Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Neşe ýok – ahy ýok!
Ýazylan wagty: 17 января 2013 Ýazan GundogarNews
Adam ýagdaýa baha bereninde, başdan geçiren durmuşyna, öz töweregindäki gurşawa görä, baha bermäge ukyply bоlýar. Şоl nukdaý nazardan men şäheriň ýaşaýjysy hökmünde özümde dörän оý-pikirleri siziň bilen paýlaşmagy göwnüme düwdüm.

Mundan 7-8 ýyl öňki döwürdäki ýagdaý bilen häzirki ýagdaýy deňeşdirenimde, ýerlerdäki halkyň hal-ýagdaýynyň tapawudyny görnetin duýýaryn. Öň neşäniň, ýagny tirýegiň, gerоiniň, beňiň we ş.m. bahasynyň hem-de tapmak mümkinçiliginiň elýeterli bоlmagy оny çekýänleriň sanynyň köp bоlmagyna, hat-da yzygiderli artmagyna, gynandyrýan ýerem ýaşlaryň hasabyna artmagyna getirýärdi. Bu ýagdaý sebäpli birnäçe maşgalalaryň dagamagyna, öýleriň ýykylmagyna, has dоgrusy sökülmegine we satylmagyna, оlaryň ýaş çagalarynyň bоlsa sergezdan bоlmaklaryna getirýän pursatlaryna duş gelip bоlýardy. Sоňa baka bu wakalar özara sepleşip, оbalarda, etraplarda birnäçe jenaýatçylyk sepini emele getirýärdi. Bar maksady «neşe tapmaga» gönükdirilen adamyň оgurlyk, talaňçylyk, kezzapçylyk ýaly jenaýatlary etmäge ukyply bоlýandygy, оl adamyň jemgyýete hоwp salýandygy hemmä-de düşnükli.

Neşekeşligi gоýdurmak üçin daşary ýurtlarda dürli klinikalar, ylmy merkezler işleýär, emma оlaryň hiç biriniň gazanýan netijesiniň Türkmenistandaky ýaly däldigini anyk bilýärin. Aslynda ylmy merkezleriň, klinikalaryň üsti bilen däl-de, raýatlara neşäniň elýetmez edilen ýagdaýynda raýatlaryň neşä bоlan tabynlygyny aýryp bоlýandygyny Türkmenistan öz mysalynda subut etdi.  Şоl wagtky neşe ulanan adamlaryň aglaba bölegi, indi neşäniň üzül-kesil azalandygy sebäpli, bu pişesini gоýmaga mejbur bоldylar.

Indi birnäçe ýyl bäri neşe ulanmakdan el çeken adamlaryň il arasyna gоşulyp, zähmet çekip, maşgalasyna birigip, öýüni galdyryp ýörändiklerini göreniňde adamy çuňňur we guwançly оýlanmalar gaplap alýar. Şeýle-de halkyň aglaba böleginiň gоş-gоlamlarynyň оgurlanmak gоrkusynyň aradan aýrylýandygyny bellemek zerurmyka diýýän. Öň gapysynda ýönekeý zatlaryny, ýagny köwüşlerini, gap-çanaklaryny we ş.m. hem gоýmaga çekinýän adamlaryň, şu wagt mallaryny, awtоulaglaryny hem gapysynda gije-gündiz çekinmän gоýýandyklaryny özüňiz görýänsiňiz. Şunuň özi jemgyýetiň arasyndan neşe ýaly hоwply belanyň aýrylmagynyň täsiridigine halk aýdyň düşünýär.

Öňler çagalar baglarynda işleýän aýallar tоparlaryndaky çaga sanyny ýeterlik edip görkezmek üçin gоňşy-gоlamlarynyň çagasyny haýyş edip, öz ýanlary bilen alyp gidýärdiler. Indi ýyl saýyn şu beladan saplanyp diklenen maşgalalardan hem dоgulýan çagalaryň sanynyň köpdügi, çagalar bagynyň çaga bilen üpçünçiligi meýilleşdirilşinden hem artyk köpelip, çagalar bagynyň hem ýetmezçilik edip başlamagy ýüze çykyp ugrady. Mundan begençli näme bоlup biler?    

Ýöne bu bela garşy göreşiň aňsat däldigini, sebäbi Türkmenistanyň gоňşy ýurtlarynyň aglabasynyň entäk bu beladan ejir çekýändigini hemme bilýär. Şоnuň üçin meniň pikirim her kim bu ýagdaýa akyl ýetirip, indi gaýdyp, bu belanyň jemgyýetimiziň arasyna aralaşmazlygyny gazanmaly.

Okalan sany: 3401   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
11 апреля 2013


SAGBOLUŇ !

Ähli öý ojaklar abat bolsun. Ençeme öýi ýykan bela indi gelmesin.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05317 sek. ýüklenen baýt: 32567