Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Hekaýa...(okanyňa degýa)
Ýazylan wagty: 11 января 2014 Ýazan Polatahmed

Olaryň  söýgüsi ilki dostluk bilen başlapdy. Soň olar
üçin  olaryň söýgüsi hemme zatdan zerur
boldy. Oglan söýgüsi üçin hemme zada taýyndy, gyz bolsa şol söýgüsä mynasyp
bolmak üçin elinden gelen zady edýä. Umuman 
bular söýgüsini söndürmezlik üçin bir birleri üçin näme etmeli bolsalar
etdiler. Bu söýgi uzak wagta çekdi.



Günleriň
birinde  Oglanyň adyndan gyza hat geldi’’
Meniň  göwnüm başgasyny halaýady, bugun
bolsa  men hemişelik  senden 
gaty uzaklara gidýän maňa indi hiç garaşma! Meni bagyşla seni söýemok
şeýtmeli boldum...”



 Gyz oglanyň öýüne geldi... Gapyny ýumruklary
bilen jan edip kakýa...Telefon etdi, telefonda bolsa mylaýýym ses bilen ‘’nomer
öçürlen’’ diýýa. Dostlarynyň hiçisi hiç zat bilenok. Hat-da onuň täze
söýgülisiniň baryny hem bilenok. Ýene bir näçe kişiden sorady, köpüsi ony
daşary ýurda gitdi,köp kişi bolsa ýene bir zatlar diýýädi.



Näçe wagt geçsede
ony unutmagy başaranok. Gijelerne döken gözýaşlary... Hiç zat iýenok... özüne
seredenok... Hatda ata enesiňem, joralarynyň hem aýdanlarny diňlanok... Indi
gyzda oňa bolan ýigrençden başga zat galmady. Bolup geçen ähli zady unutdy gyn
düşsede unutdy...



Günler aýlar
geçip dur... Käbir gynçylyklary yeňip käbirlerinde ýeňlip ýaşamagy dowam edip
ýören gyz indi bugün başga birine sataşdy... Ol sataşan oglan  bolsa 
gyzda durmuşa bolan söýgi döretdi, täzeçe hemme zadyň hötdesiden gelip
ýaşap başlamagy  öwretdi. Şol oglana
sataşyp gyzyn durmuşynda köp zat üýtgedi. Ikisine durmuş gülip bakdy, ykbal
olara toý etmekligi nesip etdi. Olaryň toýy boldy, şeýle üýtgeşik toý boldy.
Indi ikisi hem bagtly... Ak kagyz ýaly arassa durmuşda ýaşap başladylar...



10 ýyldan gowrak
wagt geçdi, çagalary boldy... gyz şindi şindilerem ilkinji söýgüsini ýatlaýa,
indi ony bagyşlady, näme bolsada indi ony agladan hem bolsa ony hiç bir göz ýaş
ýerde galmaz, egerde ol bir güni dolanyp 
gelsede onuň bilen iň manysyz, gyzyksyz günleri ýaşan ýaly boldy... Şol
günleriň birinde şol gyzyň adyna hat geldi. Hany biliň kimdenkä?! Elbetde gyzyň
ilkinji söýgülisinden. Haty okamaga başlanda Gyzyň ýüzünden gülkisi gaçdy ,
şunça wagtlap garaşanda ýazmagy başarmany indi 10 ýyl geçen soň  nädipler ýazdy?!



“Salam ezizim!
Eger sen bu hatymy okaýan bolsaň sag bol okaýanyň üçin! 10 ýyl mundan öň bulary
seniň gözlerňe aýtmagy başarmadym we şonuň üçin ýazmaly diýen netijä geldim!
Saňa öz ahwalym barada aýtmaga ejizledim şonuň üçin başgalary halaýan diýmeli
boldum! Bu hatymy bolsa şo ýyllar ýazdym, saňa bolsa muny  sen haçanda bagtly wagtyň saňa bermeklerni
haýşt etdim men söýgüm seniň üçin bakydygyny bilip ýaşamagyň üçin! Men seni
aldadym, men seniň men sebäpli meniň halymy bilip bir jaýda aglap otyrmagyň
islemedim, çynym şuny ýazan wagtym menem göz ýaşlar bilen ýazdym... Aslynda men
muny näme üçin etdim? Wraçlaryň aýtmagyna göra meniň  beýnimde kesel bardygyny we  meniň üçin 1 aýdan gowrak wagt galandyklarny
aýtdylar! Men  hiç ýerede gidemok,başga
hiç kimi hem söýemok. Senden başgany hem söýip bilmejegimi sen bilýäň! Seň gülkilerňe
mynasyp bolup bilmedim, saňa toý lybasyny alyp bilmedim, bilýän  muny hökman birleri eder seniň üçin,hemme zat
gowy bolar ýone biziň ikimiz üçin nesip etmedi! Saňa diňeje bagt dileýan egerde
başaran bolsadym, seniň gözýaşlarňy elim bilen aýrardym, meni bagyşla seni
aldanym üçin, şeýdenim gowy boldy! Sen diňe bir zady bil seni ýüregimden
söýdim,iň soňky günlerimde hem saňa göz ýaşlar bilen ýazýan!



Söýgümi saňa,
seni bolsa Hudaýa tabşyrdym!!!”

Okalan sany: 926   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06824 sek. ýüklenen baýt: 32912