Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Kalbymyň owazy.
Ýazylan wagty: 09 января 2014 Ýazan NEXTTM
Kalbymyň owazy.

Meniň elimde geçen ýyl çap edilip başlanan „Medeniýet“ žurnalynyň 1-nji sany bar. Onda „Şasenem-Garyp“, „Leýli-Mežnun“, „Gül-Bilbil“, „Aýna“ operalaryny döredenleriň biri, onlarça  ajaýyp aýdymlaryň sazyny ýazan kompozitorymyz, Türkmenistanyň halk artisti Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Daňatar Öwezowyň suraty berilipdir. Ol roýalyň başynda işläp otyr, elinde galam, öňünde kagyz. Şatlykly nazary ýene bir ajap heňi tanana meňzeýär. Gör şeýle pursatlar onuň durmuşynda näçe bolandyr. Her bir täze tapan heňine çaga ýaly begenendir, hakykatdanam, ol çaga ýaly päkdi, pesgöwündi, dogruçyldy, ýaş ösdürimleriň aladasyny edip bilýän adamdy. Ol ençeme zehinli ýaşlaryň kompozitory bolup ýetişmegi, saz ýazmagy goldaw beripdi, olary döredijilik ýoluna ugur görkezen  adamdy. 

Orazgylyç Gurbannyýazow, Mämi Çaryýew, Ata Esadow, Enwer Azizow dagy ondan tälim alypdylar. Ýşuly kompozitorlarlarymyz olary goldap, degerli maslahatlar beripdi.

Bir gezek şeýle bir waka boldy. Ýaňy adygyp başlan kompozitor Orazgylyç Gurbannyýazow bir gowy aýdym getirdi. (Şol aýdymyň, onuň iň şowuna düşen aýdymlarynyň biri „Ýazlarym bar“ bolmagy hem mümkin). Diňlenşikden soň, aýdyma baha kesmeli bolanda, satyn almakçy boldy. Aýdym weli diýseň labyzlydy, gulaga ýakymlydy. Şonda esli wagty dymyp oturan Daňatar Öwezow şeýle diýdi: 

- Şu şowuna düşen eser. Munuň awtorynyň uly geljegi bar. Ol uly kompozitor bolup ýetişer. Geliň, zehinli ýaş ýigidi goldalyň, aýdymyň nyrhyny galdyryp, ony höweslendireliň. Juda puluňyz az bolsa, ýaňky menden almakçy bolan aýdymyň bahasyny peseldiň-de, şu aýdymyň galam hakyna goşaýyn. Şondan soň başlygam „kejirlik“ edip durmady, ýaş awtoryň ganararyny köpeltdi.

Daňatar Öwezow saza höwesli ýaşlary gowy görerdi. Olardan öz maslahatyny gaýgyrmazdy. Onuň göwni ýetik „Hökman okagyn“ diýen oglanlaryň birem, Orazgeldi Berdiýewdi. Daňatar aga, Orazgeldi Maskwada konserwatoriýada okap ýörkä ýoly düşse, ondan habar alardy, duşuşardy, ýagdaýlaryny sorardy, ýazan eseri bar bolsa gözden geçirip bererdi. Orazgeldiniň hjuwyna, tutanýerligine, halk döredijiligin bilşine göwni ýetrdi. 
Bu gün Orazgeldi Berdiýew simfoniki arkestrymyzyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti diýen derejä, hormatly ada eýe boldy. Ol otursa-tursa öz mähriban halypasyny ýatlaýar. Ýaş ösdürimlerimiziň özlerine halypa tutunyp, olary hemişe hormatlamaklaryny isleýäris.

Men şu ýerde aýdymlarynyň döreýşi barada Daňatar Öwezowyň hut özünden eşiden, dostlarymdan sorap bilen käbir zatlary aýdasym gelýär.
Goý, ol gürrüňler ýaşlarymyza hormatly kompozitorymyzy ýene bir gezek ýatlatsyn.
Eger ýadyňyzda bolsa „Şasenem-Garyp“ operasynda Garybyň dosty Ilmyrat bazarda palowy taryplap aýdym aýtýandyr. Il içinde ol aýdyma „Palowa gel“ diýilýär. 

Bu palow han palowdyr, jan palowdyr bu palow,
Bu palow janan palowdyr, şan palowdyr bu palow. 
Bu palow ýagly palowdyr, derde derman bu palow,
Jüýje käşirli palowdyr, tüýs palowdyr bu palow.
Näzli nygmat arasynda bu palow, soltan palow,
Iýenler şat, iýmegen mat, derde derman bu palow!

Şeýle setirler bilen başlanýan bu aýdyma giriş ýaly bir zat gerekdi. Aýdym başlanmanka, oňa çagyryş gerekdi. Nämede bolsa aýdymdan, ýokarky setirlerden öň bir zatlargerekdi, men şol gerek zady, ýagny başlangyjy tapman gaty kän kösendim, diýip Daňatar aga ýatlardy.
-Bir gün işläp otyrkam ýadap, teatryň howlusyna dynç almaga çykdym. Görsem bir oglanjyk howludaky granda ýetip barýar. Grandy açdy, suw akyp başlady, oglanjyk suwdan içdi, soňam aňyrdaky ýoldaşlaryna (olar howlynyň daşynda duran bolmaly) elini bulady. „Gel gel, suw bar“ diýip, çalaja gygyrdy. Ana, maňa ýetmeýän zadym, näçe gün bäri tapyp bilmän hupbatbaryny çekip ýören zadymam, şol „Gel gel!“ bolup çykdy.
„Gel gel, palowa gel!“- ana ýetmeýän zat! Ana aýdymy nämeden başlamaly. Palowa çagyryşdan başlamaly, soň ony taryp etmeli.

Men özümiň halasgärim, „Palowa gel“ aýdymynyň ýaşajyk „awtoryna“ minnetdarlyk bildirmek üçin, jaýdan çykdym-da, oglanjygatarap ugradym. Ýaşajyk dostum, meni garawuldyr, grandy soraman açanym üçin özüne söger öýtdimi, nämemi garaz zym uçan ýaly boldy. Yzyndan gygyrdygymça-da beter gaçdy. Şeýdip, men öz ýaşajyk dostumyň ne adyny bilip bildim, ne-de sag bolsun aýdyp bildim –diýip, Daňatar öwezow gynanyp gürriň berdi.

Hawa, Daňatar aga „Palowa gel“ aýdymyny opera goşdy. „Oýan“ atly türkmen halk aýdymyny tizleşdirip ulandy. „Gel gel palowa gelem“ goşdy. Şeýdibem Türkmenistanyň halk artistleri Ýolaman Hummaýew, Hojaw Annadurdyýew dagy tarapyndan ilkinji gezek aýdylan, şu güne çenli ençeme aýdymlaryň repertuaryny bezän „Palowa gel“ döredi. Şeýle-de, köpçilik tarapyndan garşylandy we garşylanýar.
Daňatar Öwezow il içine çykmagy halardy. Çeper höwesjeňler üçin ýörüte aýdymlar ýazardy. „Balsaýadyň gyzlary“, „Kyrk baharyň gülleri“, „Kakam gelmedi“ diýen aýdymlar şol aýdymlardandy. „Balsaýadyň gyzlary“ saýatly gyzlara bagyşlanan bolsa, „Kyrk baharyň güllerine“ höwesjeňler tans goýdylar.

Daňatar Öwezow, Gara Seýitliýew hem aýdymçy Hojaw Annadurdyýew üçisi bile işleýän ekenler. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew onuň aýdymlarynyň köpüsiniň sözüni ýazyp berýär. Türkmanistanyň halk ýazyjysy Hojaw Annadurdyýew bolsa, kompazitoryň kän aýdymyny ilkinji bolup ýerine ýetiren aýdymçy. Ol Daňatar agany gaty talapkär adam hasaplap, ylhamyna hormat goýan adamdy. Ol: „Biz „Aýnabat“ diýen aýdymy döredenimizde azarbaýjanlaryň „Sureýa“ aýdymyna meňzejek bolýar diýenler hem tapyldy. Ýöne „Aýnabat“ „Sureýadan“ iki ýyl öň çykdy. Şonda-da Daňatar ol şyltagy gaty ýokuş gördi“ diýip ýatlaýar.
„Leýla“ aýdymynyň tekstiniň üstünde  üç ýyl işlemeli boldy. „Hallygözel“ aýdymynyň teksti üçin maňa hupbat görkezmedi“ diýip, kompozitoryň söwer dosty ýatlaýardy.

„Leýla“ aýdymynyň başdaky goşgusy „Parfiýan şalygynda gördüm özüni“ diýip başlaýan eken. Ol ençeme gezek üýtgän, ahyry „Bagyr obasynda gördüm ol gyzy“ bolup galýar.
„Leýla“ diýip at goýulşam gaty geň. Daňatar Öwezow Daşkentde okan döwründe olar bilen Leýla diýip, bir garajürjeneje kürt gyzy okan eken. „Näme üçin digini bilemok, ýöne şol garaja gyzyň keşbi zol gözümiň öňüne geldi durdy. Aýdym „Güldi-de gitdi“, „Aldy-da gitdi“ diýen jümleler bilen gutarýardy.
Göwnüme bolmasa heň döwülýän ýaly, jotdoja bolup durdy. Birdenem şol gyzyň keşbi göz öňüme geldi, „Güldi-de gitdi, Leýla“ diýdim welin şol „Leýla“ sözi aýdymy gelşikli edaýdy. Hemme zat ýerbe-ýer bolup duruberdi“ diýip Daňatar aga ýatlaýardy.

„Leýla“ (sözleri Gara Seýitliýewiňki) Daňatar Owezowyň soňky aýdymlarynyň biri. Şol aýdym ýaran bolsa gerek, aýdym adygandan soň, gyzlarynyň adyna Leýla dakanlar köpeldi. Meniň öz gyzymyň ady-da Leýla. Bu at Daňatar Öwazowiçiň, onuň şol aýdymynyň hormatyna, uly kompozitor aradan çykandan soň dakyldy.
Daňatar Öwezow gaty adamkärçiliklidi. Bitertipleri halamazdy, dynç almak üçin meýdana çykylanda, iň soňky çöp-çalama çenli ýygnap gömmegi tabşyrardy. Tebigaty söýerdi, onyň päk saklanmagyny islärdi. Meýdanda çem gelen ýerde ot ýakýanlar, tebigaty harlaýanlar Daňatar aganyň gyr jynydy. „Tebigatdan senden soňam adamlar peýdalanmaly ahyry!“ diýip, ol käýinerdi. Bu bize sapakdy.

Daňatar Öwezow milli saz sungatymyzyň ösmegine uly goşant goşan adam. Onuň „Gül-bilbil“, „Şasenem-Garyp“, „Leýli-Mežnun“, „Aýna“ operalary „Hallygözel“, „Aýnabat“, „Pöwrüze“, „Joş kanalym“, „Täzegül“, „Balykçynyň aýdymy“, „Dnepriň kenarynda“, „Keýpim kök“, „Leýla“, „Istänki gözel ýarym“, „Gözleriň“...ýaly, isleseň-islemeseň diliňe gelip duran, gaýtalanyňy duýman galýan anlarça aýdymlary milli sungatymyzyň altyn hazynasyna goşuldy. Ol sazdan özüne ýadygärlik goýdy. Onuň döredijiligi, sypaýylygy ýaşlar üçin nusga bolup galar.

Teatr öwreniji 
Hudaýberdi Bäşimow

Okalan sany: 556   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06022 sek. ýüklenen baýt: 38986