forumynyň birinji tapgyrynyň barşynda Söwda we maýa goýumlary baradaky Britan agentliginiň ählumumy sport taslamalary bölüminiň ýolbaşçysy, Jon Tibbs Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň meýilnamalaryna we gerimlerine haýran galandygyny aýtdy. Sebäbi olara gatnaşmak üçin ilkinji gezek Awstraliýanyň we Okeaniýa ýurtlarynyň toparlaryny çagyrmak meýilleşdirilýär. Bu sport bäsdeşligini ep-esli ýokarlandyrar, diýmek, olaryň gyzykly bolmagyny artdyrar. Şeýle hem J.Tibbsiň nygtaýşy ýaly, Aziýada-2017 eýýäm halkara sport giňişliginde brende öwrüldi we ol Birleşen Patyşalygynyň belli kompaniýalarynyň Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyna gatnaşýandygyna şatdygyny aýtdy.

Şu ýerde ady agzalan Ähtnama gol çekilmeginiň öňýanynda bolup geçen ýene bir möhüm waka hakynda ýatlamak gerek. Ol şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda geçirilen Türkmen-britan forumydyr. Şonda myhmanlar ýany bilen Türkmenistanda Aziýada-2017 üçin iri halkara ýaryşlaryny geçirmek hem-de ýokary derejeli türgenleri ýetişdirmek babatda birnäçe taslamalaryny we tekliplerini alyp geldiler.

Tanyşdyrylan taslamalaryň käbiri 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiadada peýdalandy. Mysal üçin, “Arup” kompaniýasynyň bina eden 16 müň tomaşaçy orunlyk üsti ýapyk basketbol arenasy iň gowy taslamalaryň biri hökmünde ykrar edildi. Ony ajaýyp konstruktorçylyk pikiri netijesinde örän aňsat söküp bolýar we äkidip bolýar. Häzirki wagtda “Arup” kompaniýasynyň wekilleri Olimpiýa şäherjigini gurmaga işjeň gatnaşýarlar.

Beýleki teklipleriň arasynda Britaniýanyň Lafboro kollejiniň taslamasynyň görkezmek bolar. Ol türgenleri taýýarlamak maksatnamasyny öz içine alýar. Onuň içine diňe türgenleşikleriň fiziki-tehniki düzgün kadalary däl-de, eýsem, okuw maksatnamasy, psihologik türgenleşikler we beýlekiler girýär. Bu taslamany Lafboronyň hünärmenleri biziň paýtagtymyz bilen tanşanlaryndan we ýerli sport düzümini öwrenenlerinden soň işläp taýýarladylar.

Şu gezek geçirilýän forumyň barşynda ýokary derejeli sport çärelerini taýýarlamagyň we guramagyň barşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň eýeleýän ornuna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, halkara derejeli türgenleri we tälimçileri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport babatda kanunlary kämilleşdirmek, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý nesli ösdürip ýetişdirmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň möhümdigi bellenildi.

Aşgabatda bu iri halkara sport çäresini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen Orta Aziýada iri Olimpiýa şäherjigi okgunly depginler bilen gurulýar. Ol köpsanly sport desgalaryny öz içine alýar. Mundan başga-da, sportuň adamyň saglygy üçin ägirt uly ähmiýetini nazara almak bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda sport toplumlary, halkara derejeli sagaldyş-dynç alyş merkezleri bina edildi. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde häzirki zaman iri sport desgalary – Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Gyşky oýunlar sport toplumy, köpugurly “Aşgabat” stadiony we beýleki soprt desgalary guruldy we hereket edýär. Bu işleriň hemmesi ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge, bedenterbiýe hereketiniň giň gerimli bolmagyny üpjün etmäge, halkara derejesindäki türgenleri we ýygyndy toparlary taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Halkara sport media-forumynyň barşynda 21 asyryň iri taslamasynyň - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherjiginiň bina edilmegi ýurdumyzda sport hereketini düýbunden täze derejä çykarmaga, ýaşlaryň arasynda sporty wagyz etmäge we ösdürmäge, ýokary derejeli türgenleri we milli ýygyndy toparlary taýýarlamaga kuwwatly itergi berjekdigi bellenildi.

Daşary ýurtly myhmanlaryň belleýşi ýaly Türkmenistan ýylsaýyn dünýä üçin diňe ösen ykdysadyýetli ýurt hökmünde däl-de, eýsem sport döwleti hökmünde açylýar. Şonuň üçin Aşgabatda sport desgalaryny gurýan hem-de sport ussatlaryny taýýarlamaga kömek edýän britan kompaniýalarynyň wekilleri sport babatda türkmen döwletiniň işewür hyzmatdaşlary bolup durýandygyna buýsanýarlar.

Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) prezidenti Janni Merlonyň çykyşy media-foruma gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Onuň belleýşi ýaly, sport – bu geçmişden geljege uzalýan köprüdir. Milli sport hereketi döwletiň kuwwatynyň özboluşly görkezijisi bolup durýar. Şonuň üçin sporty ösdürmek islendik ýurduň döwlet syýasatynyň möhüm bölegidir.

Jenap J.Merlo çykyşyndan soň sport media-forumyna gatnaşyjylary Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň işleri hakynda gürrüň berýän kitap bilen tanyşdyrdy. 1924-nji ýylda döredilen assosiasiýa häzirki wagtda 150-ä golaý ýurtlary özünde birleşdirýär. 1995-nji ýyldan AIPS-iň çözgüdine laýyklykda 2-nji iýul Sport žurnalistleriniň halkara güni hökmünde bellenilýär.

Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynda sport media-forumynyň açylyş dabarasy tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar “Aşgabat” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda işlerini dowam etdiler. Bu ýerde sport oýunlarynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli hereketleri, habar beriş möwsüminiň möhüm orny, diňe nusgawy däl-de, eýsem paralimpiýa oýunlaryny beýan etmek, sport materiallaryny meýilleşdirmek we olary ibermek ýaly mowzuklar boýunça sekiz mejlis geçirildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işleri barada öz pikirleri we işleri bilen Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň teleradio ýaýlymlar bileleşiginiň sport bölüminiň geňeşçisi Patrik Ferlong, Tokio-2020 Taslama komitetiniň kommunikasiýalar boýunça direktorynyň wezipesini ýerine etirýän Masa Takaýa, insidetzegames.biz internet neşirini esaslandyryjy we onuň redaktory Dunkan Makkeý we sport çärelerini beýan etmek ulgamyndan beýleki hünärmenler hem tanyşdyrdylar.

29-njy noýabrda Halkara sport media-forumy öz işini dowam eder. Oňa gatnaşyjylar Olimpiýa şäherjiginde gurulýan desgalar bilen ýakyndan tanşarlar, şeýle hem Aşgabadyň beýleki sport toplumlaryna baryp görerler.

Okalan sany: 662   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
29 ноября 2013

Geň zat habarymyzam ýok bu mediýa forumdan.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05668 sek. ýüklenen baýt: 40409