Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Ý. Grişiniň we onuň talyplarynyň sergisi
Ýazylan wagty: 13 декабря 2013 Ýazan GundogarNews

Ý. Grişiniň we onuň talyplarynyň sergisi


         Garaşsyz Baky Bitarap Döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan her bir tutumly işleriň netijesinde biz talyp ýaşlar üçin okamaga, döretmäge ajaýyp zamana boldy. Türkmeniň milliligini we medeniýet-sungatymyzy ösdirmekde Türkmenistanyň döwlet çeperçilik Akademiýasynyň  halypa mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň edýän işleri uludyr. Sungat ussatlarymyz  we talyp ýaşlarymyz diňe bir ýurdymyzyň Türkmenistanyň döwlet çeperçilik Akademiýasy türkmen milletiniň örän gadymdan gelýän milli baýlygymyz bolan sungatyň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejede bilim berýär. Häzirki wagtda  zergärleri, küýzegärleri, halyçylary, binagärleri, dizaýnlary, heýkeltaraşlary, şekillendiriş sungatynyň taryhyny we nazarýetini öwrenýän taryhçylary özüniň ajaýyp eserleri bilen bu günki gün bedew bady bilen öňe barýarlar. Biziň talyp deň-duşlarymyz  Türkmeniň milli sungatyny dünýä ýüzüne ýaýmak maksady bilen şähermiziň gözel ýerlerini öz eserlerinde wasp edýärler. Türkmenistanyň döwlet çeperçilik Akademiýasynda zehinli talyplary ýüze çykarmak üçin halypa mugallymlarymyz ukyp başarnyklaryny gaýgyrman işleýärler. Türkmenistanyň  Döwlet Çeperçilik  Akademiýasynyň  sergiler zalynda  arhitektura kafedrasynyň   2-nji ýyllyk  talyplary Şamyrat, Isa, Pälwänberdi, Humaý, Merdan, Serdar, Ýusup, Bahar, Miwe, Süleýmanberdi, Abdulmuhammet  dürli temalar boýunça ýerine ýetiren döredijilik sergisini gurnadylar. Türkmenistanyň Döwlet  Çeperçilik  Akademiýasyn-da däp  bolup  gelýän    sergiler  talyplaryň  zehini,  ukyp-başarnygyny  ýüze çykarýar. Ýene-de bir bellemeli zatlaryň biri bu sergide talyplaryň işleri esasan tebigat  bilen baglanşykly döredijilikli zähmetden ybarat. Ahitektura kafedrasynyň halypa mugallymy  Ý. Grişin talyplara ajaýyp sergini gurnamaga uly ýardam berdi. Sergide şeýle-de talyplaryň halypasy  Ý.Grişiniň  talyplar bilen döreden eserleri görkezilýär. Ol özüniň iş tejribesinde: ”Eseri döredeniňde meniň ýaly, ýöne menden-de gowy döret” diýen sözleri geçýän her bir sapagynda ýaş talyplara wagyz edýär. Mugallym öz eserlerini talyplaryň arasynda çekmek bilen öwredip işlemek bilen öwrenilýändigini belläp geçýär. Talyplaryň  öwrenýän döredijilik sungaty olaryň durmuşda gazanjak üstünlikleriniň başlangyjy bolýar. Bu sergide her kim öz başarnygyna görä pikir edip, görüp gyzyklanan pursatlaryndan we özara tapawutly tejribelik işlerinden gurnamagy maksat edindiler.

Ýaş talyplaryň eserlerinde içgin pikir durmuş, tebigat we hakykat suratlandyrylan. Çaga dünýäsi bilen bagly gyzykly pursatlar, portret eserleri, şäherimiziň seýilgählerinde çekilen etýutlar sergilenýär. Ýurdumyzyň medeni baýlyklary bolan welaýatlarymyzdaky taryhy ýadygärliklerimiz hem täzeçe işlenip durky täzelenen  görnüşinde köpçülige sergiň üsti bilen hödürlenýär.

        Berkerar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem biz ýaşlar şäherimiziň asudalygyny, owadan suw çüwdürimlerini, ýagty köçelerini, seýilgählerini beýik ymaratlaryny, dagyny-düzüni, parahatçylygyny, pasyllarymyzyň gözelligini açyp görkezýän sungat eserlerini ýerine ýetirmage  höwesli talyp yaşlary bilen  işläp döredijilik  dünyäsinde  gaýnap joşjakdygymyza ynandyrasym gelyär. Şeýle  mümkinçilikleri döreden we  ýaşlaryň röwşen gelejegi üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç alsyn!

Sergide Ýewgeniý Grişiniň eserleri:

 

Sergide Ý.Grişiniň talyplarynyň eserleri:

 

http://gundogar-news.com
Okalan sany: 1003   Jogaplar: ( 2 )

GundogarNews
13 декабря 2013

good

NEXTTM
13 декабря 2013

goodgoodgoodAjaýyp suratlar. Žiwopis, grafika, dizaýn işleri ...goodgoodgood


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05232 sek. ýüklenen baýt: 43069