Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
LUKMANÇYLYK-DURMUŞ ULGAMYNDA TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI
Ýazylan wagty: 02 декабря 2013 Ýazan NEXTTM

LUKMANÇYLYK-DURMUŞ ULGAMYNDA TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI

3-4-nji dekabrda Aşgabatda ministrler derejesindäki „Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň „Saglyk-2020“ syýasatynyň çäginde ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olar bilen göreşmegiň Ýewropa maslahaty“ geçiriler.

Garaşylyşy ýaly, bu abraýly maslahata 35-den gowrak ýurtlardan wekiliýetler, şeýle hem Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ştab-kwartirasynyň, bu guramanyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň bilermenleri, Ýewropa sebitine girýän dürli döwletleriň alymlary gatnaşyp, Saglygy goraýşyň milli ulgamlary tarapyndan toplanan iň oňat tejribä serederler, ileri tutulýan ugurlarda özara hereket etmegiň işjeňleşmesiniň usullaryny we görnüşlerini ara alyp maslahatlaşarlar, takyk çäreleri meýilleşdirerler. BSGG-niň hünärmenleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösen döwletleriň derejesine çykýan Saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan öňegidişlikleri bellemek bilen, saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamakda, şeýle hem bilelikdäki täze taslamalary goldamak işlerinde biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda taýýarlygyny tassyklaýarlar.

Öň esasy üns bejeriş ugurlaryna berilýän bolsa, häzirki wagtda Saglygy goraýşyň Ýewropa ulgamy keselleriň öňüni almaklyga gönükdirilendir. Şu maksat bilen Ýewropa ýurtlarynda çilim çekmeklige, alkogolyň ulanylyşynda, semizlige garşy çäreler, sagdyn durmuş ýörelgelerini tassyklaýan işler geçirilýär. Bilermenleriň nygtaýşy ýaly biziň ýurdumyzyň şu ugurdaky oňaýly tejribesi Ýewropa ýurtlarynda ornaşdyrylmagy üçin hem gyzyklanma döredýär.

Munuň özi Aşgabatda geçirilýän ministrler derejesindäki maslahatyň Milletiň Lideri tarapyndan geçirilýän durmuş syýasatynyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiliginde giňden wagyz etmek babatda abraýly meýdança hökmünde hem seredilmegine esaslanma berýär. Bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem raýatlaryň saglygyny goramak, olaryň ömrüni uzaltmak, şol sanda bu ugurlary ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olar bilen göreşmegiň ösen ulgamynyň kömegi bilen amala aşyrmakdyr.

15 ýyl mundan öň, 1998-nji ýylda BSGG-niň ýokary dolandyryş guramasy bolan Saglygy goraýşyň Bütindünýä Assambleýasy ýokanç däl keselleriň howpyny tassyklamak bilen, indiden beýläk olaryň öňüniň alynmasynyň we olar bilen göreşiň, töwekgelçiligiň esasy faktorlarynyň täsiriniň azalmagynyň ileri tutulýan meseleleri bolup durýandygyny äşgär etdiler. Halkara derejesinde geçiriljek duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň derwaýyslygyny göz öňünde tutmak bilen, biz okyjylary global, regional we milli derejelerde goýulan käbir möhüm strategiki meseleler we olaryň çözülişinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmaklygy maksada laýyk hasapladyk.

1-nji bölüm. Kardiologiýa we onkologiýa gulluklary: köpçülikleýin öňüni alyş, keseli ilkibaşda anyklamak, öňdebaryjy bejeriş

Dünýä lukmançylyk jemgyýetçiliginiň we halkara guramalarynyň ýokanç däl keselleri meselesine artýan ünsi ilki bilen bütin dünýäde ölümiň we ilatyň zähmete ukypsyzlygynyň esasy sebäpleri bolan ýürek-damar, howply täze döreme, öýkeniň dowamly keselleriniň we süýjüli diabet keseliniň öňüniň alnyşyna we olar bilen göreşmeklige gönükdirilendir. Köp ýurtlarda dartgynly epidemiologik ýagdaýlar diňe uly ýaşly ilatyň arasynda däl, eýsem ýetginjekleriň we hatda çagalaryň arasynda hem gan basyşynyň ýokarlanmagy bilen häsiýetlenýän keselleriň ösmegi bilen baglydyr. Ýürek-damar ulgamynyň keselleri has ýaýran kesellere degişli bolup durýar we beýleki kesellere garanda ýygy-ýygydan maýyplyga we ölüme getirýär (50%-den köp). Şunuň bilen baglylykda, kardiologiýa kömeginiň berlişiniň hilini ýokarlandyrmagyň global straregiýasyny, öňüni alyş we wagyz-nesihat çärelerini, olaryň ýurduň milli, gündelik tejribesine ornaşdyrylmagyny işläp düzmekligiň zerurlygy şübhesiz bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen we durmuşa geçirilýän „Saglyk“ Döwlet Maksatnamasy biziň ýurdumyzda köp ýyllardan bäri bu işiň guramaçylyk esasy bolup hyzmat edýär. Onda kesgitlenen toplumlaýyn çäreleriň ornaşdyrylyşynyň netijesinde Türkmenistanda soňky döwürde ýürek-damar keselleriniň san taýdan görkezijileri ep-esli azaldy.

Türkmenistanyň häzirki zaman lukmançylygynyň strategiýasy bir tarapdan sagdyn adamlaryň arasynda öňüni alyş çärelerini geçirmeklige, beýleki tarapdan bolsa näsaglary öz wagtynda ýüze çykarmaklyga we olara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermeklige gönükdirilendir. Bu meseleleriň çözülişi saglygy goraýşyň ilkinji basgançagy bolan maşgala lukmançylygyndan, sanitar – aň bilim işlerinden we lukmançylyk gözegçiliginden başlanýar.

Ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň esasy bölegini gipertoniki keselleri eýeleýär. Bu ugurda esasy üns öňüni alyş we dikeldiş işlerine berildi. Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň ylmy işgärleri we Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň degişli kafedralary tarapyndan ýokary arterial gan basyşly näsaglaryň saglygyny dikeltmek boýunça ýörite maksatnama işlenip düzüldi.

Bu maksatnamanyň esasy düzgünleriniň biri her bir anyk ýagdaýa aýrybaşga (indiwidual) çemeleşmäniň esasynda bejeriş işlerini kadalaşdyrylmasydyr, bu bolsa näsaglaryň ýatymlaýyn bejergide bolmaklygynyň wagtyny gysgaltmaklyga we dikeldiş hem goldaw bejerginiň mümkinçiliklerini has netijeli ulanmaklyga mümkinçilik berdi. Aýratyn üns näsaglara gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermegiň kämilleşdirilmegine berilýär, munda sanitar awiasiýasynyň mümkinçilikleri giňden ulanylýar. Esasy ähmiýet kardiologiýa we kardiohirurgiýa ugry boýunça saglygy goraýyş ulgamynyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň guramaçylyk – usuly üpjünçiligine, bu ugurda geçirilýän ylmy - barlag işlerine berilýär.

Her ýyl ýürek-damar keselleriniň häzirki zaman öňüniň alnyşy boýunça onlarça ylmy makalalar we monografiýalar, lukmanlara kömek hökmünde usuly gollanmalar çap edilýär. Amaly lukmançylyga tanymal dünýä işläp düzüjiler tarapyndan hödürlenen ýokary tehnologiýalardan başga-da görkezijileriň derňewi we täze bar bolan netijeleriň esasynda ýürek-damar keselleriniň bejerilişiniň täze algoritmlerini işläp düzýän türkmen alym lukmanlarynyň täze oýlap tapyşlary we teklipleri ornaşdyrylýar. Olar ýurduň ähli bejeriş – öňüni alyş edaralary boýunça çap edilýär we ýaýradylýar.

Maşgala lukmanlary, kardiologlary we „Tiz kömek“ gullugynyň hünärmenleri üçin „Ýürek-damar kesellerinde näsaglara öýde tiz lukmançylyk kömegini bermek boýunça“ usuly gözükdiriji taýýarlandy, onda gaýragoýulmasyz kömegiň öý şertlerinde we hassahana çenli bolan tapgyrda berilmeginiň ülňüleri beýan edilýär. Lukmanlara ýerlerde maslahat beriş – usuly kömegi gurnaldy, şol sanda arterial gipertoniýaly näsaglaryň irki ýüze çykarylmasy we olara gözegçiligiň güýçlendirilmesi, ýürek-damar keselleriniň öňüniň alnyşy üçin sanator-şypahana bejerişiň giňden ulanylyşy boýunça gollanmalar we başgalar tassyklanyldy.

Ýürek-damar keselli näsaglara öýde ýokary netijeli gaýragoýulmasyz kömegi bermek maksady bilen, „Tiz kömek“ gullugynyň esasynda welaýat derejesinde ýöriteleşdirilen kardiologiýa iş toparlary döredildi. Gatnawly şertlerde bejeriş – öňüni alyş kömegini bermek üçin niýetlenen lukmançylyk edaralarynda gipertoniýa keselli näsaglar üçin „Saglyk mekdepleri“ açyldy. Ýürek-damar kesellerini öz wagtynda ýüze çykarmak we anyklamak üçin hökmany suratda bejeriş – öňüni alyş edaralaryna ýüz tutan raýatlaryň, şeýle hem maşgala lukmanlarynyň öýe gelmeginde ähli maşgala agzalarynyň arterial gan basyşy ölçelýär, bu barada degişli lukmançylyk resminamalaryna ýazgylar edilýär. 35 ýaşdaky we ondan uly raýatlaryň ählisine ýylda bir gezek elektrokardiografiýa barlagy geçirilýär.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kabul edilen 2008-2010-njy ýyllara ýurtda ýürek-damar kesellerine garşy göreşiň strategiýasynyň durmuşa geçirilişindäki üstünlikli tejribe 2011-2030-njy ýyllar üçin meňzeş strategiýanynyň esasyny düzdi.

Hassahananyň kardiologiýanyň ylmy-kliniki merkezi, Halkara lukmançylyk merkezleriniň müdirligi we Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary bilen hyzmatdaşlygynda ýürek-damar keselli näsaglaryň irki döwürde ýüze çykarylmasy, alnyp barylşy we bejerilişi üçin ýeke-täk düzgünnama işlenip düzülýär, öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň ülňüleri, beýanlary we çäkleri täzeden seredilýär hem-de kämilleşdirilýär. Kardiologlaryň, kardiohirurglaryň, aritmologlaryň, rewmatologlaryň, funksional anyklaýyş lukmanlarynyň we maşgala lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 1995-nji ýyldan bäri „Kardiologiýanyň derwaýys meseleleri“ boýunça lukmanlaryň diplomdan soňky taýýarlyk okuwlary, 2007-nji ýyldan başlap „Kardiologiýa“ hünäri boýunça kliniki ordinatura, 2008-nji ýyldan bäri bolsa şu hünär boýunça aspirantura bölümi hereket edýär.

Ýürek-damar keslleriniň ýüze çykmagynyň we ösüşiniň töwekgelçilik faktory köpdür, emma olaryň esasy faktory ateroskleroz bolup durýar. Dünýäniň köp ylmy birleşmeleri ateroskleroz meselesi, ateroskleroz ekspansiýasyna garşy durmaga ukyply bolan serişdeleriň işlenip düzülmesi bilen meşgullanýarlar, bularyň köpüsi kliniki amalynda takyk ulanylýandyr. Munda gürrüň diňe sintezirlenen farmasewtiki dermanlar barada edilmeýär, ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda we bejermekde olardan derman ösümlikleriniň we dermanlarynyň ulanylyşy babatda amaly synlar hem bar. Lukmançylygyň bu ugrunyň tarapdarlary köpelýär. Bu esasan hem lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, TYA-nyň akedemigi, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ ensiklopedik eseriniň çap edilmegi bilen baglydyr. Derman ösümlikleriniň adam bedenine bolan täsiri has oňaýlydyr, näsagyň ýagdaýyna, ýaşyna we bilelikde geçýän keselleriň barlygyna baglylykda olaryň saýlanyp alynmasy we dürli utgaşmasy mümkindir. Himiki derman serişdeleriniň we fitopreparatlaryň, aýratyn hem näsagyň dikeldiş tapgyrynda rejeli ulanylyşynyň utgaşmasy netijeli bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň san taýdan köpelmesiniň sebäpleriniň biri häzirki zaman ynsanyň hereket ediş işjeňliginiň peselmesi bolup durýar. Şonuň üçin bu keselleriň öňüni almak üçin biziň ýurdumyzda bedenterbiýe sapaklary wagyz edilýär, köpçülikleýin sport çäreleri, şol sanda sport durmuş ýörelgesiniň çynlakaý tarapdary we işjeň wagyzçysy bolan Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilýär.

Diýmek, fiziki maşklar hem gipertoniki näsaglary bejermek we dikeltmek boýunça dermansyz bejerişiň usullarynyň arasynda wajyp orunlarynyň birini eýeleýär. Häzirki zaman dünýäniň has çylşyrymly lukmançylyk – durmuş meseleleriniň ýene-de biri onkologik kesellerdir. Hünärmenleriň pikirine görä, keselçiligiň ösüşi ilki bilen ýaşaýyş gurşawynyň hil taýdan üýtgemeleri, şol sanda onuň tehnogen hapalanmalary bilen şertlenen. Köp ýurtlar we bütin sebitler üçin onkologiki keselçiligiň töwekgelçilik faktorlarynyň täsirini aradan aýyrmak, onuň bu keseller zerarly ölümçiligiň we maýyplygyň derejesini peseltmek boýunça meseleler ýiti bolmagynda galýar.

Soňky onýyllykda Türkmenistanda onkologiýanyň ösüşi täze döremeleriň irki anyklanylyşy we netijeli bejergisi ýaly meseleleriň çözülmegine ep-esli itergi berdi, bu bolsa täze döremeleriň ýerleşýän ýerleriniň hatarynda ölümçiligi peseltmeklige we näsaglaryň ömrüni uzaltmaklyga mümkinçilik berdi. Täze döreme keseline garşy göreşiň yzygider düzülen ulgamynyň özenine howply täze döreme keseliniň öňüni almak we keseliň sebäpleriniň derňew babatdaky pikirler goýlan. Onkopatologiýalaryň anyklanyşyndaky we bejergisindäki üstünlikleri köp ýagdaýlarda ilkinji basgançagyň degişli taýýarlygyny üpjün edýär, onuň orny keseliň irki anyklanyşynda we öňüniň alnyşynda ýokarlanýar.

Biziň ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň ýolbaşçylygynda howply täze döreme keseline garşy göreşe Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde (OYKM), welaýat, şäher we etrap derejesindäki onkologiýa edaralarynda alnyp barylýar. Bu gulluga dört sany welaýat onkologiki hassahanalary (Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary), Türkmenbaşy şäheriniň köpugurly hassahanasynyň onkologiýa bölümi, 78 onkologiki we 97 barlag otaglary girýär.

Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi öz ugry boýunça baş edarasy bolmak bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralaryna howply täze döreme keseline garşy soraglar boýunça maslahat we amaly kömegini berýär, şeýle hem onkologiki edaralaryna guramaçylyk-usuly kömegini berýär. Şu döwürde OYKM häzirki zaman maddy-tehniki we ylmy işgär binýadyny özünde jemleýär, bu bolsa nazary we amaly onkologiýanyň soraglary boýunça ylmy barlaglary ýokary derejede alyp barmaga ýardam berýär, şeýle hem saglygy goraýyş edaralaryna howply täze döremeleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejermekde netijeli kömegi amala aşyrýar. 2009-njy ýylyň 21-nji iýulynda, „Saglyk“ Döwlet maksatnamasynyň kabul edilen gününde, ýurdumyzyň onkologiýa gullugynyň taryhynda möhüm waka bolup geçdi, ol öňdebaryjy lukmançylyk tehnikasy we enjamlary bilen abzallaşdyrylan täze Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binasynyň açylyş dabarasydyr. Şol gün bu ýerde ilkinji operasiýany Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üstünlikli geçirdi.

Türkmenistanyň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi onkologiýa ugry boýunça baş edarasy bolmak bilen ýurdumyzda, welaýatlarda, şäherlerde we etraplarda hereket edýän onkologiki kömeginiň ýagdaýyny seljerýär, onuň gowulanmagy boýunça teklipleri işläp düzýär, kabul edilen çözgütleriň we 2011-2013-nji ýyllar üçin milli onkologiýa gullugyny ösdürmek strategiýasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.

Meselem, onkologiýa näsaglaryny üpjünçilik edýän Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş edaralaryna Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň tejribeli hünärmenleri berkidilen, olar her aýyň kesgitlenen bir gününde näsaglary kabul edýärler, işgärler bilen maslahatlar geçirýärler. Ahal welaýatynyň her şäherine we etrapyna gözegçi hökmünde iki tejribeli hünärmen berkidilen, olar aýda bir gezek bir - iki günlük ýerlere baryp, guramaçylyk-usuly we maslahat beriş-amaly kömegini amala aşyrýarlar. Onkologiýa hassahanalary bolan welaýatlarda (Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary) gözegçiler wezipesini ýokarda agzalan edaralaryň kliniki bölümleriniň müdirleri ýerine ýetirýärler. Mundan başga-da ýylyň dowamynda her welaýata Türkmenistanyň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hünärmenleriniň toparlary yzygider barýarlar, olar welaýat onkologiki hassahanalarynda görkezme operasiýalary geçirýärler, näsaglary kabul edýärler we bejerýärler, umumy bejeriş ulgamyň lukmanlary üçin okuw-seminarlary gurnaýarlar we beýanlar bilen çykyş edýärler.

Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýylda iki gezek ýurdumyzyň onkologlarynyň iş maslahatlary geçirilýär, onda onkologiki gullugynyň ýagdaýyna, ilata gerek bolan kömeginiň gurnalyş derejesine baha berýärler we ýerlerde işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça anyk çözgütleri kabul edýärler.

Häzirki döwürde Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde 20-den gowrak bölümler we laboratoriýalar işleýär, şolaryň sanyna rentgen we funksional anyklaýyş, şöhle terapiýasy, süýt mäzleriniň täze döremeleri we torokal hirurgiýa, çaga onkologiýasy girýär. Bu ýerde statistika bölümi we gan banky açyldy.

Howply täze döremeleriň öňüni alyş ylmy-kliniki bölümiň işgärleri köpçülikleýin maglumat serişdeleriniň üsti bilen wagyz-nesihat işlerini giňden alyp barýarlar, bukletleri we kitapçalary işläp düzýärler, edaralaryň we guramalaryň işgärleriniň öňüni alyş barlaglaryny gurnaýarlar. Barlaghanalarda iň täze häzirki zaman enjamlaryň kömegi bilen geçirilýän barlaglar bolsa diňe bir keseliň ilkinji tapgyrlarynda kesel kesgitlemesini goýmaklykda kömek bermän, eýsem bejerginiň dinamikasyny gözegçilikde saklamaklyga, onuň netijeliligine baha bermeklige, ylmy işleri alyp barmaklyga kömek edýär.

Ylmy-barlag işleri Merkeziň ähli bölümlerinde işjeň alnyp barylýar, Merkeziň işgärleri resmi patentleşdirilen oýlap tapyşlaryň, doktorlyk dissertasiýalaryň awtorlary bolup, şeýle hem beden agzalaryny saklamak, dikeldiş-plastiki operasiýalaryň täze görnüşlerini amalyýete girizmeklikde ýardam beriji hökmünde çykyş edýärler. Bu ýerde diňe bir howply täze döremeler barada gürrüň edilmeýär, muňa başga hem keseller girýär, şol sanda sowuklama keselleri, artritler, nerw sütünleriniň sowuklamasy, ýanyklar we ýanykdan soňky yzlar we ş.m.hem girýär

Reanimasion-operasiýa bölümi iň täze enjamlar we lukmançylyk tehnikasy bilen üpjün edilen, olar dürli ýaşly näsaglarda, bir ýaşly çagalardan başlap, reanimasion-anesteziologiki çärelerini geçirmeklige ýardam berýär. Dört sany operasion otaglar operasiýadan soňky gaýraüzülmeleriň derejesini peseltmeklige ýardam berýän iň täze usullary we çemeleşmeleri ulanmak bilen uly we giň, mikrohirurgiki operasiýalary geçirmeklige niýetlenen.

Howply çişler ýüze çykarylanda öňüni alyş barlaglaryň orny uludyr. Meselem, bu ulgamlaýyn işiň çäklerinde 20-65 ýaşly aýallaryň maksatlaýyn öňüni alyş barlaglary yzygider geçirilýär. 2013-nji ýylynyň 1-nji noýabryndan ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we etraplarynda 30-69 ýaşly aýallaryň reproduktiw agzalarynyň howply täze döremeleri ýüze çykarmak boýunça öňüni alyş barlaglary geçirilip başlandy. Howp faktorlary bolan önümçilik kärhanalaryň işgärlerine has ýokary üns berilýär.

Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde enjamlaşdyrylan iň täze apparat-programmalaýyn toplumlar keseli anyklamaklykda we bejermeklikde täsirini ýokarlandyrmagyna we kabul edilýän raýatlaryň sanynyň ep-esli köpelmegine ýardam berer, şeýle hem barlag işlerini işjeňleşdirmekde, onuň täze görnüşlerini-immunobiohimiki, immunositogistohimiki, onkomarkerleri anyklamakda we ş.m. öwrenip ulanmaklyga ýardam berer. Soňky üç ýylyň dowamynda Merkeziň işgärleri tarapyndan oýlap tapyşlyklara 4 sany awtorlyk şahadatnamasy, ýene-de 16 sany täze işläp taýýarlamalar işler bellige almaklyga hödürlendi. Barlaglaryň umumylaşdyrylan netijeleriniň esasynda ilata onkologiki kömegi bermekligiň guramasynda esaslandyrylan korreksiýa geçirildi, bu bolsa irki anyklaýyşyň görkezijilerini gowulandyrmaga, onkologiki patologiýanyň beterleşen derejesini peseltmäge ýardam berýär we bu ýagdaýlaryň utgaşanda onkologiki näsaglaryň ömrüniň uzalmagyna kömek eder.

2006-njy ýyl bilen deňeşdirilende mammografiýalaryň sany 50 gezek, flýurografiýalaryň sany 122 % ýokarlandy. 2009-njy ýylda, Merkeziň täze binasy açylandan soň, kompýuter-tomografiki barlaglar geçirilip başlandy we 2009-njy ýyla garanyňda 2012-nji ýylda kompýuter tomografiýlaryň sany 10,4 esse, magnit-rezonans tomografiýa bolsa 60 esse köpeldi. Soňky 7 ýylyň (2006-2012ýý.) içinde ultrases barlaglaryň sany 2 esseden hem gowrak ýokarlandy.

Endoskopiýa, reanimasion-operasiýa, gematologiýa bölümleriniň, umumy onkologiýa bölüminiň we patomorfologiki laboratoriýanyň maddy-tehniki binýadyny berkitmeklik göz öňünde tutulýar, şeýle hem umumy onkologiýa bölüminiň binýadynda iki bölüm - umumy onkologiýa we abdominal onkologiýa bölümlerini açmaklyk göz öňünde tutulýar.

Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary we Aşgabat şäheriniň lukmançylyk orta mekdebiniň okuwçylary üçin okuw we onümçilik binýady bolup hyzmat edýär. Diplomdan soňky okuwyň çäklerinde bu ýerde onkologiki edaralarynyň iş ýerinde hünärmenlerini we saglygy goraýyş edaralaryna gerek bolan başga hünärleri hem taýýarlaýarlar. Esasan, onkologlar, radiologlar, onkolog-hirurg, onkolog-ginekolog, sitologiýa lukmany, patomorfologiýa lukmany, lukman-laborantlar, usulçy we statistik lukmanlary, şeýle hem barlag otaglarynyň akuşerleri we laborantlary we başga käbir ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýarlar. Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binýadynda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasy ýerleşýär.

Häzirki tapgyrda gullugyň esasy maksady bir ýörelgeli we ülňüli guramaçylyk usulyýetli ýöriteleşdirilen kömegiň dolanyşyk ulgamynyň döredilmegi bolup durýar, deň işjeň we gowy enjamlaşdyrylan lukmançylyk edaralary bilen üpjün edilen, olaryň ýerleşişi boýunça paýtagtdamy ýa-da welaýatlarda bolandygyna garamazdan, innowasion derman serişdeleriniň we lukmançylyk kömeginiň ýokary tehnologiýaly görnüşleriniň elýeterliliginiň ýokarlanmagyny üpjün etmekdir.

Gelejekde gullugyň ösmegi üçin welaýat onkologiki hassahanalaryň täze binalarynyň, onkogematologiýa we gan keselleri Merkeziniň, şeýle hem Radiologiki Merkeziň gurulmagy we olaryň enjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we ony onkologiýa gullugynyň amalyna girizmek üçin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň görnüşleri we takyk ýollary bellenildi.
Okalan sany: 1562   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05629 sek. ýüklenen baýt: 54034