Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Bauerler” köprüleriň gurluşygynda
Ýazylan wagty: 10 января 2014 Ýazan Krassavchik
Lebapda Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtoulag köprüsiniň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalaryň gurluşygyny alyp barýan Ukrainanyň “Altkom” ýol gurluşyk şereketiniň önümçilik bazasynyň ýerleşýän ýeri bolan derýanyň çep kenarynda demirbeton sütünleriniň guýularyny burawlamak işleri alnyp barylýar. 

Gazyp geçiş işlerini gündüzlikde işi ýerine ýetirmek üçin köp sanly adamlary we tehnikalary işletmek üçin gijesine güýçli yşyklandyryjylaryň ýagtysyna germaniýanyň zynjyrly “Bauer” ýokary öndürijilikli maşynlaryniň ikisi alyp barýar. Burawlamaklygyň çuňlugy 50 metre – gaty topraga çenli ýetýär. 


Bir guýynyň burawlamak we beton işleri bir gije-gündüzde tamamlanýar. Şular ýaly ýokary depginli işler beýleki ýene-de bir desgada – ölçegi boýunça biraz kiçiräk derýanyň üstünden geçýän awtoulag köprüsiniň gurluşygynda alnyp barylýar. 


Häzirki günlerde Amyderýanyň çep kenarynda her bir iş güni diametri bir ýarym metr bolan demir-beton sütünleriň ikisiniň goşulmagy bilen tamamlanýar. Derýanyň sag kenarynda 40 metrden gowrak çuňlugy bolan guýulary gazmak üçin demirbeton sütünlerini ikisini burawlamak we işleriň depginini çaltlandyrmak üçin üçin “Bauerleriň” ýene-de iksi biraz soňra getiriler. Bu, elbetde, gazylýan guýulara köp betony gçýmak üçin gerek bolar. Bulary nazara almak bilen, Amyderýanyň iki kenarynda hem goşmaça iki sany beton garyjy ulanmaga berler. 


Täze ýylda “Altkomyň” işgärleri şäherçäniň golaýynda ýygnama-sökme gurluşlardan gurlan jaýda tam toýuny baýram etdiler. Bu ýerde adminstratiw binasy, ýaşaýyş jaýlary, naharhana, lukmançylyk nokady, dynç alyş we spert şäherçesi bolar. Bu bolsa biziň ukrain hyzmatdaşalrymyzyň gadymy lebap topragynda berk ornaşýandygyny aňladýar. Olar Merkezi Aziýa sebtinde iň iri Amyderýanyň üstünden geçýän köprüni gurmak bilen, bu ýerini ýaşaýjylarynda özleri barada ýakymly duýgulary galdyrmagy maksat edinýärler.
Okalan sany: 394   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07065 sek. ýüklenen baýt: 32827