Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Robotlar bäsleşdiler.
Ýazylan wagty: 28 декабря 2013 Ýazan Sasoltan

 Ýaponiýa bütin dünýäde “Sumo” göreş sungatynyň watany hasaplanýar. Ýurduň paýtagty Tokiýonyň “Sumo” göreş sungaty üçin niýetlenen meýdançalarynyň birinde robotlaryň arasynda bu ugurda ilkinji dünýä çempionaty geçirildi. Bäsleşige gatnaşýan robotlaryň boýy 20 santimetre deň bolup, agramy üç kilogramdan geçmeli däldirler. Robot göreşijileriň her biriniň maksady meýdançadan öz bäsdeşini çykarmakdan ybaratdyr. Adatça bu bäsleşik hem üç ýyl bäri oňa gatnaşyp gelýän 70 ýaşly Nariýo Tamuronyň robotyndan üzňe geçirilmeýär. Hemişe bolşy ýaly bu gezek hem ol özüniň durnuklylygy we güýçliligi bilen tapawutlanmagy başaryp, jemleýji tapgyra çykmaga arkaýyn mümkinçilik alýar. Robotlaryň käbiri özüniň tizligi, hüjüm edijiliginiň çalasynlygy arkaly hem saýlanýar. Bäsleşigiň jeminde Nariýo Tamuronyň robotynyň dünýäniň çempiony bolmagy bilen tamamlandy. Ýöne beýleki robotlaram özleriniň asgyn gelendigine gynanmadylar. Çünki olar bu ugurda özleriniň tejribelerini ýene bir gez artdyrdylar.


Okalan sany: 429   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07637 sek. ýüklenen baýt: 29716