Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Kakama açyk hat
Ýazylan wagty: 02 декабря 2013 Ýazan Polatahmed
Kakama açyk hat
Ynsan balasy her ýaşda diýen ýaly kakasynyň özi baradaky pikirini, garaýşyny, özüni näderejede söýýändigini, käbir zatlary näme üçin mejbury etdirýändigini, hatda näme üçin özüne gaharlanýandygyny we igenýändigini bilmek isleýän eken. Emma, näme üçindir, kakalar ejeler ýaly duýgularyna görä hereket etmezler. Olar nagt mähir we söýgi ýerine, miwesi ilerki ýyllarda ýygyljak tohumlar eker perzentleri üçin. Perzent haçan-da şol miweleri ýygyp başlanda, irki ýyllarda özüniň kakasy baradaky jogapsyz galan sowallarynyň ençemesine jogap tapar.
Dogrusyny aýtsam, şu wagt, gürrüňe nämeden we nähili başlajagymy bilmän kösenýän. Çünki, biziň medeniýetimizde kaka bilen ogul arasyndaky gatnaşyklarda içginlik kän bir halanyp durulmaýar; kakalar we ogullar bir-birine bolan söýgüsini daşyna çykarmaýar. Geçen baýramda munuň şeýledigine ýene bir gezek göz ýetirdim. Ýaşym näçe bolsa bolsun, ejemiň ýanynda edil çaga ýaly özümi alyp baryp bilýän, onuň dyzyna başymy goýup, dertleşýän, onuň bilen degşip, çagalyk döwrümdäki garagolluklarymy gaýtalap bilýän.
Aslyýetinde, seniň hem bu zatlary halaman durmajakdygyňy göz gytagyň bilen seredişiňden we agras ýylgyryşyňa siňen çuň manydan aňýan. Ýöne, heýem beýle zat bolarmy; murty taban ýetginjek kyrkyndan geçen, saç-sakaly çalaryp ugran agras adam bilenem degşip-gülşüp bilermi? Onuň ýanynda garagolluk edip başararmy? Perzent mähri bilen ýaňagyndan öpüp bilermi? Heýem beýle zat bolup bilermi?
“Gowumyň?”, “Işleň nähili?” ýaly adaty bir-iki sowaldan soňra, gapdaldaky otaga geçip, ejem we jigilerim bilen uzaga çekýän we ýygy-ýygydan-da hakyrdyly gülki bilen arasy bölünýän gürrüňe başlaýan. Sen otaga gireniňde bolsa, birdenkä içeri suw sepilen ýaly, dym-dyrslyk bolýar, men hem derrew çynlakaý görnüşe geçýän. Wah, kakam jan! Saňa, seni hem nähili ýürekden söýýändigimi niçezar aýtmak islärdim. Emma, her gezeginde-de kaka bilen ogul arasyndaky şol hormat we sarpa kerpijinden örülen agraslyk diwaryny aşyp bilmeýän…
Seniň hem maňa bolan söýgüň, buýsanjyň nähili uludygyny guwançly bakyşlaryňdan, men ýanyňdakam başyňy has hem dikeldip, ädimleriňi has ynamly urşuňdan aňýan. Men ýanyňdakam, görnetin özgerýäň, şol pursat, megerem özüňi has kuwwatly, has merdem duýýaň. Agzyň bilen aýtmasaňam, buýsançly durşuň: “Ynha bu meniň oglum we men onuň kakasy! Onuň gazanan ähli üstünliklerinde, alan ýokary netijelerinde meniň zähmetimiň paýy bar!”
Uniwersitet giren wagtym diýsene! mähellämizde meni yzyňa tirkäp hanlar ýaly gaýşaryp ýöräpdiň. Şol gün dükançy Myratdan ussa Durdy aga çenli öňüňden çykan her kim meniň uniwersite girendigimi, ýok, ýok, Hally aganyň oglunyň talyp bolandygyny eşidipdi.
Saňa päk ýüregimden şuny aýtmak isleýän, kaka: bu güne çenli uly-kiçi käbir gazanan üstünliklerim boldy. Käbir synaglary şowly tamamlap, bäsleşiklerde hormatly orunlar, hormat hatlary aldym, ýurt derejesinde hormatlanýan adamlaryň öwgüsine mynasyp boldum. Emma, bularyň hiç biri, hawa, hiç biri seniň bir “Berekella, oglum” diýşiň ýaly meni şatlandyrmady, bagtyýar etmedi. Çünki, sen meniň kakamdyň!
Dogrusy, şol wagtlar aýdyp bilmezdim, emma, çagakam saňa juda gaharym gelerdi… Öýe ýadaw halda gelýän, gazet okaýarka jigilerim we menden goh etmezligimizi talap edýän, käte öwýän, käte-de temmi berýän geň adam. Bizi hakykatdan hem söýýärmi, ony-da biler ýaly däl. Dogrusy, wagtal-wagtal biziň bilen oýun edýär, gujagyna alyp, başymyzy sypap ogşaýar we iň möhümi-de, sowalgamyzy berýär. Emma, käte-de, gaty erbet gaharlanýar, öýe giç gelsem jeza berýär, okuwym we sapaklara ýetişigim barada ýürekgysgynç soraglar soraýar, öý işlerimi doly tamamlatmazdan ýatyrmaýar, tersine gitsem, ýençýär. Kesellän mahalym-da, ejem ýaly başujymda oturyp aglamagyň ýerine, sowukganly keşbe geçip, meni eli şprisli lukman, diş doktory ýaly “gorkunç” adamlaryň ýanyna äkidýär… Şular ýaly sebäplerden, çaga wagtym sen barada “Bu adam näme üçin beýle erbetkä?” diýip köp pikir edipdim we saňa kän gezek gaharlanypdym.
Soň-soňlar ýaşym ilerläp, aklym goýalyp ugransoň göz ýetirdim, aslynda maňa bolan söýgüň we mähriň nähili uludygyna!.. Seniň perzendiňe bolan söýgüň bakylyga uzap gidýän iň hakyky, garşylyksyz, iň arassa söýgüleriň biridigine… Maňa gaharlanmagyň hem, hakykatda, meni operasiýa eden hirurgyň mähri ýaly mähriň bir görnüşidigine…
Ýogsa-da, operasiýa diýenimde ýadyma düşdi. 12 ýaşymda wagtym operasiýa bolupdym. Şonda seniň ähli işiňi taşlap, üç günläp ýanymda bolşuňy we gerek wagty, hiç çekinmezden aşagymy arassalaýşyňy-da hiç ýadymdan çykarman, kaka jan. Şonda düşündim, seniň öý işleri bilen kän meşgullanmaýşyň, diňe, ejem bilen araňyzdaky iş paýlanyşygy sebäpli eken; gerek ýerinde, iň azyndan ejemçe, sen hem köp babatda öý hojalykçysyna mahsus bolan işleri edýän ekeniň.
Uly bir edaradan örän ýokary aýlykly iş teklibi alanyňda, şol wagtky işleýän ýeriňe bolan wepalylygyň sebäpli, ol teklibi kabul etmändigiňi eşidenimde, meniň gözümde nähili beýgelendigiňi söz bilen beýan etmek mümkin däl. Seniň we seniň işdeş ýoldaşlaryň jepakeşlikleriniň, pidagärlikleriniň miwesini bu gün dünýäniň dürli künjünde görenimde, size bolan hormatym has-da artýar.
Kaka jan, sen “Perzentlerime dünýä maly adyna hiç zat galdyryp bilemok” diýip asla gynanma. Çünki, aýlygyň az hem bolsa, maşgalamyzyň güzeranynyň has oňatlaşýandygyny we bereketiniň has artýandygyny duýýan. Bu, megerem, seniň ömrüň, iliň hyzmatyna bagyşlap, çagalaryň rysgalyny Alla ynanmagyň netijesi bolsa gerek. Rebbim, Onuň ýolunda ýöreýäni, her hereketinde Onuň razylygyny nazarda tutup, Oňa şeksiz ynanany namut goýmaýar, şeýle gulunyň islegini boş gaýtarmaýar.
“Çagalarymy terbiýelemek üçin olara temmi bermegim, gygyrmagym çagalarymyň ýüreginde nähilidir bir kine galdyran bolaýmasyn?” diýip-hä asla pikir etme. Dogrusy, çagakam öýkelän, gaharlanan wagtlarym bolupdy. Emma, ulalyp, jemgyýetçilik durmuşyna has ymykly aralaşanymda ene-atasyndan terbiýe görmedik, din we iman adyna hiç zat öwrenmedik ýalkaryň gözgyny hallaryny, hem bu günki, hem-de ertirki durmuşlaryny zäherleýişlerini görenimde, maňa seniň ogluň bolmagy nesip eden Rebbime müň kerem şükür edýän. Okuwdan soňra öý işlerimi ýazmagymy berk talap edişiň, ýalan sözüm üçin agyr temmi berşiň, kiçikäm mähellämizde ýaşaýan talyp oglanlaryň öýüne matematika we dil öwretmek üçin mejbury iberişiň ömrümiň iň süýji ýatlamalary bolup galdy. Çünki, eger men bu gün uniwersitet derwezesinden girip-çykýan bolsam, bu, seniň şol aladalaryň miwesi.
Men doglan wagtym sen ömrüniň baharynda – 25 ýaşyndaky ýigit ekeniň; men bolsa, gundagdaky bäbek. Häzir men seniň şol wagtky ýaşyňa golaýlan, bilimli we sagdyn ýetginjek; sen bolsa, kyrkdan agan, ýüzüne garrylygyň alamaty bolan gasynlar görnüp ugran uly adam. Sen uly pidagärlik we jepakeşlik bilen meni ösdürip-ulaldypsyň. Häzir, kakasynyň garşysyna giden bir adama Hz.Pygamberiň (s.a.w.) näme üçin “sen we mülküň kakaňa degişlisiňiz” diýendigine has gowy düşünýän.
Kaka jan, saňa aýtmak isleýän entek hem kän zadym bardy, emma, özüň bilýäň, her duýgyny söz bilen beýan edip bolmaýar, käbir duýgulary beýan etmek üçin söz ýetmeýär. Her näçe muny seniň ýüzüňe aýtmakdan çekinsem-de, seni örän söýýän, kaka jan. Ogluňdan razy bol we dilegleriňde ogluňy hem ýadyňdan çykarma; çünki, bir kitapda Hz. Pygamberiň (s.a.w.) “Atanyň perzendine eden dilegi boş gaýtarylmaz” diýendigini okadym.
Iň oňat dileglerim bilen,
Ogluň.
Okalan sany: 449   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
03 декабря 2013

Maşgalabaşy hasaplanýan direnjegimiz erkek kişilerimiz ownamasyn hiç-haçan.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11405 sek. ýüklenen baýt: 37384