Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Baýrama bagyşlanan bäsleşik.
Ýazylan wagty: 09 декабря 2013 Ýazan Sasoltan

Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän sport çäreleri giň gerime eýe bolýar. Olarda türgenler özleriniň ussatlyklaryny görkezýärler. Sport baradaky Döwlet komitetiniň guramagyndaky ýaýbaňlandyrylan ýaryşlar çekeleşikli häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Şanly baýramçylyk mynasybetli Türkmen Döwlet uniwersitetinde geçirilen sport ýaryşlary örän gyzykly boldy. Talyplar öz aralarynda bäsleşmek bilen ýeňşe bolan ynamlarynyň ýokarydygyny görkezdiler. Bu ýagdaý olaryň maksada okgunlylygy bilen şertlendirilendir. Uniwersitetde şeýle ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi ökdeleriň ýüze çykmagyna, talyp türgenleriň kämilleşmegine, tejribe toplamaklaryna mümkinçilik berýär. Ol üstünliklere tarap ilkinji ädimlerdir. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alan sport ýaryşlary üstünliklere beslenýär.             


Okalan sany: 513   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06319 sek. ýüklenen baýt: 29601