Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
GOŇŞOKARA BAÝRAMÇYLYGY TÜRKMEN HALKYNYŇ MÄHIRLILIGINIŇ, MYHMANSÖÝERLIGINIŇ WE JEBISLIGINIŇ NYŞANYDYR
Ýazylan wagty: 02 декабря 2013 Ýazan NEXTTM

GOŇŞOKARA BAÝRAMÇYLYGY TÜRKMEN HALKYNYŇ MÄHIRLILIGINIŇ, MYHMANSÖÝERLIGINIŇ WE JEBISLIGINIŇ NYŞANYDYR

Aşgabat, 1-nji dekabr /TDH/. Şu gün bütin ýurdumyzda her ýyl dekabr aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýän ählihalk Goňşokara baýramçylygy mynasybetli dabaralar giňden bellenip geçildi.

Aşgabadyň günbatar böleginde paýtagtymyzyň etrabynyň we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäkleriniň kesişýän ýerindäki estakada köprüsinde ajaýyp dabaralar we halk gezelençleri ýaýbaňlandy. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda uly ýaşly nesilleriň wekilleri we olaryň çagalary hem-de agtyklary, medeniýet we sungat işgärleri, ýaşlar bar. Olar dabaraly ýagdaýda birek-birek bilen salamlaşyp, gadymy türkmen däbi boýunça duz-çörek alyşdylar. Birek-birege milli tagamlary, süýji önümleri we miweleri hödür etdiler. Meşhur estrada we halk aýdymçylarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň, paýtagtymyzyň we welaýatyň halk döredijiligi we tans toparlarynyň gatnaşmagy bilen gurnalan sahnada bolan konsertler baýramçylyga aýdyň öwüşgin goşdy.

Bu ajaýyp baýramçylyk däp boýunça halkyň medeniýetiniň, gadymy däpleriň çuňňur ähmiýetini beýan edip, hoşniýetlilik, parahatçylyk we şatlyk ýagdaýynda geçýär, türkmenler olara aýawly çemeleşmegi asyrlaryň jümmüşinden alyp geldiler we häzirki eýýamda saklap galdylar.

Taryhymyzyň we medeniýetimiziň baýlygy, milli däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz türkmenistanlylaryň aýratyn buýsanjy bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanda Goňşokara baýramçylygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milletimiziň ak ýürekliliginiň, agzybirliginiň we jebisliginiň ýene-de bir aýdyň nyşany bolup, türkmen myhmansöýerliliginiň aryrlardan bäri gelýän däplerine sarpa goýmak hökmünde uly gerim bilen geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, gadymy türkmen dessury bolan “goňşy okara” ählihalk baýramçylygynyň esasyny düzýär, şoňa laýyklykda her bir adam gündelik durmuşynda mümkinçilige görä, ýakyn goňşulary bilen duz-çörek alyşýar. Bu ýörelge özara hormat goýmakda, göwnaçyklykda, dostlukda, ahlak we maddy taýdan goldamakda beýan edilýän belent ynsan gatnaşyklarynyň köpasyrlyk däplerini özünde jemleýär. “Goňşy okara” däbi türkmenleriň edim-gylymynyň kadasyna öwrülip, biziň jemgyýetimiziň jebisleşmeginiň uly mümkinçiliklerini özünde jemleýär.

“Goňşy okara” däbi häzirki zaman türkmen jemgyýetinde mynasyp dowam etdirilýär we häzirki wagtda hem türkmenler islendik tagamy taýýarlan mahaly olaryň duz-çörege baý öýlerine hökman myhmanlaryň we goňşularyň geljekdigini nazara alýarlar. Olara “myhman we goňşy paýy” diýlip atlandyrylýan tagamly naharyň paýy degişlidir.

Häzirki wagtda hoşniýetli, ajaýyp we dabaraly baýramçylyk bolan Goňşokara baýramçylygy diňe bir goňşularyň arasynda däl, eýsem, dünýäniň döwletleriniň halklarynyň arasynda dostluk we parahatçylyksöýüjilik gatnaşyklarynyň gymmatyny aňladyp, täze mazmuna eýe boldy. Şu gün ýurdumyzyň welaýatlarynyň ilatly nokatlarynyň ýaşaýjylary birek-biregiňkä myhmançylyga gelýärler, ýurdumyz daşary döwletlerden hem myhmanlary kabul edýär.

Ählihalk baýramçylygy häzirki wagtda täzelenen ýörelgelerde ösýär hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan “açyk gapylar” daşary syýasat strategiýasynda aýdyň we yzygiderli durmuşa geçirilýär, dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak taglymlary onuň esasyny düzýär.

Häzirki eýýamda hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri dünýäniň ähli döwletleri bilen dostluk gatnaşyklarynda we netijeli hyzmatdaşlygynda hem öz beýanyny tapdy, ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda şol ýörelgeler boýunça ýaşadylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan parahatçylygy üpjün ediji merkeze öwrülip, ägirt uly halkara abraýyna eýe boldy. Paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýadaky edarasy bolan BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi üstünlikli işleýär.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda bellenilýän Goňşokara baýramçylygynyň hut öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça türkmen wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka etraplarynyň ilatyna uly ynsenperwerlik kömek ýüküniň eltendigi aýratyn many-mazmuna eýedir, ol dürli görnüşli harytlary we önümleri özünde jemledi. Bu hoşniýetli erk-isleg bildirilmegi Türkmenistanyň öz içeri we daşary syýasatynda ynsanperwerlik gymmatlyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny, şeýle hem parahat durmuşy gurýan we geljekki durnukly ösüşiň esaslaryny ýola goýýan doganlyk owgan halky bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge çalyşmagyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatlarynyň wise-başlyklygyna ençeme gezek saýlanmagy hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugrunyň ählumumy derejede ykrar edilmegine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu halkara guramasynyň belent münberinden türkmen döwletiniň Baştutany dünýäniň ähli halklarynyň eşretini, ählumumy we parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagy, şeýle hem özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýän täze oňyn başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

Şu gün Türkmenistanyň döwlet sirkinde hem şadyýan baýramçylyk ýagdaýyna beslenen dabaralar bolup geçdi. Sungatyň bu görnüşiniň dürli ugurlarynda çykyş eden sirk artistleriniň özüne çekiji çykyşlary köp sanly tomaşaçylaryň haýran galmagyny we şatlyga beslenmegini döretdi, olaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Umumymilli baýramçylyk dabarasynyň hormatyna ýurdumyzyň welaýatlarynyň baýramçylyk keşbinde bezelen meýdançalarynda medeniýet sungat ussatlarynyň we ýaş döredijilik toparlarynyň – aýdym-saz, tans, halk döredijiligi, teatr toparlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp çykyşlar boldy.
Okalan sany: 2054   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
02 декабря 2013

Goňşokara baýramçylygy ýurdumyzda giňden bellenilip geçildi.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05728 sek. ýüklenen baýt: 36365