Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Degişmeler
Toýa barýan toýa!
Ýazylan wagty: 11 января 2014 Ýazan NEXTTM

     

Toýa barýan toýa!

Çary agalaryň öýüniň bir otagy. Çary agaň aýaly Narjan, ogly Döwlet, gyzy Aýnabat, gelni Tuwak dagy elleri egin-eşikli durlar. Biriniň elinde 10-15 sany galustuk, birinde 3-4 sany köýnek, ýene birinde 3-4 köwüş, başga birinde uly çemen bar. Hemmesem Çary agaň gelerine garaşýarlar. Çary ardynjyrap çykýar. Gelni şol bada ýaşynýar. Çarynyň egninde don, kellesinde silkme telpek bar. hemme duranlar onuň geýinşine geň galýarlar.

Çary – Taýýarmysyňyz? Onda gideliň.
Narjan – Kakasy, bu ne boluş?
Çary – Näme bolupdyr?
Döwlet – Kaka, sen nirä barýaň?
Çary – Toýa. Jan ýaly uýajygymyň toýuna. Ýa Maral ejeň ogluny öýerýändigini unutdyňmy?
(Tuwak bir zatlar pyşyrdap, Döwlete ümleýär) Näme diýýä?
Narjan – “Toýa, toý eşigini geýnip gitmeli” diýýä.
Döwlet – Meňem diýýänim şol-da.
Aýnabat – Pata barýan ýaly bolma ahyry, kaka.
Çary – Ol nämäniň patasy? Men doganjygymyň toýuna barýan. Şoň üçinem, ýörite şu eşikleri, kakam pahyrdan galan dondur telpegi geýdim. Goý, doganjygym begensin, toýuna kakasy gatnaşýan ýaly bolsun.
Narjan – Dogrudanam, gowy pikir. Maral diýseň begener. 
Döwlet – Erbet pikir-ä däl weli..... 
Tuwak – Çary daýym hiç haçanam don geýenokdy ahyry?!
(Döwleti hürsekleýär).
Döwlet – Menem şony aýdýan-da....
Aýnabat – Juda bolmanda telpegiňi bir aýyr, kaka.
Narjan – Şlýapaňy geýäý, kakasy.
Tuwak – Orden-medallarynam dakynsyn. 
Döwlet – Menem şony aýdýan-da....
Çary – Men-ä utanýan.
Tuwak – Biziň toýumyzda allanäme bolup otyrdy ahyry.
Döwlet – Menem şony aýdýan-da....
Aýnabat – Ýene bir günjük gaýrat et, kaka. 
Narjan – Il-ä tapanok, senem ýene kejirlik edýäň.
Döwlet – Telpegiňi bir çykar, kaka. Bolmasa tahýa geýäý.
Tuwak – Goýsana oglan, gül ýaly buýra-buýra saçy barka tahýa nämä gerekmiş?
Döwlet – Menem şony aýdýan-da....
Aýnabat – Şu köýnek bilen şu galustugy.......
Tuwak – Ýok, şu galustugy!!!!
Döwlet – Tuwagyň hödürleýäni gowy.
Aýnabat – Sagat bilen telefonyňam......
Narjan – Özem gara köwşüňi däl-de......
Tuwak – Daýza düşün, gara kostýum bilen gara köwüş......
Döwlet - Menem şony diýýän-dä....
Narjan – Mele köwşem.......
Tuwak – Ýok-ýok diňe gara!
Döwlet – Dogry, diňe gara üstesine gara äýnegem.....
(her kim bir zady hödürleýär. Donuň üstünden penjek geýdirjek bolýanam bar, ädik hödürleýänem. Birini çykardyp beýlekisini geýdirýärler. 
Guşak guşajak bolýanam tapylýar. Garaz, diýseň başagaýlyk. Çary derini syryp durşyna, aýylganç gygyrýar.)
Çary – Bes ediň! Bolduňyz dälmi? Onda garaşyň!
(ol öňki çykan otagyna girip gidýär we az salymdan, ýene-de şol öňki dony    bilen telpegini geýip çykýar. Guşagyna jöwher pyçagam gysdyrylgy.)
Görseňiz, ediljek kakamdyryn! Gideliň!
Tuwak – Daýy!!!!
Çary – Sen kakam pahyry görmändiň! Milli eşik onuň görküne görk goşardy.
(ol batly ýöräp çykyp gdýär. Beýlekiler doňup galýar).

Okalan sany: 1050   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05820 sek. ýüklenen baýt: 35341