Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Täze ýyl degişmesi
Ýazylan wagty: 08 января 2014 Ýazan NEXTTM

Täze ýyl degişmesi

    Ýylyň  soňky  günleri. Bosagada Täze  ýyl .  Aýazbabanyň kellesinde bolsa güýz  şemaly ýaly her hili  pikirler at çapýar. Ol  Içgepledýär:

        --Köne ýyldan-a hoşaldyryn. Ýöne özümden welin   göwnüm suw içenok.
        ---Neneň içsin.   Ýogsam, gürläňde ile  gezek  bereňok. Pylan ugurdan  çempion men , pylan  ugurdan dünýä rekordyny goýdum diýýän sen dälmi?! Ynha, ýylama  soňlap barýar. Şol  wadalaryň yzynda-da  durmaly  borsuň indi. Nä ýüzüň  bilen ile  çykjak,  Täze  ýyl arçasyna—çagalaryň  arasyna-da  barjaksyň.
        Aýazbaba bu  gyjalatlara  çydap bilmedi. Ertire çyksam bes. Men  size Aýazbabanyň kimdigini görkezerin. Meň bilen  gözüňiz  öwrenişipdir siziň.

      Gijesi bilen Aýazbabanyň gözüne çüý kakylana döndi. Gijäniň birwagty  turaga-da Buzly köşge ýa-da boks  meýdançasyna gidiberesi  geldi.

       ---Ýok, beýtmäýin.   Bar, diýeli, gijäniň  ýarymynda dünýäniň rekordyny täzelänmişim-dä. Kim  ynanar. Hiç kim. Gaýta, pylanynyň rekord goýşy diýen gürrüňe galaryn. Ertire çykaly  bakaly. Goý, rekordlar bir  gije soňrak  täzelenjek eken-dä.  Daň atsa bes. Rekordy  menden alsynlar.

       Ertesi  Aýazbaba boks  elligini egninden asyp, hokkeý  taýagyny guşagyna gysdyryp öýünden  çykypdyr.
       --Ir bilen howuza barmaýyn. Suw  sowukdyr.  Suw  gyzýança,  gel, boks meýdançasyndakylara biraz “sapak”  bereýin.

       Elleri  gaýyş  ellikli  Aýazbabany gören  ýigitler hezil edip  gülşipdirler.
       ---Oglanlar,  men  sizi beýdip  uzag-a  çüldirmezdim. Arman, Täze  ýyl bolansoň biraz  aladam köp.  Indem näme, ýöriteläp  gelemsoň   boş gitmäýin,  gülkiňize  birazajyk suwjagaz sepeýin, gaty göräýmäň ýene.  Iki- ikiden ýa-da  üç bolup  geliberiň. Ýumruk paýyňyzy  menden  alyň. Ýaňy   şertleşdik.  Barmaly ýerim,  täzelemeli rekordym köp  diýip. Şoň   üçinem ýüze, esasanam göze-burna  gaty urmasy  ýokdur. Menem  gaty  urmajak bolaryn.Ýogsam urgym-a Kliçkonyňkydan kem däldir.

       Şondan  biraz wagt soň Aýazbabanyň ýüz-gözüni  göm-gök  edip boks meýdançasyndan çykyp barýanyny  görenler-ä bar. Dogrusy, ony    tanapdyrlarmy  ýa-da ýok, şol-a  belli  däl.

        Şol pursat   gapdaldaky howludan     Aýazbabanyň  güwläp  duran  gulagyna  motorlaryň   sesi eşidilipdir.
       ---Ine, bu  bolýa. Indi  size   motor sürmekde ussatlygymy görkezeýin. Birinji  derejäm  bar-a. Tizden sport  ussady  diýen adymam gelmeli.Onsoň  öňüme  adam geçirmerin  men.

       Şobarmana Aýazbaba iki tekerli motora böküp  mündi. Motoryň depeden aşanyny, Aýazbabany bolsa göterip “tiz kömek”  maşynyna ýüklänlerini görenler-ä bar. 

      ---Aýazbaba  hassahanada hyrçyny  dişläp  ýatyr. “Indi  sen  Aýazbaba däl-de, hakyky  Aýazhan. Hanlaryň hany sen. Indi aýagyňam-a dört boldy. Munça bolanyna laýyk Buzly  köşge-de gideýin. Garpamyk Aýazbaba gorkýandyr öýdüp pikir edäýmesin. Asla, Aýazhan gorkmaz.Gorkan gorksun. Goý, menden gorksynlar.Garpamyga-da birazajyk  “sapak” bereýin. Hiç zat  öwredenok  diýip öýkeläp  ýörmesin”.

      Buzly  köşkde ýeke özi  pyrlanyp  ýören Garpamygyň gözi iki  peşegine  söýenip duran Aýazbaba kaklyşypdyr.
    --Salam Aýazbaba, hoş  gördük.Ýüz-gözüňizi gaty  reňkläpsiňiz. Näme, özüňizi tanatmajak bolýaňyzmy?
    -- Bildiň gyzym. Aýazbaba diýilýän Täze  ýyl  gijesi tanalmasa gowy. Şoň  aladasy bi.
     -- Akpamykjan, bu  gün derwezede  kim durmaly.
     --Nobat-a  siziňki bolmaly Aýazbaba!
       --Bä, bu gün  meňki  boljak däl-ow—diýip, ökünip durşuna Aýazbaba peşegini  hokkeý taýagy  edinip, derwezäniň alkymyna  barypdyr.

      --Akpamykjan, ertirem baýramçylykdyr. Hokkeý  pökgüsini  ýuwaşrak uraweri. Gözüme-gulagyma  degäýmesin birden. Aýazbaba “Öňem yzam ýeterlik’  diýip ýuwaşja  pyşyrdaýar.
        ---Eşidemok, Aýazbaba. Näme  diýýäň, gatyrak gürlesene!

      --   Wah, gürlejek-le, ýöne eňegim diýen  edenok-da. Seň bilen çagalara sowgadam  paýlamalydyryn---diýýän.

      Akpamyk  hokkeý  pökgüsini  urmak  üçin  bat alýança Aýazbaba gözden gaýyp bolupdyr. Onuň Buzly  köşkden peşeklerini süýräp çykyp barýanyny  gören-ä bar. Ýöne   nirä, haýsy  ugra gideni belli däl. Belki, Täze  ýyl gijesi bir ýerden çykaýady-da!

Okalan sany: 703   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08180 sek. ýüklenen baýt: 35514