Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
* * * Dost * * *
Ýazylan wagty: 07 декабря 2013 Ýazan Marala
* * * Dost * * *

Dostum mahal-mahal ýanyma gelýär,
Gürleşýäs. Gülüşýäs. Işlerimiz düz.
Ol mensiz ýeke gün oñup bilmeýär.
Men bolsa onsuz.

Meniñ ähli syrym dostuma aýan.
Olam syryn gizläp, aldanok meni.
Ol meni özümden onat tanaýar.
Men bolsa ony.

Aýrylşýas, «Hat ýazyp duraryn hökman!»
Oña wada berýän. Ol bolsa maña.
Soñ ol maña ýazyp durmaz beýle kän.
Men bolsa oña.

Emma günleñ biri, bilip bilmeýän,
Bu uly durmuşda bolsa maña kyn,
Ol meñ üçin başyn goýar bigüman.
A men oñ üçin.

Ol maña elmydam düşüner dogry,
Kemçiligim bilen dogramaz meni,
Ýalnyşsam darar-da goýbär dogumly.
Men bolsa ony.

Ine güýz. Ol güýz deý paýhasly barýar.
Wepalydyr. Dök ýürekde baryny. Hawa.
Meniñ şeýleräjik dostum bar!
A sizde barmy?


Okalan sany: 754   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
07 декабря 2013

Ajaýyp goşgy


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07479 sek. ýüklenen baýt: 31120