Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Hoş habar
Ýazylan wagty: 03 декабря 2013 Ýazan Sasoltan

Çehiýa döwletinden ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Ol ýerde adaty karate boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Bu halkara bäsleşige dünýäniň 44 döwletinden müňden gowrak türgen gatnaşdy. Bu ýaryşa Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan türgenleriň10-sy  gatnaşdy. Mary welaýatynyň karateçi türgeni Arslan Ataýew şahsy tutluşykda ýaş aýratynlygy boýunça birinji ýeri eýeledi we ýaryşyň altyn medalyna mynasyp boldy. Ýeri gelende bellesek bu türgen sportuň bu görnüşi boýunça dünýäniň ikinji gezek çempiony boldy. Türkmenistanyň Milli Sport we Syýahatçylyk institutynyň talyplary Diýar Hojaýew, Rüstem Annaýew, Gurbanmyrat Gylyjow we Begmyrat Jepbarow dagylar toparlaýyn tutluşykda ikinji ýere mynasyp boldular. Diýar Hojaýew karateniň şahsy kata görnüşi boýunça üçünji, Mary welaýatynyň türgeni Kakageldi Meredow bolsa, karateniň şahsy tutluşyk görnüşi boýunça üçünji orny eýeledi. Şeýlelikde türkmen türgenleri jemi bir altyn, toparlaýyn tutluşykda bir kümüş, iki bürünç medal gazanyp ýurdumyzyň türgenleriniň halkara derejesinde gazanýan ýeňişleriniň üstüni ýetirdiler.                   


Okalan sany: 348   Jogaplar: ( 2 )

Sasoltan
03 декабря 2013


BEREKELLA !

NEXTTM
04 декабря 2013

sag bol,♥♥♥♥♥, tvrkmen yigitlerimiz tvweleme sportun durli gornvshlerinden gatnashyp yashlaryn geljekde sporta bolan soygusini hasda artdyryarlaryahoo


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11825 sek. ýüklenen baýt: 30804