Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
MÄHIR
Ýazylan wagty: 02 декабря 2013 Ýazan Polatahmed
Ejesi bilen bile ýöräp barýan gyzjagaz birden sägindi. Ýüzünde ýagyş damjalary bulduraýan äýnejigini çykaryp, ýoluň beýleki tarapyndan, kakasy bilen bile welosipedli gidip barýan başga bir gyzjagazy esli salym synlady. Welosipeddäki gyzjagaz ýykylmajak bolup kakasyndan mäkäm ýapyşýardy. Göýä sowukdan goraýan mysaly, ýaňajyklaryny kakasynyň arkasyna ýaplapdyr. Kakasy wagtal-wagtal yzyna öwrülip oňa nämedir bir zatlar aýdýardy. Gyzjagaz bolsa heziller edip gülýärdi.
Ýoluň gyrasynda duran hälki gyzjagaz bolsa, olardan gözüni aýyrman seredýärdi. Muny aňan ejesi:
- Kakaň günde seni “Mersedesli” mekdebe alyp gidýär. Isleseň seni mekdebe welosipedli gatnadaýsyn hä? Neneň görýäň?-diýip sorady. Gyzjagaz ýaşaran gözlerini ejesinden gizläp:
- Wah, käşgä kakam şeýtsedi. Şonda menem ony mäkäm gujaklap bilerdim- diýip, jogap berdi.
Okalan sany: 377   Jogaplar: ( 3 )

Polatahmed
02 декабря 2013


Sasoltan
03 декабря 2013

Suratdaky awtor oglan Polatahmed nirden geldi. 

Polatahmed
06 декабря 2013

täze agza!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05867 sek. ýüklenen baýt: 30974