Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
KEŞP MÜLKINIŇ NUSGASY.
Ýazylan wagty: 11 января 2014 Ýazan NEXTTM
KEŞP MÜLKINIŇ NUSGASY.


Adatça, sahna eseriniň taýýarlyk döwri örän uzaga çekýän, hupbatly hem irginsizligi talap edýän iş. Heniz eseriň içine, keşplere girip bilmän kösenýän, elleri ýazgyly artistleriň ynamsyz hereketleri keýpiňi alýar. Ine,  şol pursatda  artistleriň arasyndan kimdir biriniň  köpçülikden boýuny saýlamagy, işiň agramyny öz gerdenine almagy, «kerweniň»  başyny çekmegi gerek  bolýar. Türkmenistanyň halk  artisti  Aman Sapardurdyýew şeýle artistleriň biri. 


Men Aman aganyň  ussatlygyna  «Süýji durmuşyň gapysy» (režissýor G. Bekiýew), «Aşyk—Peýker» (Režissýor D.Hanmämmedow) sahna oýunlary goýlanda göz ýetirdim. Taýýarlyk işleri ýaňy başlanypdy. Baş gahrymanyň keşbini döredýän artist ýaşdy, heniz tejribesi ýetik däldi. Her ädimde režissýor, awtor, kompozitor bilen üýşüp maslahat geçirmeli, düşündirmeli, ugrukdyrmaly  bolýardy. Spektaklyň žanr aýratynlygy, sýužet  ýordumy aýyl-saýyl ýüze çykanok. Diňe  Aman aganyň gatnaşýan görnüşleri şüweleňli geçýärdi… Şol görnüş başlandygy  artistler kulisleriň aňyrsyna  ýygnanyp, ussadyň  hereketlerini sessiz -- üýnsüz synlap başlaýardylar. Ilki ýylgyryşlar, soň maýdajyk gülki peýda bolýardy, görnüşiň ahyrynda bolsa hemmämiz guwanç bilen el çarpyşýardyk. Ussat  artistiň keşbi açyp görkezmäge beýle ezber  girişip bilşine  hemmeler haýran galýardylar. Ýogsam ýokarda agzan eserlerimizde Aman Sapardurdyýewiň janlandyrmaly keşpleri  örän çylşyrymlydy. «Süýji durmuşyň gapysyndaky» Mäşirik molla, gülküli keşp. Onuň üçin öz şahsy peýdasy bolmasa hiç hili mukaddes zat ýok. Batman baýyň ogluny okatmaly bolanda-da diňe  onun barjamly atasyndan köpräk pul «ýonmagyň», garnyny doýurmagyň aladasy bilen bolýar. Öz sowatsyzlygynyň   üsti açylyp, masgara bolany üçinem namys edip duranok, çaltrak ol ýerden gaçmagyň pikirini edýär. Mäşirik ylym-sowady  ýüzleý, dünýägaraýşy dar, hatda dine ynanyşam ýabygorly  adam. Ol söze başlanda:
Az işle-de köp gazan, - diýerdi atam pahyr—diýip başlaýar. Ýöne  özüni sowatly,  akylly-paýhasly adam hökmünde görkezmek üçin islendik ýagdaýdan peýdalanýar. 


Aman Sapardurdyýew Mäşirigiň  galplygyny sahna sungatynyň ähli serişdeleriniň üsti bilen açmagy   başardy. Hereketinem, gürleýşinem, hiňňlenişinem diňe şol maksada—galplygy paş etmäge gönükdirdi. Mäşirigiň aýdymyny tansy bilen bile ýerine ýetirdi. Şonda  altmyş ýaşly Aman aganyň  ýaş oglan  kibi  böküşine tomaşaçylaram, kärdeşlerem guwanmak bilen el çarpyşdylar. Şeýdibem ol Mäşirik mollanyň hiç kime meňzemeýän özboluşly keşbini döredip bildi. Netije-de sahnada Mäşirik mollanyň  Öwwjana sapak berşem, nahar iýensoň töwir edişem, özi hakda gürrüň berşem, gaçyşam, hat okaýşam  özboluşly bolup çykdy. ÝUwaş-ýuwaşdan  mäşirikli  görnüşler wakanyň  «episentrine» öwrüldiler. «Aşyk-Peýker» sahna oýnunda-da şeýle boldy. Aman Sapardurdyewiň  baýy: açgöz, sowatsyz,  ýalançy, ejize ganym, harsydünýä hem azgyn adamlygynda örboýuna galdy. Ýöne sahna ussady ol keşbi  mozaika döredýän ýaly  kiçijik bölejiklerden kemala getirdi. Baý bilen ilki tanyşlyk, onuň hile, berimdir para-peşgeş bilen er satyn aljak bolşy, Kelanyň  «uruny ýekeleýşi» bilen bagly wakalardan başlanýar. Emma baýyň ýer eýesi dul gelni görüp  nebsi agyrýar,  dul gelni özüne  aýal edinip almagyň,  onuň baldyzyny ogluna  alyp bermegiň kül-külüne düşýär…Şol bir wagtyň özünde-de ol Kelan bilen  berilmeli  paranyň möçberi barada  birsyhly jedelleşýär, söwdalaşýar. Emma şol söwdalaryň aňyrsynda adam ykbalynyň ýatandygy ony oýlandyrmaýar. Ahyry özünden ökdä duşup, it oýnalan ýaly oýnalyp, tozup başlanda onuň bolşy…özüni alyp barşy  düýpgöter üýtgeýär.…Hereketleri gödek, ýerliksiz, asyl  oňa puldan başga hiç zadam—perzendem, aýalam gerek däl.
       Göwnüme bolmasa, spektakllarda tomaşaçylar diňe Aman aganyň   döredýän keşplerine tomaşa etmäge gelýän ýaly…Käte şowlulygyň sebäbi  Aman Sapardurdyýewiň özüniň daş keşbinde, hereketinde  we režissýorlaryň kybapdaş keşpleri  bir şonuň  üçin  saýlaýandygynda bolaýmasyn diýip oýlanýarsyň. Ýöne  «Deňiz guşum» (režissýor G. Bekiýew), «Gabanjaň gelin» (režissýor H. Berdiýew) spektakllarynda döreden keşpleri asla başga-başga häsietli, başga tebigatly  adamlar. Teatr muşdaklary  Aman Sapardurdyýewiň Malahowyny  («Malahowy saklaň») heniz-henizlerem haýran galmak bilen ýatlaýarlar. Oýnuň sahnalaşdyrylanyna bolsa  otuz ýyl bolup barýar. Diýmek,  keşpleriň döremeginiň syry diňe kybapdaş häsiýetli rollaryň saýlanylyp alynýandygynda däl ekeni, ýogsam şeýtmeklikde-de aýyply ýa sungata ters gelýän zady göremok. Elbetde, bu zatlaryň özüni, adama berilýän tebigy zehinde, adamyň özüne mynasyp käri saýlap alyp bilmeginde, belki, bagtyň çüwmegi hem, şowlulyk hem gerekdir, ýöne şol zatlaryň bary tükel bolaýanda-da, barybir irginsiz zähmet çekmek zerurdyr. Aman Sapardurdyýewiň döredýän keşplerinde diňe bir üýtgewsiz umumylyk bar: ol her bir häsieti hereketiň üsti  bilen çykarmaga çalyşýar. Aman aga gürlände  sözleriň özi täsin herekete eýe bolýar. Çünki ol gözleri bilenem, elleri, aýaklary bilenem, hatda gaşy bilenem  «gürläp» bilýär.
Aman aganyň spektaklda çykyş edýän güni, oýun başlanmazyndan iki sagat öň gelýändigini Alp Arslan adyndaky Milli ýaşlar teatrynda bilmeýän adam ýokdur. Şol iki sagadyň bolsa  oýnalmaly sahnalary gaýtalamak, berkitmek, durkuň bilen keşbe girmek üçin sarp edilýändigi belli. Doga zähmetsöýerligiň jogapkärçilik bilen berçinlenmegi oýundan soňky el çarpyşmalara, alkyşlara, birnäçe gezek gaýtalap-gaýtalap sahna çagyrylmaklyga  alyp barýar. Şol wagt weli, geň galaýmaly, Aman Sapardurdyýew özgelerden saýlanmakçy  hem bolanok, hereketinde-de hiç hili ozboluşlylyk ýok, sada, sypaýy hem kiçigöwünlilik bilen öz tomaşaçylaryna  belent başyny egýär.


Ýeri gelende edebiýatda hem sungatda millilik diýilýän düşünjä gaty ýokary sarpa goýulýandygyny aýdasym gelýär. Ýöne şol milliligi gazanmagyň iňňe bilen guýy gazandan enaýy däldiginem aýtmak gerek. Onuň dür dänejikleri ýeke-ýekeden, irginsizlik bilen çöplenýär, ýyllaryň, adam ömrüniň dowamynda toplanýar. Bu barada aýratyn gürrüň edip ýörmese-de Aman Sapardurdyýewiň ol dänejikleri gündelik durmuşdan, edebiýatdan, rowaýatlardan hem beýleki milli baýlyklardan süzüp alýandygyna göz ýetirdim. Aman aga degişme aýdyp berse-de, ýa biriniň täsin hereketine ökünse-de, özi hakynda  gürrüň berse-de ýumor ýokundysynyň bardygyny görýärin. Mesawy gürrüňlerdäki zer dänejikleriniň  sahnadaky keşbe siňenini göreniňde gülkiň ýürekden çykýar, ol duýgy damarlaryny gyjyklap, seni şatlanmaga, gaýgy aladany unutmaga  mejbur edýär. Käte Aman aga, şol täsin hereketleri ýüzüniň ugruna goşup goýberýär. Irginsizilk bilen keşbi baýlaşdyrýar.  Şonuň üçinem ussatlyga sarpa goýýan artistleriň arasynda, «hakyky spektakly görjek bolsaň onunjy spektakldan soň gör»  diýen gürrüň bar. Ussadyň özüniňem  oýny yzygiderli  baýlaşdyrmakdan nähili lezzet alýandygyny göreniňde  onuň sahnada nňhili bagtlydygyny duýýarsyň. Şonda  wakalary geçmişden gürrüň berýän   eserleriňem şu günki gün bilen utgaşyp gidendigini, gülkiniň, ýumoryň hiç wagt möwriti ötmeýän sungat serişdesidigini duýýarsyň. «Aşyk-Peýker»  komediýasynyň  sýužetiniň özeni  türkmen halk döredijiliginden—Aldarkösäniň, Ependiniň, Keminäniň halk arasynda ýaýran şorta sözlerinden alyndy. Döwrüň synagyndan  geçip, halkyň kalbyna siňen gülkiniň häzirki tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagyny gazanmak başardanlygy üçin bu eser  birnäçe ýyl bäri sahnada. Tomaşaçy bilen gatnaşyk bolmasa sahna jansyz. Tomaşaçylaryň bar wagtynda artistleriň  halys ýürekden oýnaýandyklaryny, olaryň her bir pyşyrdyny, her bir hereketi süňňi bilen syzýandyklaryny, hatda tomaşaça baha-da berip bilýändiklerini köp gezek görüp eşitdim. Sebäbi sahna wirtual dünýä däl, oňa kompýuteriň «syçanjygy» bilen erk etjek gümanyň ýok. Ol dymanogam, ol gürläp dur, ol janly, ol seniň öňünde hemme zady herekete getirýär, gürledýär, seniň bilen söhbetdeş bolýar. Şonuň üçinem onuň jadysyna  maýyl bolan tomaşaçynyň teatr bilen arasynda salnan ýodajyga ot bitiresi gelenok. Ol ýerde keşp mülküniň ussatlary ýaşaýarlar, döredýärler hem mähir bilen bize garaşýarlar. Türkmenistanyň  halk artisti, Alp Arslan adyndaky Milli ýaşlar teatrynyň  ýaşuly artistleriniň biri,  uly halypa  Aman Sapardurdyýew  bolsa sözüň doly manysynda  keşp mülküniň ussady.

G. Daňatarow Türkmenistanyň  halk  ýazyjysy, dramaturg.

Okalan sany: 648   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06252 sek. ýüklenen baýt: 39782