Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Paýtagt bäsleşikleri.
Ýazylan wagty: 08 января 2014 Ýazan Sasoltan

    Paýtagtymyzyň Abadan etrabynda ýerleşýän sport mekdebinde sportuň Hapkido, Uşu, Karate görnüşleri boýunça sport çäresi geçirildi. Bu geçirilen sport çäresine Aşgabat şäheriniň türgenleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bu çäräniň baş maksady milli sportumyzyň ösmegine mundan beýläk hem ýardam bermeklige, halkymyzyň bedenterbiýä we sporta, sagdyn durmuş ýörelgesine bolan höwesini artdyrmakdan ybaratdyr.


     Paýtagtymyzda ýerleşýän “Galkynyş” bedenterbiýe sagaldyş sport toplumynda ýurdumuzyň ähli ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň gatnaşmagynda sportuň Futzal görnüşi boýunça ýaryşyň final duşuşyklary geçirildi. Bu geçirilýän ýaryşa jemi 19 topar gatnaşyp, olar dört toparça bölünip oýnadylar. Onda Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň “Hazyna” topary bilen Türkmen Oba hojalygy Uniwersitetiniň “Hasyl” topary duşuşdy. Özboluşly aýratynlyga eýe bolan bu duşuşykda “Hasyl” toparynyň oýunçylaryna utmak başartmady. Netijede duşuşyk 5:2 hasabynda “Hazyna” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Türkmen Döwlet Binagärlik Gurluşyk institutynyň “Binagär” toparynyň talyplary bilen Türkmenistanyň Milli Sport we Syýahatçylyk institutynyň “Talyp sporty” toparynyň geçiren duşuşugy hem 5:0 hasabynda “Talyp sporty” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilýän futzal ýaryşy dowam edýär.


      Sportuň Uşu görnüşi boýunça Türkmenistanyň Kuboguny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 170-den gowrak türgen gatnaşdy. Ýaryş diýseň çekeleşikli we dartgynly pursatlaryň ençemesini özünde jemledi. Onda türgenler bu ýaryşa diýseň ýokary derejede taýýarlykly gelendiklerini bütin aýdyňlygy bilen görkezmegi başardylar. Ýaryşyň netijesi boýunça toparlaýyn birinji orna Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary, ikinji orna Ahal welaýatynyň topary, üçünji orny bolsa Daşoguz welaýatynyň topary eýelemegi başardy.


 


Okalan sany: 486   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05515 sek. ýüklenen baýt: 31405