Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Men teatrda.
Ýazylan wagty: 09 января 2014 Ýazan NEXTTM


Men teatrda.

Bu waka öňräk bolupdy.
Teatrlaryň birinde hupbatly geçen taryhy wakalara bagşlanan oýun gidýärdi. Tomaşaçylar zaly hyryn-dykypdylar. Oýunuň wakalary dartgynly pursata ýetdi. Hiç kimden ses çykanokdy. Birdenem.... Yzyrakdaky hataryň birinde oturan ýaş ýigit şykyrdadyp süýji kagyzyny açyp başlady we ýanynda oturan geýinüwli gyza hödir etdi. Gyz näçe almajagam bolsa, ýigit ony gününe goýmady. Gyz süýjä elini uzadanda, onuň elindäki açar ýere gaçdy. Boldy bir şakyrdy. Hemmeler şol tarapa seredýär. Iň erbet ýerem adamlaryň ünsi bölündi. Artistlaryň azaby puja çykdy, dartgynlylyk bozuldy.

Men şu ýagdaýa kejigip, oýun gutaransoň teatryň administratorynyň (tomaşany gurnaýjy, tomaşaçylar bilen işleýän) ýanyna bardym. Ol maňa şeýleräk gürriň berdi. 

-Umuman teatra oýun görmäge gelýänleriň köpüsi taýarlykly gelýär. Olar tomaşa görmäge bir näçe gün öňünden petek alyp goýýarlar, Toýa gitjek ýaly bolup bezenip-beslenip gelýärler, bolmalysam şeýle. Ýöne, gynansagam köpçilik-köpçilik bolýar, arasynda her hilisi bar. Teatra tötänden düşenlerem, öz tanyşan gyzy bilen gürleşmäge amatly ýer tapandyryn öýtýänlerem tapylýar.

Teatra arassa geýinip gelmeli. Ol medeniýet ojagy, oňa sarpa goýmaly. Eger sen teatra gitmegi meýilleşdirýän bolsaň, bildirişler arkaly, mahabatlar arkaly haýsy teatrda nähili oýun bardygyny anyklaň, öz görmek isleýän spektaklyňyzy kesgitlemeli. Ýoldaşly gitmekçi bolsaň, oňa sala salmnaly. Anyk bir oýunyň üstünde duranyňdan soň, şol güne petek almaly.

 Gyş güni, howa çigrek wagty, ýagyn ýagýan döwri bolsa, ädikli çykmaly bolsa, ýanyňda teatrda geýer ýaly arassa kýwüş getirmeli, bu esasanam zenanlara degişli. Olar teatrda bolanlarynda özlerine serenjam bermäni halaýarlar.

Teatra barlandan soň daşky eşikleriňi çykarmaly, gardiroba (teatryň foýesindäki tomaşaçylaryň üstüki eşiklerini we el goşlaryny saklamak üçin ýörüte ýer) tabşyrmaly. Berilen, ýüzüne san ýazylan demirjigi, şol bada jübä salyp goýmaly, bolmasa, ýokarda gürrüň beren wakalarymyzdaky ýaly, ony eliňden gaçyryp, şakyrdy turuzmagyň müňkin. Şonuň üçin tä oýun gutarýança jübiňizde bolsa gowy, hem ygtybarly bolar, ýitmez we adamlary bynjalyk etmersiň.

Teatrda şakyr-şukur edip, gurşyn gaba gaplanan süýjileri açmak, çigit çigitlemek  çüýşäňi şakyrdadyp suw içmek, dolangy zady getirip, iýmek gelşiksiz. Özüň ýaly oýun görmäge gelen goňşularyňa hormat goýmaly.
Teatrda oýun başlamazdan öň üç gezek jaň kakylýar. Birinji jaň, oýun başlamazdan ýarym sagat öň. Şonda siz zala girip başlamaly. Ikinli jaň 15 minut glanda berilýär. Şonda tomaşaçylar eýýäm öz orynlaryny tapyp, ýerlerinde mazzaly ornaşmaly. Üçinji jaň oýun başlamazyndan 2-3 minut öň berilýär. Şol jaňdan soň tomaşaçylar zalyna girmek bolmaýar. Gija galanlar, ýerini gözläp, töweregini bimaza etmez ýaly, şol jaňdan öň ýerinde oturmaly.

Tomaşaçylar zalyna girjek bolanyňyzda el telefonlaryňyzy öçürmeli. Teatrda surat alyp, adamlary bimaza etmek bolmaýar. Ol diňe rugsat berilen adamlara, onda-da hiç kimi binjalyk etmän, artistlere päsgel bermän alýanlara mümkin. 

Oýun wagty gezip ýörmek, tanşyň bilen gygyrşyp gürleşmek, çagaňa gygrmak bolmaýar. Eger zerurlyk döräp çykmakçy bolsaňyz, ýörite size hyzmat edýän, ýeriňizi tapyp berýän adamlar bardyr, ana şolaryň üsti bilen, petek barlaýjylaryň kömegi bilen çykyp bilersiňiz.

Oýun gutarandan soň, turup gidibermeli däl. Zalda çyra ýanýança garaşmaly. Eger oýun size ýaran bolsa, artistleriň şanyna turyp çapak çalmaly. Ol siziň artistdir režissýora, suratça, kompozitora, iň esasam eseri ýazan adama hoşallygyňyzy bildirer. Eger olara bellik etmekçi bolsaňyz, administratoryň üsti bilen ýetirip bilersiňiz. Ýa-da ýazmaça teatryň ýolbaşçylaryna ýetirip bilersiňiz.

Biz siziň medeniýetli dynçü almagyňyzy, teatrymyzdan hoşal bolmagyňyzy isleýäris. Sizem öz gezegiňizde bizi goldasaňyz, oýnumyza gelip, üns berip tomaşa etseňiz, biz gaty razy bolardyk. Bu esasanam ýaşlara degişli. Arkalaşyk iki taraply bolmaly. Oýunlarymyza üns berip tomaşa etseňiz, ruhy lezzet alarsyňyz. Biz mydama sisiň hyzmatyňyzda. Köçede ygyp ýörmek, erbet endiklere ýol bermekdir. Ýagşa öýkeniň. Siziň dykgatyňyza hödürlenýän eserlerden, olaryň gahrymanlaryndan görelde alyň. Şonda edepliligiňiz artar. Biz size garaşýarys.


 Türkmenistanyň at gazanan medniýet işgäri,    
teatry öwreniji, dramaturgy Hudaýberdi Bäşimow


Okalan sany: 422   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08125 sek. ýüklenen baýt: 34281