Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Talyplar bäsleşdiler.
Ýazylan wagty: 29 декабря 2013 Ýazan Sasoltan

 


Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Içeri Işler Ministrliginiň “Galkan” sport merkezinde täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň ähli ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň gatnaşmagynda sportuň sambo görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş 9 agram derejesinde geçirilip, oňa jemi 12 topar gatnaşdy. Ýaryşa talyp ýaşlar uly höwes bilen gatnaşyp özleriniň sporta bolan höwesini artdyrmak bilen çäklenmän eýsem-de, sportuň bu görnüşine bolan ussatlyklaryny ýokary derejede görkezmegi başardylar. Ýaryş ýaşlaryň sporta bolan söýgüsini artdyrmak, bedenterbiýäni we sporty endige öwürmek maksadyna gönükdürildi. Geçirilen ýaryşyň jemi boýunça toparlaýyn birinji orna Türkmenistanyň Milli Sport we Syýahatçylyk institutynyň topary, ikinji orna Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Harby institutynyň topary, üçünji orna hem Türkmenistanyň Ulag we Aragatnaşyk institutynyň topary  mynasyp boldy. Sport talyp ýaşlara güýç gaýrat, agzybirlik, pikirdeşlik we geljek üçin ösüşli maksatlary bermek bilen çäklenmän, eýsem-de, zähmet işjeňligini ýokarlandyrýar. Sporta mahsus bolan okgunly wagt we tizlik berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň keşbini alamatlandyrýar.


Okalan sany: 520   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06430 sek. ýüklenen baýt: 30104