Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl mynasybetli Aşgabatdaky dabaralara gatnaşdy
Ýazylan wagty: 30 декабря 2013 Ýazan Krassavchik
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde, ýurdumyzyň Täze ýyl mynasybetli Baş arçasynyň ýanyndaky dabara gatnaşdy. 

Soňky ýyllarda ýola goýlan däbe görä, türkmen paýtagtynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen özboluşly gözel ýerleriniň biri hasaplanýan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyla bagyşlanan dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. “Älemde” dynç alyş attraksionlaryndan başga-da, astronomiýa, kosmonawtika, kosmiki enjamlar bilen tanyşmak üçin şertler döredildi we munuň özi çagalaryň höwes edip gelýän Merkezine öwrüldi. 

Bu ýerde, has beýik, bezegli arça ornaşdyryldy we onuň daş-töwereginde Täze ýyla mahsus ýagdaý döredildi. Gözel arça barýan ýodalaryň ugrundaky arçalar dürli bezegler we çyralar bilen bezeldi. Ertekileriň gahrymanlarynyň täsin keşpleri, Täze ýylyň nyşany bolan owadan bedewleriň şekilleri özboluşly sazlaşyk döredýär. Bu ýerde ertekilere mahsus dünýä aralaşylýandygyny alamatlandyrmak üçin derweze görnüşinde altynsow gurluşlar – dürli çyralar ýörite goýlupdyr. Täsirli saz, Täze ýyl bezegi meýdançada bu hoşniýetli we ajaýyp baýramçylyga mahsus ýagdaýy döredýär. 

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Baş arçanyň ýanyndaky dabaralara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky we paýtagtymyzdaky mekdeplerde okaýan çagalar çagyryldy. Bu ýerde Täze ýyl dabaralaryndaky Aýazbaba we Garpamyk, bäsleşiklerde üstün çykyp, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky dabaralara köpsanly ýoldaşlary bilen gatnaşmaga mynasyp bolanlar bar. 

Bu gün bu ýere köpsanly myhmanlar ýygnandylar, olaryň arasynda ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri bar. 

Çagalar belent mertebeli milli Liderimize -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sabyrsyzlyk, tolgunma bilen garaşýarlar. Döwlet Baştutanymyz asylly däbe görä, her ýylda çagalar bilen Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde şatlygy paýlaşmak arkaly ruhubelentlik we joşgün bilen, Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky şadyýan baýramçylyk dabarasyna gatnaşýar. 

Sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat gelip ýetýär – döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy meýdançanyň ýanynda saklanýar. Milli lybasly çagalar döwlet Baştutanymyza hoşboý ysly gül desselerini gowşurýarlar. Çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şadyýan, ýakymly arzuwlar we goşgular bilen garşylaýarlar. 

Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl mynasybetli, şadyýan aýdym-sazlaryň ýaňlanmagynda bagtyýar çagalar bilen bilelikde Täze ýylyň esasy nyşanyna – gök öwsüp oturan 34 metrlik, dürli şarlar, owadan çyralar, zerli sapaklar we arça dakylýan oýnawaçlar bilen bezelen arçanyň ýanyna barýar. Şu ýylda owadan arçanyň däbe öwrülen bezeginde milli öwüşginleriň bardygyny aýtmak gerek. Diametri 50 santimetrlik we älemgoşar reňklerindäki şarlar halynyň göllerini, şeýle hem türkmen paýtagtynyň binagärlik toplumlaryny, ýurdumyzyň tebigatynyň ajaýyp künjeklerini ýada salýar. Çyralar ýetip gelýän Täze -- 2014-nji ýyl bilen bagly gutlaglary alamatlandyrýar. Owadan nagyşlar we arçada öňe tarap “okdurlyp barýan bedewiň” şekili hem bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Oguzhanyň ýyldyzy 2014 diýen ýazgy arkaly owadan arçanyň depesini bezeýär. Arçanyň töwereginde içi Täze ýyl sowgatlaryndan doldurylan owadan sandyklar we arabalar goýlupdyp. 

“Älem” merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy çagalaryň döredijilik toparlary aýdym-sazlar, joşgunly tanslar bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň ýaş raýatlary milli Liderimize mähirli gutlaglaryny we arzuwlaryny beýan edýärler. 

Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşyjylaryň ählisini mähirli gutlaýar. Aýazbaba we Garpamyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary bilen ýüzlenýär. Olar ýaş türkmenistanlylaryň adyndan döwlet Baştutanymyza çagalar, ýurdumyzda ýaş nesliň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösdurilmegi ugrunda örän oňaýly şertleriň döredilýändigi üçin hoşallyk bildirýärler. Garpamyk milli Liderimizi çagalaryň döredijilik toparynyň gatnaşmagyndaky baýramçylyk dabarasyny synlamaga çagyrýar. 

Ertekiler şäherjiginde Milli konserwatoriýanyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep -- internatynyň orkestri we hor topary tarapyndan ýerine ýetirilen mukamlar we aýdym-sazlar çagalara mahsus görnüşde täsirli we şadyýan ýaňlandy. Tanymal “Akpamyk”, “Gyzyl güljagaz”, “Şatlyk”, “Ruhubelent çagalar”, “Joşgun” çagalar toparlary Täze ýylyň gargşylanmagyna özleriniň döredijilik çykyşlaryny taýýarlady. Dabara gatnaşyjylar owadan, şol sanda türkmen we dünýäniň halklarynyň ertekilerindäki gahrymanlaryň lybaslarynda çykyş etdiler. Ertekileriň bu gahrymanlary, şol sanda täsin bedewler şadyýan tansa gatnaşdylar. 

Milli Liderimiz çagalaryň çykyşyna kanagatlanma bilen syn etdi. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň saglygy, bilimi, sazlaşykly ösüşi, watançylyk ruhunda we estetiki taýdan terbiýelenmegi döwlet derejesinde ileri tutulýan wezipeleriň hataryna goşuldy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol wezipeleriň berjaý edilmegine aýratyn möhüm ähmiýet berýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna hem-de eneligiň we çagalygyň goralmagyna gönükdirilen möhüm ähmiýetli resminamalarynyň birnäçesine goşulyp, öz borçnamalaryna ygrarlydygyny dünýä bileleşigine äşgär edýär. 

Ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde gurlan we gurulýan, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary muňa aýdyň mysal bolup biler. Gökderäniň, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp künjeklerinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän çagalaryň sagaldyş merkezlerinde, göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerdäki täze, döwrebap çagalar sagaldyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar. Milli bilim ulgamy batly depgin bilen özgerdilýär, munuň özi çagalaryň dünýäniň has ýokary ülňüleriniň derejesinde bilim almagynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň göwnejaý dynç almagyna-da içgin üns berýär. Çagalar Täze ýyl baýramçylygynyň yzysüre başlanýan gyşky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki sagaldyş merkezlerine barar, ähli welaýatlardan çagalaryň 4 müňüsi Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky dabaralara gatnaşar. Şol dabaralaryň maksatnamasy baýramçylyga we hakyky ertekilere mahsus çärelerden ybarat bolar. 

Milli Liderimiz işiniň köpdügine garamazdan, ýaş türkmenistanlylar bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga wagt tapýar. Şu Täze ýyl baýramçylygy-da muňa mysal bolup biler. 

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli täsirli dabara tamamlanandan soňra, tamamlanyp barýan 2013-nji ýylyň we ýetip gelýän 2014-nji ýylyň nyşanlary hasaplanýan ýylanyň we bedewiň lybaslaryny geýnen çagalar: “Mähriban Arkadagymyz, biziň Täze ýyl arçamyzyň daşynda aýlanaýalyň!” diýen sözler bilen ýüzlenýärler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalaryň haýyşyny kanagatlandyryp, olar bilen, hemmeler tarapyndan arzylanýan baýramçylygyň şatlyk-şagalaňyny bilelikde paýlaşýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy we munuň özi çagalarda uly şatlyk-şagalaň döretdi. 

Milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli, çagalaryň haýyş etmegi boýunça olar bilen bilelikde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar bilen hoşlaşanda, çagalary Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mähirli gutlap, berk jan saglyk, okuwda üstünlikleri gazanmagy, bagtyýarlyk we iň arzyly islegleriniň hasyl bolmagyny arzuw etdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mizan” işewürlik merkezinde geçirilen Täze ýyl baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy. 

Bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň hem-de wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, önümçiligiň öňdebaryjylary ýygnandylar. 

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere ýygnananlaryň ählisini ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, olara bagt, maşgala abadançylygyny we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. 

Bu ýerde ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlar, zalyň baýramçylyk görnüşinde bezelmegi bu dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Milli Liderimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy, ýurdumyzda bolup geçýän ägirt uly özgertmeler we ýetilen sepgitler hormatly Prezidentimiziň ady bilen aýrylmaz baglydyr diýip, baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar nygtadylar. Olar döwlet Baştutanymyzy Täze ýyl bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan iri möçberli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler. 

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň medeniet we sungat ussatlarynyň, paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleriniň gatnaşmagynda aýdyň öwüşgünli aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Okalan sany: 634   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06130 sek. ýüklenen baýt: 47255