Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ginnessyň rekordlar kitabynda- sport.
Ýazylan wagty: 10 декабря 2013 Ýazan Mayichka
Ginnessyň rekordlar kitabynda- sport.

Sport  rekordlary, iň meşhur ýeňişler we güýçli urgylar, iň ýokary tizlik, ilkinji  bolup iň uzak aralyga we köp wagtlyk  ylgawy, pökgini kelläň bilen ýokary zyňmak (žonglirowaniýe).                                                                                                          Tennisda iň güýçli urgy kimde?
Pökgini  batly  urmaklykda  Mnngeýmaly Horst Gepperiň urgysy iň batly hasaplanyldy. Onuň garşydaşynyň yzyna şowsuz  gaýtarmaly  pökgüsi sagatda 320 kilometr tizlikdedi. Şeýle-de iň batly smeş Geppere  degişli: ölçenilen tizlik sagatda 340 kilometrdy.     

Futbolyň taryhynda  gazanylan  iň meşhur ýeňişler kime degişli?
1885-nji ýylda “ Arbroath”  we “Bon Accord” komandalarynyň arasynda Şatlandiýanyň kubogy üçin  geçirilen ýaryşyndan başgalara rekord goýmaklyk başartmasa gerek. “ Arbroath” 36:0 hasaby bilen ýeňiş bilen gazanopdyr. Iki sany ýygyndy toparlaryň arasynda geçirilen ýaryşda iş meşhur ýeňişi 1951-nji ýylda  Angliýanyň  topary Awstraliýanyň toparyny (17:0) ýeňdi, ikinji ýerde Germaniýa boldy, 1912-nji ýylda olimpik turnirde Rossiýanyň ýygyndy toparyny 16:0 hasaby bilen ýeňdi.

Pökgini kellaň bilen ýokary zyňmak rekorduny kim goýdy?
Pökgini  kelläň bilen ýokary zyňmakda dünýä rekordy (pökgini kelläňde žonglirlemek), oňa eliňi degirmezden we ýere gaçyrmazdan, - 80 000 gezek yzly-yzyna. Bu rekordy ABŞ-da sirkiň bir akrobady goýdy. Ýewropanyň rekordy bolsa 38 000 gezek kelläň bilen pökgini urmaklyga deň.
        
Rolikly  konkida iň uly tizlikli rekordy kim goýdy?    
Rolikda aýlanýan rekordsmen awtomobilleriň ýaryşýan yolunyň bir bölegini geçdi, bu ýerde transportlaryň başga görnüşleriniň hereketleri wagtlaýyn gadagan edilipdi. Maksimal tizlik –  sagatda 219 kilometr.
         
Hytaý diwaryna ylgaw näçe wagtlap dowam edipdi?
Hytaýly  Ýan Genhua Hytaý diwaryna tarap krossowkaly 80 günläp ylgapdyr. Ol 2400 kilometr geçipdir, günüň dowamynda 30 kilometr ylgapdyr. Beýleki hytaýly ylgaýjysy  öz watanynyň demirgazykdan günortasyna  ylgap, günüň dowamynda 56 kilometr geçipdir. Marafonçy 110 günüň dowamynda 6200 kilometr ylgap geçipdir.

Trenažorda uzak günläp  küreklemä gatnaşanlar Ginnessyň rekordlar kitabyna girdiler.
Polşanyň şäheri bolan Poznanda sportsmenlaryň  geçiren  haýyr-sahawat işli Ginnessiň rekordlar kitabyna girdi. 24 sagadyň dowamynda sportsmenlar durmany trenažorda 177 kilometr we 850 metr aralyga çenkli  kürekläp gitdiler.
 
Amerikan sýörfingçysy Ginnesiň rekordlar kitabyna öz täze ýazgysyny girizdi.
Amerikan sýörfingçysy Garret Maknamara dünýäde  iň uly tolkuny ýeňip geçmegi başardy, onuň beýikligi 24 metre barabar. Dünýä rekordy  30 santimetre ýetýän tolkun  ýeňilip  geçildi. Ol bolsa dünýäniň rekordyny hem ýeňip geçip Ginnessiň rekordlar kitabyna girdi.
 Britan ýaşaýjysy  1 sagadyň dowamynda tarzankadan 42 gezek böküp, Ginnessiň rekordlar kitabyna girmegi başardy.
 
Beýik Britaniýaly ekstremal “tarzankadan” bökmek boýunça dünýä rekordyny goýdy. Dogumly Jeýms Fild  Londonda 50 metr beýiklikden 42 gezek bökdi, bu dolsa  öňki ýetilen sepgitlerden  iki esse köp.

Awstriýaly žurnalistler “ suwuň aşagynda ” press-konferensiýa geçirdiler.
21 sany žurnalist daýwing üçin niýetlenen eşikde Awstriýanyň  Traun kölüne girdiler, olar öňünden ýörite suw geçirmeýän kagyzlary taýynlapdyrlar. Prezentasiýa geçirmek üçin niýetlenen leksion plakady hem goýulypdyr.  Bu press-konferensiýa daýwingyň täze posobiýasynyň çykmagyny bagyşlanypdyr.

Üç ýaşly ýüzüji Ginnessiň rekordlar kitabyna girmegi mümkin.
Hytaýyň deňiz ýakasyndaky Şençženiň  (Guanduň günorta welaýaty) üç ýaşly  ýaşaýjysy Ginnessiň rekordlar kitabyna özüniň ýeten sepgitlaeri bilen  girmeklige bäsdeş edýär : 90 minudyň dowamynda 1,2 kilometr aralygy ýüzüp geçmeklik oňa başardypdyr.

Barnaully okuwçy Ginnessiň rekordlar kitabyna girmegi başarypdyr.  
14 ýaşly Denis Zawýortkin metbugat  we Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 20 sekundyň dowamynda 2196 sahypaly  galyňlykdaky maglumat kitapçasynyň üçüsini birlikde ýyrtmagy başardy.  Bu uly adamlaryň ýeten sepgidi hökmünde bellenildi.

Ukrainanyň okuwçysy Ginnessiň rekordlar kitabyna girer.
16 ýaşly ukrainanyň okuwçysy Wladimir Leonow Ginnessiň rekordlar kitabyna girer. Munuň üçin ol 4 sagadyň dowamynda  1013 gezek perekladinada  ýokary galma aýlowyny ýerine ýetirdi.

Okalan sany: 526   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
10 декабря 2013

Maýiçka suratyňy üýtgetdiňmi, öňler diňe gözüň görünýärdi.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07479 sek. ýüklenen baýt: 35778