Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Jeýhunyň kenarynda
Ýazylan wagty: 29 ноября 2013 Ýazan NEXTTM

Jeýhunyň kenarynda

 Türkmen topragynyň ajaýyp tebigaty we amatly howa şertleri bar. Munuň özi açyk howada, uzak wagtlap sportuň dürli görnüşleri bilen erkin  meşgullanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle görnüşleriň biri-de welosiped sportydyr. Şähdaçyklyk we ruhubelentlik çeşmesi bolan sportuň bu görnüşi dürli ýaşly adamlaryň arasynda barha meşhurlyga eýe bolýar. Bu hereketiň başynda bolsa  hormatly Prezidentimiziň hut özüniň durýandygy aýratyn guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyz uly jogapkärli döwlet işiniň arasynda sport bilen meşgullanmaga-da, welosipedli ýörişe çykmaga-da wagt tapýar. Şýle ajaýyp görelde ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň arasynda gyzgyn goldawa eýe bolýar. Şol bir wagtyň özünde bu sporty ileri tutup ösdürmage  gönükdirln çözgütler hem kabul edilýär.

Lebap welaýatynda döwlet Baştutanymyzyň ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin betenterbiýäni ösdürmek boýunça öňdegoýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda netijeli we maksada okgunly işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigine  Türkmenabat şäheriniň  5-nji sport mekdebinde ýörite toparyň açylandygy, oňa başarnykly ýaşlaryň ellä golaýynyň  höwes bilen gatnaşýandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär.  Olara bu sporty ösdürmäge ähli ukyp başarnygyny bagyş edýän sport ussady Jelil Orunow  tälim berýär. Türgenleşikler özüniň gowy netijelerini berýär. Ussadyň tälim berýän türgenleriniň arasynda ýurt derejsinde geçirilen bäsleşiklerde ýeňiş gazananlary hem bar.  Olaryň biri-de şäheriň 17-nji  orta mekdebiniň okuwçysy Naryman Durdyýewdir.
       
 ¬¬¬___Gahryman  Arkadagymyzyň  welosiped sportynyň ösdürmek baradaky çözgüdini uly şatlyk bilen kabul etdik.  Biz sporty ösdürmek we gowy şertlerde türgenleşmek üçin  döredilýän mümkinçiliklerden   ýerlikli peýdalanmak bilen, ýurdumyzyň sport abraýynyň  ýokarlanmagyna özümiziň goşandymyzy goşarys     diýip, Naryman ýaş türgenleriň ählisiniň arzuw-islegini beýan edýär.
              
Welosipedli gezelenç etmek, dürli aralyklara guralýan ýörişlere gatnaşmak adamlaryň bedenine güýç-kuwwat, kalbyna bolsa joşgun berýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi  Kadyrguly Ilamanow indi köp ýyllardan bäri ynandyryjylykly subut edip gelýär. Ol  ”Türkmenistan”  ýaşlar betenterbiýe-sport guramasynyň Lebap welaýat bölümine ýolbaşçylyk etmek bilen, welosporty ösdürmäge uly goşant goşýar. Onuň ýolbaşçylygynda Serdarabat etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň binýadynda uly sport toplumy açyldy. Oňa welosiped sportuna höwesli mekdep okuwçylary giňden çkildi. Olaryň gatnaşmaklarynda dürli aralyklara ýörişler guralyp başlandy.  Ilki-ilkiler diňe etrabyň çägi bilen çäklenilen bolsa, soňy bilen ýörişleriň  çygry has giňeldi.
       
Edara- kärhanalard, okuw mekdeplerinde toparlar döredilip, olar welosipedler hem-de beýleki zerur zatlar bilen üpjün edilýär. Toparlaryň agzalary bilen türgenleşik işleri yzygiderli guralýar.a
Okalan sany: 361   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06289 sek. ýüklenen baýt: 32393