Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Türkmen saz guraly, Dutar hakynda düşinje.
Ýazylan wagty: 26 декабря 2013 Ýazan NEXTTM


Türkmen saz guraly, Dutar hakynda düşinje.

Türkmen halkyñ aýdym-saz dünýäsinde Dutar iñ ýörgünli saz gurallaryñ biridir. Dutaryň çykyşy hakynda we onuñ halkyñ arasynda nähilli roly bardygygyny düşünjek bolsak, Türkmen taryhyny we dil edebiyaty bilen baglanşyklygyny göz öñüne tutmalydyrys. Dutar, saz gural hökmünde, orta Asiýada dürli halklaryñ arasynda, ýörgünli gural bolup we her halkda öz diýalektine görä, meñzeş atlary bar. Dutar ýaly atlary bilen bir-birinden şol halkyñ däb-destur we ýaşaýyş görnüşiniñ tapawutlygyna görä hem, Tamdyrañ kirşlerniñ düzülşi we perdeleriñ sany, hem-de ritimleri boýunça aýry-aýry häsiýetlidigini görkezýär. Dutar diñe Türkmenler däl, orta Asiýañ halklarynyñ melli saz gural hökmünde bolup tanalýar. Elbetde Dutar ýene-de Türkmen halkyñ arasynda Dutar ady bilen hem meşhur. Dutar, Tamdyra ikisi hem bir manyny añlatýar. 

Türkmeniň sungat dünýäsinde, halk sungatyñ ösmeginde uly roly eýeleýän iki Russ älemi W.Uspenski we W.Belýaýofdyr. Bu iki Russ älemi Türkmenistan ýurdynda ýyllar boýunça aýlanyp, Türkmen medeni we şol wagtky siýasi we hem-de esasan sungat tarapdan köp bilimleri öz TÜRKMENSKAýA MUZYKA  atly kitabynda ýazyp, bize, hasapsyz sungat baýlygymyzy uly çäkdä baýlaşdyrýar. Ol şol döwürdäki rowaýatlar we düşünjeleri öziniñ kitabynda Türkmen Dutary hakynda golýazma geçirip, sazçylyk edebiýat we taryhynyñ ýoluny bize anyklaşdyryp, görkezipdir. Dutar, Türkmen halkyñ milli düýgüsiniñ guraly bolup, Türkmen ady bolany bäri halk sungaty bolup, ýüreklerde ýañlanyp, gahramançylyk söweşleri, gaýduwsyz göreşleriñ buýsanjy, Türkmeniñ milli guwanjynyñ we buýsançly durmuşynyñ hekaýasyny, şahyrlaryñ paýhaýsly goşgularyny, hünärli we owadan çeperçilik bilen bize beýan edýär. Türkmen saz dünýäsinde, Dutar biziñ durmuşymyzyñ taryhy wakalaryny suratlandyryp, düýgi we guwanç bilen ýaşaýan wagtymyzy görkezip, buýsançly Türkmeniñ halyky, öz bolşuny, saz bilen dünýä özüni jar edip, wasp edýär. Kim-de kim Dutar öwrenjek wagty, eger-de Türkmen halkyñ ösüş taryhyny yzarlap we özüniñ medeniýet durmuşyny tanap bilse, onda şol Dutarçy saz çalan wagty, sazyñ ýa-da aýdymyñ halyky we açyk manysyny biziñ geljekki nesilimize, düşünşe edip tabşyryp biler. 

Sap Kädi Gapak Tamdyraň böleglerniň ady Tamdyra esasan 3 sany bir – birine ýelmeşdirelen agaç böleglerinden Bejerilen.  1.kädi     2.sap      3. Gapak Tamdyraň kädisi tut agaçdan ýasalýar. Kädi ýasalan wagty her bir ussa Özüniň bejerliş usulyna göre, uly ýa kiçi edip ýasaýar. Tamdyraň sapy erig agajyndan ýasalýar.  kädi ýa sap haýsy bir bölek, ikisi–de agajyň ortarasyndan (maňzyndan) kesilip alynýar. Tamdyraň gapagy, elbetde tut agajyndan ýasalýar. Dutar owazy 2 sany kirş bilen ýaňlanýar. Kirşleriň inçe we ýogynlyk derejesi dutaryň owazyny köp ütgetýär. Dutary täze öwreňjiler üçün kirş inçe bolsa onuň barmaklarnyň asuda we tiz hereket etmegine uly roly eýeleýär. Türkiýanyň saz gurallar kirş ölçegi bilen N:16 kirş, barmaklara has hem mynasyp. Dutarda saz çalmak üçün 13 sany–dan ybarat bolan Perde ýerleşýär. 

Dutaryň kirşleri owazlanar ỹaly 2 sany eşek, (agaçdan ýasalan, kiçijik köpri)  boýnuz dutaryň bölekleriniň üstünde goýlandyr. 1-nji eşek şeytan perde bilen we kirşleriň gulognyň arasynda bejerlen 2-nji dutaryň gapagnyň üstünde ýerleşýär. Boýnuz bolsa kädiň aşagynda ýerleşdirilendir. Kirşleri daňmak we hem sazlamak üçün her bir kirşe, bir sany dutar gulogy goýlupdyr.

Dutar satyn alnynan wagty, hökman ussadan dutaryň haçan ýasalan, ýagny haýsy pasyl – da bejerlendigini soramaly. Eger dutar tomus–da ýasalan bolsa, onda perdeler köp wagta çenli gawşaman durýar. Emma gyşda ýasalan dutarlar, 6 aý geçmän eýýäm perdeleriň halkasy gowşaýar. Saz hewösjeňler dutary satyn alan wagty, öz barmaklarnyň ölçegine seredip, dutaryň sapy ýogyn ýa-da inçeräk bolmagyny we onuň öz eline laýyk-dygyny barlap almalydyr. Esasan täze saz öwreňjiler dutary satyn aljak wagty, eger-de bir tejrebeli adam bilen gitse oňat bolar. Dutary çalýan wagtyňyz, sag el şelpe kakanda, ýokardan aşak özüni oklap we aşakdan yokara güç bilen galdyrylỹar. Bu hereketleri etmek üçün sag eliň gan akymy gowy aýlanar ýaly, kädini  tirsegiň iç tarapyna goyup saklamak zerurdyr. Şelpe kakylan wagty ony dutaryň her bir ýerine kakyp bolmaz. Sebäbi eger göni gapaga şelpe kakylsa, dutar çykýan awazdan başga, barmaklaryň gapaga degýän sesi hem heňiň ýanynda şagyrdy bolup eşidiler we bu ýaňlanýan sazyň owadanlygyny peseldýär.

Okalan sany: 2996   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05859 sek. ýüklenen baýt: 33833