Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Pauerlifting
Ýazylan wagty: 27 декабря 2013 Ýazan Sasoltan

 


    Paýtagtymyzda ýerleşýän “Aşgabat” köpugurly stadionynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy şeýle-de, Türkmenistanyň Atletika milli merkeziniň bilelikde gurnamagynda sportuň Pauerlifting görnüşi boýunça Türkmenistanyň Kuboguny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan şeýle-de paýtagtymyz Aşgabat şäherinden türgenler gatnaşdylar. Geçirilen duşuşyklaryň netijesi boýunça 43 kilogram agram derejesinde Aşgabat şäherinden Göwher Nepesowa, 47 kilogram agramda Lebap welaýatyndan Diana Periýewa, 52 kilogram agramda Aşgabat şäherinden Jeýran Aşyrowa, 57 kilogram agramda Daşoguz welaýatyndan Bibijan Gülmürzäýewa, 60 kilogram agramda Lebap welaýatyndan Aziza Sopyýewa, 70 kilogram agramda Aşgabat şäherinden Jeren Toýlyýewa, 84 kilogram agramda ýene-de Aşgabat şäherinden Mähriban Jumaniýazowa, 84 kilogram agramdan ýokary agramda  Aşgabat şäherinden Sülgün Atajanowa dagy ýaryşyň deslapky tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýaryş dowam edýär.


Okalan sany: 501   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
28 декабря 2013


Ýaryşyň ýeňijileri bilen soň tanyşdyraryn.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05624 sek. ýüklenen baýt: 30602