Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Hekaýa
Ýazylan wagty: 26 декабря 2013 Ýazan Polatahmed

Irden oýanan
wagty ýuregi agyrdy,aslynda bu ýüreginiň agyrmasy agşam iýen-içenlerinden gezen
aýlanan ýerlerinden  dälde bugünki etjek
işlerini oýlanmasyndandy. Bugun iki ýyldan bari bile gelýan gatnaşygy soňlamaly
diýen netija geldi. Aslynda muny etmek uçin gijäde galypdy. ‘’Gutarmaly’’-
diýdi içinden. Her gün bu irdenki ajy halda oýanmany gutarmaly diýdi. Ýaş ýigit
her gezek bulary oýlanan wagty özüni elden bererdi.



 Howul hala geýnip daşara çykdy. Bügüne çenli
hiç garaşdyryp görmändi ony. Indi hem garaşdyrmaly däldi. Daşaryda howa
ep-eslije sowukdy. Ýaş ýigit bulutly asmana garap: “ Bulutlar bize nämeler
garaşýanyny bilýär, olar hem halymyza aglaýar” diýp içinden gürlendi.



Indi gyzyň
öýüniň  ýanyna gelipdi, biraz
garaşanyndan soň bolsa garşydan söýgülsüniň gelýänini gördi. Ony görüp
ýüreginiň agyrmasy has-da artdy...  Olar
bile şaheriň gyrasyna tarap pyýadalp ýöräp gitdiler, ýolda barýan wagtlary hiç
gürleşmediler. Ýaş owadan,gözel gyz söýgülisiniň bu ahwalyna hiç duşünip
bilenokdy. Niirdeen bilsin, bugun aýralyk sazlarynyň çalynjagyny. Olar
şäheriň  gyrasynda bir kafeda otyrdylar.  Gyz düşündi, söýgülisiniň özüne bir zatlar
aýtjak bolýanyny.



-         
Maňa
bir zatlar aýtjak bolýamyň?  - diýp
sorady..   



Ýaş ýigit gyzdan
gözlerni alyp gaçyp:



-         
Hawa!
–diýdi dineje.



Gyz haýran galyp,
biraz gaharlanyp:



-         
Aýtsana,
näma garaşýaň- diýen soň ýigit içini çekdi soňra:



-         
Seniň
pikiriňçe biz nirä çenli gideris?! – diýp sorady.



Ýaş gyz bolsa:



-         
Muny
soramak nämä gerek boldy?! – diýp jogap berdi.



We ýigit sözüne
başlady:



-         
2.3
aý mundan öň gije giç sagatlarynda saňa ýazan goşgymy okasym gelip saňa jaň
edipdim, sen bolsa maňa” goýsana janym , şuwagt şonuň wagtymy?! Diýdiň.
Bilýämiň şo wagty özümi nakaunt bolan boksýor ýaly duýdum. Ötünç sorap telefony
oçürüpdim, soň bolsa menden bu goşgyny hiç islemediň. Arada men ýaraman
ýatanymda joralaryň bilen senem gelipdiň, şonda joraň Aýna saňa:



-         
Sen
diýseň şansly gyz, al indi ýanynda galyp seredersiň, diýende,



Sen bolsa:



-         
Başga
işim ýokmy, daýzam sereder( oglanyň ejesi) diýipdiň.



Yadyňa
düşdümi?!...



Gyz:



Özüň bilýäň, men
beýle zatlara duýgujaň garap bilemok, hem hassa bakyjysy  ýaly bolup görünesim gelýäninem hiç kime
aýdyp bilmerna.



Ýigit güldi:



-         
Hawa
janym dogry aýdýaň, onsuzam bolasyň gelsede bu ýüregi göterip ýörkaň hassa
bakyjy bolup bilmersiň – diýdi we dowam etdi:



-         
Şu
wagta çenli näçe gezek irden maňa owadan sözlerden dolan sms ýazdyň? ! ...
hiç,hatda gündiz wagtlary hem ýazmadyň. Belki Duýgujaň  bolman bilersiň, ýöne sen seni söýen
ynsanlary hem begendirmäni hem halaňok, a men bolsa tep tersine  özümden beter ynsanlary begendirmäni halaýan.
Seni tanalym bäri her gün irden gündiz çaglary, gijaň giç wagtlary seni aňan
wagtym oýlan mahalym sana bolan söýgi hatlarym bardy seniň üçin... Seň bilen
men ak bilen gara ýaly...



Gyz düşündi...



-         
Ýagny,
sen menden näme isleýäň?! Şahyr bolmagymymy?



Ýigit ýende
içinden ýylgyrdy, düýn agşam beren aýralyk kararynyň gör nähili dogrydygyny
oýlandy.



-         
Ýok-
diýdi. Şahyr bolmagyňy islämok, bolubam bilmersiň, biz aýrylmaly... Aýrylsak
ikimiz üçin hem iň gowy bolar.



Gyz haýran galdy:



-         
Ýöne
näme üçin, men seni söýýärin ahyryn,senem meni söýýär diýp bilýädim...



Ýigit demini
ulydan alyp:



-         
Ýok
janym,sen meni söýýändirin öýdýärsiň,eger sen meni söýýän bolsadyň şuwagt başga
zatlar hakynda gürleşerdk- diýdi.



Gyzyň gözler
ýaşardy,ýigit jübüsinden elýalygyny çykaryp uzatdy ,gyz göz ýaşlary süpürip:



-         
Sen
bilýäň, ýöne meni başga birlerne çalyşýan dälsiň?!...



Ýigit bolsa:



-         
Nädip
beýle zatlary oýlap bilýäň?! Senden başga hiç kim bolmady we köp wagtlap  hem bolar diýemok...



Ýigit bilen gyz
otyran ýerlerinde indi  bir-birlerine
nätanyş kişi ýalydylar... birnäçe wagt sessiz otyran soňlar gyz:



-         
Gaýdaly
isleseň! – diýdi.



Ýigit bolsa:



-         
Sen
gaýdaý isleseň, men ýene biraz otyrjak diýdi...



Gyz bolsa:



-         
Onda
bagtly bol ýoluň açyk bolsun! - 
diýp  elini uzatdy. Gyzyň eli we
sesi titreýärdi.



Ýigit:



-         
Isleseň
dost bolup galaly – diýdide bir-birlerini soňky gezek gujakladylar...



 



Ýigit özüni dogry
edendirin diýýädi. Oýe gelende hal ahwaly ‘’hä ‘’ diýmäne ýaranokdy. Otagyna
girdi, gijeler tükenmegi bilenokdy... Ertesi irden turup işe gitjekdi,
ýatmalydy bir näçe sagat geçen soň uhlamagy başardy. Sagat irden 7-de budilnigin
sesine oýandy... Öýden çykjak wagty telefonuna seretdi... Sms we 10 sany
jogapsyz gelip galan jaň bardy... Ýadaw bolanlygy üçin telefonunyň sesini
eştmändi, gelen jaňlar we sms söýgülisindendi... Haýran galyp gelen sms-i açdy
we şu setirler gördi:’’ Diňeje şeýle kişileri söýmegi başardym,hemme kişini
şolarsyz ýaşadymda bir seni sensiz ýaşap bilemok. Bu söýgüni ýeke ýürek bilen
saklap bilemok.  Saňa beren wadam bolsun,
bir seni söýdüm gara gözüm we seni söýüp dünýä bilen hoşlaşýan.



Ýigit haýranlar
galdy. Ony tanan güninden bari ilkinji gezek soýgi setirlerini hemde sms
alýardy üsteüstüne daňdan 5de ýazypdyr. Haýal etmani oňa jaň etdi, telefony
nätanyş bir ses açdy, ýigit öz söýgülisiniň adyny tutup telefony oňa
berkmeklerni haýşt etdi, ýöne telefondaky ses aglaýardy hem-de demi demini
sygmany:’’ Men omuň ejesi balam, gyzym bugun irden dünýäden ötdi gijeden daňa
çenli birlerine jaň etdi durdy, irden jaýynyň çyrasy sönmän soň jaýyna girdim.
Eziz çagam janyna gyýypdyr...’’



Ýigit beýnisinden
aýrylana döndi şo wagty. Indi bir gün öňki ýürek agyrysynyň iki essesini
çekýär... Duran ýerinde ýygrylyp galdy..



Bir näçe aý
soň  iki dokdor hassahanada gürleşýärdi,
dokdorlaryň biri beýlekisine garşy otagdagy hassanyň ýagdaýyny soraýardy,
beýleki dokdor bolsa jogap berdi:



-         
Hää..
Olmy?! 3 aý öň getirdiler ony. Ol sebäpli bir gyz dünýäden ötüpdir. Ol günden
soň telefonuny elinden hiç aýrmandyr.. Dowamly bir zatlar ýazyp birlerine
ugradýar. Geçen günleriň birini gyzyklanyp ol uhlap ýatan wagty sms ugradan
nomerne jaň etdim, nomer 3 äý öň ulanyşdan galdyrylypdyr... Gelen hatlarda bir
ýazgy bar, bu adam duýgyçylmy ona bilemok meň bilşima göra haty ýazan aşa
duýgyçyl kişi ekeni...



Ýanyňyzdaky
ynsanlaryň näme duýýanlaryny  ýada näme
pikir edýänlerini anyk bilmäni özüňize ynamly gürlemaň... Bir wagtlar bir
ýüregin içinde nämeler saklaýanyny bileniňizde hemme zat üçin juda giç bolup
biler...



Hekaýa Türk
dilinden terijime edilen. Käbir ýerlerinde üýtgeşme girizildi.




Okalan sany: 795   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
26 декабря 2013

goodsag bol awtor, yetirip dur gyzykly eken


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07042 sek. ýüklenen baýt: 47059