Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Dostluk gatnaşyklary
Ýazylan wagty: 07 декабря 2013 Ýazan NEXTTM
Dostluk gatnaşyklary

Türkmen halkynyň özbek halky bilen dostlukly gatnaşyklary uzakdan gelýär. Türkmeniň görnükli wekilleriniň özbekleriň ýurdunda okamagy asyrlaryň jümmüşinde başlanypdyr. Akyldar atamyz Magtymgulynyň „Hoş gal gözel Şirgazy“ diýen goşgusy, onuň öz okan mekany, Hywanyň iň uly ylym mekdebine bolan söýgüsiniň, ylym beren dini adamlara hormatyny wasp edýär. 
Mekan eýläp, üç ýyl iýdim duzuňy,
Gider boldum, hoş gal Şirgazy!
Ötürdim gyşyňy nowruz ýazyňy,
Gider boldum, hoş gal gözel Şirgazy!
Diňe bir Magtymguly däl, özbek halkynyň duzuny iýen türkmenler gaty köpdir. Türkmen-özbek medeni gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, onuň taryhyna uzakdan gelýändigine göz ýetirýärisiň. Özbek sahnasynda B. Kerbabaýewiň „Magtymguly “ dramasynyň goýulmagy, oňa ussat režissor Rozak Hamraýewiň zähmet siňdirmegi, Daşkentiň „Muhymy“adyndaky sazly drama teatrynda uly üstünlik getirdi. Özbek filmlerinde türkmen artistleriniň uly toparlary çykyş etdi. Baba Annanow, Artyk jallyýew, dagy „Özbekfilm“ kinostudiýasynyň ençeme gezek surata düşdiler.
Özbek dramaturyklarynyň eserleriniň türkmen sahnasynda goýulmagy hem bu iki halkyň dosluk gatnaşygyny has berkitdi. „Baý hem batrak“, „Maýsaranyň mekirligi“, „Agyrly düýşler“, „Gabyrdan çykan ses“, „Enejanlarym“, „Men aýtdym diýmäweri“, „Giýewiň amanat puly“, „Perhana“, „Daýy ýegenler“ ýaly eserler muňa şaýatlyk edýär. Özbek dilinden terjime edilen „Gelinleriň gozgalaňy“, „Giýewleriň bäsleşigi“ ýaly oýunlar bolsa indi 20-30 ýyl bäri türkmen tomaşaçylarynyň göwnüni awlap gelýär.
Indi bolsa bşada agzap geçişimiz ýaly, Daşgentde, özbek topragynda okap, bilim alan döredijilik işgärlerimiz barada gysgajyk agzap geçmekçi.
Öňi bilen režissorlar barada. Atly artistimiz Aman Gulmammedow Daşkentiň teatral-çeperçilik inistitutyny tamamlady. Onuň Hydyr Derýaýewiň  „Ykbal“ romany boýunça goýan  „Adybir“ spektakly uly üstünlik gazanypdy. Tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine eýe bolan „Yşk mülkiniň şasy“, „Gang gyzy“ ýaly oýunlaryň režissory. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Çary Myradow hem şol institudyň režissorlyk bölümini tamamlapdy.
Türkmenistanyň halk artistleri Durdymämmet Öräýew, Baýram Seýdyllaýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aman Kömekow, režissorlar Öwülýaguly Kulyýew, Halmyrat Gylyçdurdyýew, Annadurdy Annagylyjow, Türkmenistanyň , sungatda at gazanan işgäri Gurban Hatjyýew dagy hem şol institudyň uçurymydyr. 
Kompazitorlar Weli Ahmedow, Nury Muhadow, Baýram Hudaýnazarow, Baýramdurdy Hudaýgulyýew, Rejep Gutlyýew, Durdy Nuryýew, Gurban Kulyýew, Mälik Mämmedow dagy bolsa Daşkent kanserwatoriýasyny tamamlapdylar.
Sungaty öwreniji Sähet Öwezberdiýew, Teatry öwrenijiler Çary Gullaýew, Serdar Nepesow, Geldimyrat Mommadow, suratkeşler Mäterguly Öwezberdiýew.
Teatr hudožnikleri Annadurdy Almämmedow, Baýram Gulmammedow, Daňatar Çaryýew dagy hem teatr-çeperçilik institutynda okadylar.
Türkem artisleriniň ilkinji bolup Daşkent teatr institutyny 1956-njy ýylda tamamlanlaryň arasynda Türkmenistanyň halk artistleri Akmyrat Hümmedow, Artyk Jallyýew, mugallymçylyk kärine baş goşan Öwezdurdy Garaýew, Illi Poladow dagy hem bar.
Baba Annanow, Orazdurdy Hojaýew, Kadyr Rahymow, Çaryýar Annagurbanow, Hezret Öwezow, Atabaý Allanazarow dagylar olaryň yzysüre okuwyny tamamladylar.
1960-njy ýylda şol okuw jaýyny tamamlanlaryň arasynda Oraz Çerkezow, Ataguly Abdyýew, Keýik Penjiýewa, Seýitmyrat Altyýew, Hally Seýidow, Annam Gurbanow, Myrat Berdiýew we ençeme artistlerimiz Daşkentde okapdylar.

Şu günki gün bu iki doganlyk halkynyň dostluk gatnaşygy barha osýär. Türkmen halkynyň özbek medeni gatnaşyklaryny barha giň gerim alýar. Onuň hasam ösjekdigine biz guwanýarys.

Hudaýberdi Bäşimow      
                                        Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

Okalan sany: 1822   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09761 sek. ýüklenen baýt: 34379