Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
HALYPALARYŇ ESERLERINDE TÜRKMEN MILLI TOÝLARYNYŇ WASPY
Ýazylan wagty: 02 декабря 2013 Ýazan NEXTTM
HALYPALARYŇ ESERLERINDE TÜRKMEN MILLI TOÝLARYNYŇ WASPY

Berkarar döwletimiziň bagtyýar döwründe türkmen halkynyň adaty ruhy medeni-mirasy, toý-baýramlary, däp-dessurlary her bir suratkeşiň döredijiliginde aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypalary Babageldi Owganowyň, Kakageldi Gurbangeldiýewiň we beýlekileriň çeper eserleri muňa aýdyň mysaldyr. Bu suratkeşler eserlerinde toýy uludan tutýan türkmen halkynyň toý-baýramçylyklaryna goýýan aýratyn sarpalaryny wasp edýärler. Türkmenlerde durmuş toýlar aýyň, hepdäniň sähetli günlerinde bellenilip, çaga doglan gününden başlap tä kämillik ýaşyna ýetip öýlenýänçä, aýratyn hojalyk bolýança ene-atasynyň üns merkezinde bolýar. Maşgala toýlary ogul toý, diş toý, galpak toý, sünnet we durmuş toýlary aý-ýyl hasaby bilen däl-de däp boýunça amatly we keramatly hasaplanylýan sähetli günler bellenilýär.

Halypa suratkeş Baba Owganowyň türkmen toýuna bagyşlap döreden eserleriniň ählisinde milliligi, edim-gylymy, däp-dessury ussatlyk bilen görkezilýär. Halypa suratkeş Babageldi Owganowyň  döreden eserleriniň arasynda “Çelpek toýy” (1999 ý.) atly işi toý gününiň öňüsyrasynda ähli aýal-gyzlaryň üýşüp çelpek ýaýyşlaryny beýan edýär. Olaryň arkasyndaky atgulak matalaryň, gyňaçlaryň  asylan ýeri aýratyn reňkli tekizlik hökmünde öýüň içini bezeýär. Öýüň içindäki köp reňkliligine garamazdan bularyň ählisi gyzylymtyl-mele reňk sazlaşygyna tabyn edilýär. Babageldi Owganowyň “Gapy saklady” (1998 ý.), “Guşak çözdi” (2007 ý.), “Türkmen toýy” ( 2000 ý.) atly beýleki ençeme eserlerinde hem türkmenleriň ir döwürlerden şu günki-güne çenli saklanyp gelýän toý däpleriniň milli sungatymyzyň haşam dilinde çeper beýan edilişini görmek bolýar.

Adamzadyň içki ruhy dünỳäsiniň, erkanalygynyň, şatlygynyň özboluşly çeper beýanyny däp-dessurlar bilen baglanyşykda çeper beýan edýän halypa suratkeşimiziň ýene biri Kakageldi Gurbangeldiýewdir. Onuň türkmenleriň gadymdan gelỳän we häzirki güne çenli saklanyp galan toỳlaryny hem-de oba durmuşyny şekillendirỳän “Obaly çagalar” (1993 ý.), “Tomus” (1995 ý.), “Toỳa taỳỳarlyk” (2010 ý.), “Tam toỳy”  (2010 ý.) ýaly eserleri biziň her birimize öz ojagymyzyň ýylysyny, halkymyza häsiýetli duýgulary berýär. Suratkeşiň ýagly reňk bilen işlenen eserleri dürli reňkli ýumşak galamlar bilen çekilen surat ýaly kabul edilýär. Sebäbi suratkeş ýiti kaşaň reňklerden gaça durup bir-birlerine sazlaşykly hem-de asudadan çylşyrymly ýumşak öwüşginli reňk sazlaşyga ýykgyn edýär. Onuň sudurlaýyn  ýazyş usuly günbataryň orta asyryň diwar freskalaryny, kä halatda bolsa gündogaryň miniatýuralarynyň  çeperç aýratynlyklaryny ýadyňa salýar.

Halypalaryň eserlerinde milli toýlarymyzyň waspy ýetirilen temanyň halka düşnükli, hakyky durmuşy şekilleriň halk döredijiliginden gelýän haşam nakgaşçylyk teswirinde aňladylmagy has hem buýsandyrýar. Halkyň däp-dessurynyň waspy ýetirilen bu eserler kalbyňda ýaşaýşa, durmuşa ruhlandyryjy duýgulary oýarýar.

Okalan sany: 969   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06020 sek. ýüklenen baýt: 32239