Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
“Garrylygym ýadyma-da düşenok!”
Ýazylan wagty: 10 января 2014 Ýazan Sasoltan

                                                    “Garrylygym ýadyma-da düşenok!”


– diýip, “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi”, döwlet derejeli elin, ussat şaşkaçy – Allaýar Sytdyhow buýsanç bilen aýdýar.


Allaýar aga ýetmişi arka atyp, hormatly dynç alyşda ýören adam. Şeýle-de bolsa ol gol gowşuryp oturanok. Muny halypa şeýle düşündirýär.


 - Hormatly Prezidentimiziň eýe eden berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwri  türkmen sportynyň galkynýan, dünýä ýol salýan döwri. Şonuň üçin häzir gol gowşuryp oturmagyň wagty däl. Öýde oturyp bilemok. Ýüregim köpçülik, ýaşlaryň, çagalaryň arasy diýip ytygsap dur! – diýip babadaýhan şäherçesinde ýaşaýan, 11-nji orta mekdebiň sport tälimçisi, döwlet derejeli  emin, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, ussat şaşkaçy Allaýar Sytdyhow guwanç bilen aýdýar.


Allaýar aga şaşka bilen adygan adam. Bütin ömrüni  diýen ýaly ynsanlara saglyk paýlap, dünýäde parahatçylygyň ilçisi bolup hyzmat edýän sporta bagş eden halypa şaşkanyň ynsanyň saglygyna peýdasy barada bize şeýle diýdi:


 - Dynç alyşda, arakesmede, toý-üýşmeleňde bu oýunyň belli bahasy ýok. Ol adamyň nerw dartgynlygyny gowşadýar, ýadawlygyny aýdýar. Adamyň ýatkeşligini we pikirleriniň duýgularyny ösdürýär. Gaty gyzykly oýun bolansoň, oňa uly-kiçi teşne. Şeýle bolansoň, bu oýunyň muşdaklary-da köp. Uçarda bolsun ýa-da otluda ony ýany bilen göterip ýörenlerde az däl. Sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, hassahanalarda hem bu oýun höwes bilen oýnalýar. Ýurdumyzda uludan tutulýan toý-baýramlarymyzyň bezegide şu oýun. Şaşka boýunça ýaryşlar hem yzygiderli geçirilýär. Şaşkany aýlanyp, pikirlenip oýnamalydygyny, onuň diňe bir güýmenje bolman, eýsem aňy hem ösdürýändigini gadymy müsürliler ýüze çykarypdyrlar.


Sport weterany, bagtyýar döwrüň ýaşulysy Allaýar Sytdyhow türkmen sportyny dünýä derejesine çykarmakda ýadawsyz aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky alyp barýan işlerine-de kalby hemişe buýsançdan doly:


-  Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, sport bilen meşgullanmakda hormatly Prezidentimiz ýaş nesillerimize nusgalyk görelde görkezip gelýär. Bu meniň goja kalbymy ganatlandyrýar. Türkmen sportynyň täze basgançaklara, dünýä derejesine çykýan şu ajaýyp döwrümizdäki ýeňişler ýollaryny görnimde dogrusy, garrylygym ýadym-da düşenok.   Toý-baýramlara  gatnaşyp, küşt we şaşka boýunça  ýaryşlary-da   geçirip durýarys.  Ol ýaryşlara eminlik hem edýärin- diýip, ol guwanç bilen aýdýar.


     Geljekde türkmen sportyny has-da belende göterjek ýaş türgenleri ýetişdirmekde  ýadawsyz zähmet çekip gelýän  Allaýar Sytdyhowyň sportda gazanan üstünlikleri  barada aýdylanda bolsa,  ol 1959-njy ýylda  şaşka boýunça  Aşgabat şäheriniň, 1960-njy ýylda bolsa Türkmenistanyň çempiony diýen ada mynasyp bolupdyr. Soňky ady on ýyldan gowrak saklapdyr. 1965-nji ýylyň martynda Wladimir  şäherinde oba şaşkaçylarynyň arasynda  SSSR-de birinjiligi almak ugrundaky Bütinsoýuz  ýaryşynda birinji ýere mynasyp bolupdyr.


      Şol ýylyň awgustynda  Moskwada profsoýuzlaryň  VIII  Bütinsoýuz spartakiýadasynda SSSR-iň  sport ussadynyň kormasyny doldurypdyr. 1966-njy ýylda  Täjigistanyň  Bahş raýonynda oba sportsmenleriniň  III Bütinsoýuz  spartakiadasynda  “Owadan göçümi üçin”  diýen baýraga-da mynasyp bolupdyr. 1969-njy ýylda bolsa  şaşka boýunça birinjiligi almak ugrundaky Bütinsoýuz ýaryş  Aşgabatda geçirilipdir.  Şol ýaryşda ol üçünji orna mynasyp bolup, şaşka boýunça Türkmenistandan  “SSSR-iň  sport ussady” diýen ada hem mynasyp bolupdyr.  Ençeme ýyllar Ahal  welaýatynyň şaşka mekdebine we “Kolhozçy” oba meýletin  sport jemgyýetiniň  Babadaýhan etrap Geňeşine  ýolbaşçylyk eden ussat “Türkmenistanyň  at gazanan tälimçisi”  diýen hormatly adyň, döwlet derejeli  diýen derejäniň galyberse-de  “Hormat nyşany” ordeniniň,  “Zähmet weterany” medalynyň hem eýesidir. Bu bolsa halypanyň  türkmen sportuny  ösdürmekde, ýaş hünärmenleri taýýarlamakda bitiren hyzmatlaryna  döwletimiz tarapyndan berlen ýokary bahadyr.


         Biz Allaýar aga bilen  çaý başynda eslije oturypdyrys. Ol gürrüňdeşlikde ilkinji halypasy,  meşhur şaşkaçy  Gurban Sopyýewi-de ýatlady. Gözel görki bilen alyslardan gelýän gonaklary haýran edýän paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi aziýada örän iri sport desgalryň toplumy olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy, 2017-nji ýylda gözel paýtatymyzyň ýapyk sport binalarynda geçiriljek V aziýa oýunlaryna şu günlerden görülýän taýýarlyklar barada buýsançly sözleri aýtdy. Onuň buýsançly sözleri hormatly Przidentimiziň adyna alkyşlar bilen utgaşyp gitdi:    


 - Bu döwre-döwrana men guwanman kim guwansyn! Çünki, bu döwür türkmen sportynyň dost-doganlyk, parahatçylyk ýoluny dünýä salýan döwri boldy. Hormatly Przidentimiziň eýe den şu eşretli, ajaýyp döwründe dogrusy, ýaşamagyň,  işlemegiň we şu ösüşlere mynasyp goşandy goşmagyň özi-de uly bagt ähbetin! Bagtyýarlyk döwrümizde ýerlerde beýleki ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar bilen birlikde gurlan we gurulýan sport binalary, desgalary döwletimiziň-ýurdumyzyň bezegine öwrüldi. 2013-nji ýylda biz Babadýhanlylar hem etrap merkezimizde täze binany sport mekdebini sowgat aldyk. Täze gurulýan we gurulan ajaýyp binalary görenimde göwnüm göterilýär. Geljekde hem ýaş hünärmenleri taýýarlamakda zehindir zähmedimizi gaýgyrmarys. “Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgsine eýermek türkmenistanlylaryň üçin mizemez ýörelgä öwrülmelidir”- diýip, buýsanç bilen nygtap, türkmen sportynyň dünýä çykmagy üçin atalyk aladalaryny edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-halk bähbitli işleri hemişe rowzçlyklara beslensin!


Kesbiňden kemal tap, Allaýar aga!


Okalan sany: 498   Jogaplar: ( 1 )

marala
11 января 2014

goodtuweleme, 


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07329 sek. ýüklenen baýt: 41181