Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Diňe NextTM saýtynda
Ýazylan wagty: 08 декабря 2013 Ýazan Sasoltan

Sport täleýnamasy


Hamal – (21.03-20.04). Sportuň ähli görnüşinde oňat hüjüm ediji. Kapitan bolmasada, topary öz yzy bilen alyp gidip bilýär. Ylgawly ýaryşlara gatnaşanda yzyna seretmeýär. Zeruram däl! Eşiginde gyzyl, gara reňkler, kiçi saç ( sary reňk bolsa hem bolar) ýeňşe ymtylmaga kömek eder. Onuň toparynda gysga, güýçli şygar, goldaw berýän adamlar bolsa ýeňiş gazanmaga has-da uly maý bolar. Uşuda ( “gaplaň”, “drakon” görnüşlerde) ýeňiş gazanmaga uly mümkiinçilik bar, ýöne özüniň görejini goramaly.


Sowur – (21.04-21.05) Güýç we sabyrlylyk oňa sportuň ähli görnüşlerinde ýeňiş gazanmaga mümkinçilik berýär, esasan-da gaýykda ýüzmek we uzak aralyklara ýaryşmak görnüşlerinde. Tennis, gaýyk, suw, dag. Myşsalarynyň ulalmagyna kömek edýär, emma özüňe köp agram salmaly däl. Siziň şonda-da sport formaňyz oňat. Sport bilen meşgullanaňyzda aýdym diňlemek size gowy täsir eder. Reňkiňiz ýaşyl,sary,gyrmyzy, goýy sary, asman gök. Ýaryşyň başynda we startda haýal hereket edýär, şonuň üçin ýaryşa taýynlananda çalasyn hereket etmeli däl.


Ekizekler (22.05-21.06) Türgenleşigiň  dürli görnüşleri olar gowy bolar. Täsiri güýçli, bu bolsa islendik komandanyň aýrylmaz agzasy bolmaga kömek edýär. Sport eşigini saýlanyňyzda-gök,sary,ýaşyl,çal reňkleri almaly; açyk-goýy romblar,ştrihlar,çyzyklar bolmaly. Sport görnüşleri – tennis (esasan-da uly we ping-pong), lyža we konki, tans, turizm, tigir ýaryşy, kiçi we ortalyk aralyklara ylgamak, estafeta.


Seretan (22.06-22.07) Goraýjy, sabyrly, maksada okgunly, garşydaşyny “bulaşdyryp” bilýän. Tälimçi we garşydaşynyň ýanynda hökmany ýagdaýda sport bilen meşgullanmaly diýen ýagdaýda däl-de öýünde ýa-da öýüne ýakyn ýerde meşgullansa gowy bolar. Türgenleşmäni ýüzugra üýtgetmek maslahat berilmeýär, ilki bilen belli derejä ýetmeli , yzy soňra belli bolar. Çalasyn hereketleri etmekden häzir bolmaly. Gidromassaž, banýa peýdaly. Sport görnüşleri: suw, gaýyk, woleýbol (esasan-da suwda), ýöremek, ylgamak.


Eset (23.07-23.08)  Komandanyň lidery. Sport durmuşynyň manysy. Oýun we ýene bir gezek oýun. Tankytçylar olara erbet täsir edýär. Goldaw beriji toparlar we dost-ýarlarynyň goldawy örän zerur. Güni seýilgähde we stadionyň merkezinde garşy almaly. Çal reňkdäki krasowka we oňat sport zaly türgenleşmäniň bes edilmezligine kömek eder. Türgenleşende özlerine köp agram salmaly däl, saunada häzir bolmaly, günüň aşagynda ylgamak maslahat berilmeýär. Olar örän güýçli, emma şol güýji hemme ýerde ulanmaly däl.


 Sünbüle (24.08.-23.09.) Türgenleşik gowy netijeleri gazanmak üçin. Sport ýaryşlarynyň ownuk tilsimlerine çenli çuňňur pikirlenilen. Türgenleýji üçin, statistikany gözegçilikde saklamak üçin netijeli “material”. Inçe süňkli ýöne berk bedenli –bularyň hemmesi sünbüle hakynda (sport bilen meşgullanýan). Eger bir plan düzseler şony iň bolmanda bir, bir ýarym aý üýtgetmeli däl. Sport görnüşleri- ylgamak, suwda ýüzmek, tennis, tans, tigir. Türgenleşende der dökmekden gorkmaly däl.


Mizan (24.09.-23.10.) Oňat tärli we deňagramly. Esesan-da gimnastikada, akrobatikada we tennisda, tansda, basketbolda, lyžada we tigirde (esasanam daglarda). Sprintda we toparlaýyn oýunda (hüjüm ediji) gowy netijileri görkezýär. Türgenleşmegiň oňat wagty günüň ýarymyndan gün batýança. Ýekelikde türgenleşmek içgysgynç bolar, ýanyňyzda dost-ýaryňyz bolsa wagtyňyz gowy geçer.


Akrap (24.10.-22.11.) Garaşmagy we netije gazanmagy başarýar. Sportda agyryny ýeňip geçmeklik olary begendirýär. Onuň ugry- ekstremal sport, garşylyklaýyn hüjüm, ylalaşyksyz göreş. Türgenleşmeklik onuň endamyny goragly edip biler, emma çeýelik ýetmezçilik edýär. Şonuň üçin endamyňyzy çeýelige kämilleşdiriň. Ýumşak, birsydyrgyn hereketler batly böküşe kömek eder. Sport görnüşleri- sportuň ähli suw görnüşleri, uzak we ortalyk aralyklara ylgamak, kross, atmak. Reňk- ähli goýy reňkler.  


Kowus (23.11.-21.12.) Sportda oňat hasaplanýanlaň biri. Öz energiýasy we optimizmy bilen ähli komanda goldaw berýär. Fitnes ýa-da aerobika klublary size laýyk geler. Ýekelikde türgenleşmek maslahat berilmeýär. Gowşak zonalar- bykyn, el, aýak. Ýüpde bökmek peýdaly. Arassa howa örän zerurdyr. Reňkleri-gyrmyzy, mawy, gyzyl. Sportuň görnüşleri- komandaly oýunlar: atda ýaryşmak, tigir we lyža. Irden ylgamak maslahat berilýär.


Jedi (22.12.-20.01.) Çydamly, özdiýenli, maksada okgunly. Oýunda  eserdeň ýolbaşçy, taktik däl. Komandadaky ýoldaşlary bilen gürleşende gowşak, emele gelen iýerarhiýa hormat goýýarlar. Hamal we akrap ýaly hasap deň bolanda halaýar. Sportuň görnüşleri- päsgelçilikli ylgaw, uzak aralyga, lyža, ýokardan bökmek, ýöremek, agyr atletika, suwdaky ýaryşlar, basketbol, ýoga, halk tansy. Türgenleşmekden öňünçä myşsalary gyzdyrmaly, dyza zeper ýetirmekden seresap bolmaly. Reňkleri- goýy reňkler eşiginde bolsa ýeňiş gazanmak mümkinçiligi uly.


Daluw (21.01.-19.02.)  Topardada  işlemegi gowy görýär, ýoldaşlarynyň ýanynda özüni “atyň üstünde” ýaly duýýar, emma onuň üçin öz erkinligi zerur. Eger ol oýunyň “geniýsy” bolsa komandanyň beýleki agzalary üçin kyn. Türgenleşmegiň meýilnamasyny düzende aňsatlyk bilen başga zat bilen gyzyklanyp bilýänligini göz öňüne tutmaly. Şonuň üçin plana üýtgeşmeleri girizip durmaly. Özlerine agram salsalar çalt ýadaýarlar. 


(Hut 20.02-20.03.) Ýekelikde türgenleşip bilýär, ýöne bu ýaltalygyň öňüni alýar. Hut oňat ýoldaşdyr. Kollektiwe gatyşyp bilýär. Hut öz aryny sypdyrmaýar. Sport gününi irräk başlasa gowy bolar. Haýal hereket etse ýatara wagt bolar, emma ukysy hem gelenok. Türgenleşmek üçin ýeri we aýakgaby saýlanda ünslüräk bolmaly. Diňe arssa suw içmeklik maslahat berilýär.


 


                                                                                                                                                                                                                                                                                         


Okalan sany: 614   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
09 декабря 2013

Tüweleme saýtyň okujylary köpelýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14633 sek. ýüklenen baýt: 43134