Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Gysga wagtda awtoulaglar köpelermi ýa-da telekeçiler ...
Ýazylan wagty: 11 января 2013 Ýazan NEXTTM
ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň "Kalverton Executive Airpark" aeroportyna ýakynda bolan "Sendi" diýip atlandyrylan tüweleý netijesinde tebigy hadysalara uçran, siliň  aşagynda galan onlarça müň awtoulary daşaýarlar. Olaryň ählisi häzirki wagtda "Insurance Auto Auctions" kompaniýasyna degişli bolup, olary auksiona çykarmak arkaly satmakçy bolýarlar. Gepiň tümmek ýeri, bu kompaniýa şeýle usullar bilen daşary ýurtda öndürilen awtoulaglaryň birnäçesini GDA döwletlerine zawoddan ýörite çykarylan awtoulaglaryň bahasyndan ep-esli arzan bahadan satmakçy bolýar. Ähli nýu-ýorkly awtoulaglar gysga wagtda şu ýerik ýygnalmaly we şu ýarym ýylyň dowamynda ýurt daşyna çykarylyp satylmaly.

Häzirlikçe bu awtoulaglar aeroportda durmak üçin "Insurance Auto Auctions" kompaniýasy tarapyndan 3 million amerikan dollary mukdarda çykdajy edilen. Emma nýu-ýorklylaryň 200 müňden gowrak awtoulagy "Sendi" tüweleýi netijesinde tebigy hadysalara uçrapdyr, ýagny pul görnüşinde hasaplanylanda 63 mld. dollara barabardyr.

Suratlarda has takygy 230 müňden gowrak tebigy heläkçilige uçran awtoulaglaryň Kalwerton aeroportynda ýerleşdirilen bir bölegi, ýagny hatarlara düzülen 15 müňe golaý awtoulaglardyr.

Şonuň üçinem geljekki aýlarda daşary ýurtlardan (ýa-da aralykçy döwletlerden) geljek awtoulaglaryň sany köp, daşky görnüşi hem öndürilen ýyllary täze bolup, bahalary hem arzan bolmagy ahmal diýip çaklanylýar. Esasanam bu awtoulaglarda bolup biläýjek kemçilikler, ýagny birinjiden gyş paslynyň bolmagy bilen olaryň içki salonynyň çygly bolmagy, ikinjiden elektrik işleri boýunça näsazlyklar ýüze çykmagy ýaly (klimat kontroly işlemeýän ýa-da çalşylan bolmagy mümkin) we ş. m. agzalan.

Şu ýagdaýdan peýdalanyp, maşyn söwdasyny edýän telekeçilerimiz üçin ýenede bir amatly pursat döredimikä diýmek bilen NextTM-daşlaryň dykgatyna ýetirýärin.

ABŞ. Nýu-Ýork ştaty. "Kalverton Executive Airpark" aeroportynyň umumy görnüşi.

"Sendi" tüweleýi netijesinde tebigy hadysalara uçran awtoulaglardan ybarat hatarlar.

Ulag daşaýjy treýlerler daşaýan awtoulaglarynyň täze ýygyndysyny aeroportyň boş ýerlerine ýerleşdirýärler.

Boş ýerler yzygiderlikde doldurylýarlar.

Tebigy hadysalara uçran awtoulaglaryň duralgasy.
Okalan sany: 6219   Jogaplar: ( 1 )

marala
10 апреля 2013

bu maşynlaryň geçmese gerek indi turkmenistan bular ýaly musyr suwda galan maşyn alyp münmez täze 5 ýyl bolan maşynlary alyp getirip sürerler bu biziň üçin ösüşleriň alamaty. sag bol awtor öň görmändim


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05107 sek. ýüklenen baýt: 32356