Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Tennis ýaryşynyň netijesi.
Ýazylan wagty: 29 декабря 2013 Ýazan Sasoltan

Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän “Galkynyş” bedenterbiýe sagaldyş sport toplumynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça geçirilen ýaryşda 2013-nji ýylyň iň güýçli türkmen ussatlary kesgitlenildi. Olar TOP-12 atly ýaryşyň jemleýji final ýaryşynda güýç synanyşdylar. Geçirilen ýaryşyň jemlerine laýyklykda, zenanlar toparynda Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony Enejan Ballyýewa ýeňiş gazandy. Ikinji orny Mähriban Mähtiýewa eýeledi. Üçünji orna bolsa Ýekaterina Graniskaýa mynasyp boldy. Erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa, birinji orna Rawil Ahmedow mynasyp boldy. Ýaryşda ikinji orny Döwran Gowkaýew eýeledi. Ýagmyr Taganow bolsa üçünji orny eýeledi. Indi stoluň üstünde oýnalýan tennisiň türkmen ussatlaryna indiki ýylyň Fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlyk garaşýar. Onuň netijeleri dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin ýygyndynyň düzümüni kesgitlär. Bu ýaryşlar Aprelde Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda zeminiň iň oňat türgenlerini ýygnar.


Okalan sany: 437   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09201 sek. ýüklenen baýt: 29655