Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE resmi saparyna
Ýazylan wagty: 10 декабря 2013 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE resmi saparyna

08.12.2013

Uzakmöhletleýiň özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugry bilen 

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük resmi sapary başlanýar. 

Bu gezekki sapar iki ýurduň uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygyna uly gyzyklanma bildirýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr. 

Soňky döwürde deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmeginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga mahsus bolan ýokary ynam hem-de birek-birege düşünişmek ýörelgeleri Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky häzirki zaman aragatnaşyklarynyň häsiýetli aýratynlygydyr. 

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda -- iri halkara guramalarynyň çäklerinde türkmen-emirat aragatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň Ýakyn hem-de Uzak Gündogaryň ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň örän işjeňleşmegi ýagdaýynda, türkmen döwletiniň daşary syýasat doktrinasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan dostluk we hyzmatdaşlyk köprüsiniň berkemeginiň ýagdaýynda geçýändigini bellemek ýerliklidir. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 6-njy dekabrda geçirilen mejlisinde Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara gatnaşyklarynyň gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtap, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň uly mümkinçiliklere eýe bolan BAE bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini belledi. 

Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň ähmiýetini nygtap, döwlet Baştutanymyz olaryň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda täze möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi. 

1995-nji ýylyň oktýabrynda ýola goýlan Türkmenistanyň we BAE-niň diplomatik gatnaşyklarynyň köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň bütin işi döwlet ösüşiniň bar bolan ägirt uly kuwwatyny we ileri tutulýan ugurlaryna gabat gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga özara ymtylmalary görkezýän iki döwletiň hoşniýetli erkiniň görkezijisi bolup hyzmat edýär. Häzirki günde döwletara hyzmatdaşlygynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny iki ýurduň syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ugurda üstünlikli hyzmatdaşlygyny kesgitleýän resminamalaryň 28-si düzýär. 

Söwda-ykdysady ulgamda özara hereketleriň täze ugurlaryny gözlemäge iki ýurduň taýýarlygy şu ýylyň fewralynda resmi sapar bilen Türkmenistanda bolan BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa Ben Zaýed Al-Nahaýýanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabat duşuşygynyň barşynda nobatdaky tassyklamasyna eýe boldy. 

Şonda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň çäklerinde biziň ýurtlarymyzyň birek-biregi üçin iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlar bolup durýandyklary bellenildi. Munuň özi özara haryt dolanyşygynyň her ýylky ösüşi bilen nobatdaky gezek tassyklanýar. 2012-nji ýylyň netijeleri boýunça bu görkeziji 1 milliard 423 million dollara deň boldy. 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistanda köp dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän möhüm taslamalara örän işjeň gatnaşýan emiratlaryň işewürliginiň gatnaşmagynda 50-den gowrak kärhanalar hasaba alyndy. 

BAE-niň maliýe we işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistana sapar bilen ýygy-ýygydan gelmegi geljegi uly türkmen bazarynda arap işewürligini giňeltmäge barha artýan gyzyklanmany tassyklaýar. Bu ýerde bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasaty netijesinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin has amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi. 

Taraplaryň tassyklamagyna görä, hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topar işewür gatnaşyklary giňeltmekde möhüm orny eýelemäge gönükdirilendir. Bu toparyň birinji mejlisi 2012-nji ýylyň noýabrynda Abu-Dabi şäherinde geçirildi hem-de söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, oba hojalygy, ulag-aragatnaşyk we beýleki esasy pudaklarda özara hereket etmäge degişli bolan anyk ylalaşyklar arkaly üstünlige beslendi. 

Taraplar medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem möhüm ähmiýet berýärler. Munuň özi iki halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we özara bähbitliligi has-da artdyrmaga hyzmat edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi sapary mynasybetli BAE-de ýurdumyzyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, şeýle hem indiki ýylda Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

Iki ýurduň ähli möhüm ugurlarda özara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine bolan umumy meýiller BAE-de döwletara gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda täze tapgyra badalga berjek ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli bolmagyna ýardam berer. 

Netijeleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi meýilleşdirýän ýokary derejedäki nobatdaky duşuşyk häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meseleleriniň çözülmegine netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de umumy çemeleşmeleri ýakynlaşdyrmaga ikitaraplaýyn ymtylmany görkezýän iki dostlukly döwletiň mundan beýläkki özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny kesgitlär.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

Okalan sany: 511   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08536 sek. ýüklenen baýt: 39669