Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
TÜRKMEN TAEKWONDOÇYSYNYŇ IKI SANY ALTYN MEDALY
Ýazylan wagty: 02 декабря 2013 Ýazan NEXTTM

TÜRKMEN TAEKWONDOÇYSYNYŇ IKI SANY ALTYN MEDALY

Minsk, 1-nji dekabr /TDH/. Şu gün Minskide tamamlanan taekwondo /ITF/ boýunça Belarusuň açyk Kubogy ugrundaky ýaryşda aşgabatly Gaýgysyz Atabaýew goşa ýeňiş gazandy. 57 kilograma çenli agram derejesinde şahsy tutluşyklarda hem-de “tuli” şahsy görkezme çykyşlarda watandaşymyza taý tapylmady—netijede iki sany altyn medal! Ýene-de bir baýragy--bürünç medaly Türkmenistanyň sport gazananlarynyň üstüne Orazmyrat Çaryýew goşdy. Ol ýetginjekleriň arasynda 57 kilograma çenli agramda geçirilen şahsy tutluşyklarda baýrakly orna eýe boldy.

Ýaryşlar “Minsk Arena” sport toplumynda geçirildi. Bu ýere Russiýadan, Ukrainadan, Latwiýadan, Estoniýadan, Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan taekwondo eýerijileriň birnäçe ýüzlerçesi ýygnandy. Örän ýiti çekeleşikli göreşleriň bolandygyna garamazdan, ildeşimiz—Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, halkara derejeli sport ussady, gara guşagyň /I dan/ eýesi G.Atabaýew ajaýyp netije görkezip, özüniň meşhur garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy. “Tuli” boýunça ýaryşyň jemleýji tapgyrynda watandaşymyz russiýaly türgenden üstün çykdy, şahsy tutluşyklaryň aýgytlaýjy göreşinde bolsa ýaryşyň ýer eýeleriniň wekilinden rüstem geldi.

Gaýgysyzyň halkara sport derejesindäki ýeňişleri indi adaty däbe öwrüldi. G. Atabaýew geçen aýyň başynda Buharada /Özbegistan/ geçirilen Orta Aziýanyň açyk Kubogy ugrundaky ýaryşda hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna üç gezek çykdy: türkmenistanly türgen Minskde bolşy ýaly, şahsy tutluşyklarda-da, şahsy görkezme çykyşlarda-da, mundan başga-da, toparlaýyn ýaryşlarda-da altyn medallary gazandy. Gaýgysyz Atabaýewiň gazananlarynyň hatarynda 2010-njy ýylyň dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň bardygyny hem aýdyp geçmek gerek.

Aşgabada gelmegi bilen Belarusuň açyk Kubogynyň ýeňijisine milli sport ýaryşlarynda-da öz ussatlygyny görkezmek garaşýar.Şu aýyň ilkinji ongünlüginde Aşgabatda taekwondo /ITF/ boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçiriler. Oňa gatnaşmaga ýurdumyzyň ähli sebitlerinden başa-baş söweşiň bu görnüşine iň oňat eýerijiler ýygnanarlar.

Okalan sany: 805   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
02 декабря 2013


Siz giňişleýin gowy ýazypsyňyz.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05645 sek. ýüklenen baýt: 31972