Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Baýrama bagyşlanýar.
Ýazylan wagty: 25 декабря 2013 Ýazan Sasoltan

   Paýtagtymyz Aşgabatda täze ýyl baýramçylygy mynasybetli häzirki wagtda birnäçe sport ýaryşlary dowam edýär. Şu gün ir sagat 10:00-da Türkmenistanyň Atletika milli merkezinde sportuň Pauerlifting görnüşi boýunça ýaryş başlandy. Bu bäsleşik şu aýyň 27-ne çenli dowam eder.


   Dekabr aýynyň 26-27-ne Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ( oglanlar ) arasynda  “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly V-nji Uniwersiýadanyň düzüminde bolan sambo göreşi boýunça ýaryş geçiriler. Bu ýaryşy Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasy bilelikde gurnaýar.


  Dekabr aýynyň 28-ne Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan şowhunly sport görkezme çykyşlary geçiriler. Siz bu çykyşlara sagat 13:00-da hem-de 18:00 tomaşa edip bilersiňiz. Täze ýylyňyz gutly bolsun !!!


Okalan sany: 561   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
26 декабря 2013

sag bol!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06100 sek. ýüklenen baýt: 31049