Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Bedew batly sport
Ýazylan wagty: 15 января 2014 Ýazan Mayichka

Hormatly Prezidentimiziň Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Sport ulag merkezine barmagy we ol ýerde sportuň weloseped hem-de sport ulagyny sürmek ýaly meşhur görnüşleri bilen meşgullanyp, tutuş halkymyza esasanda ýaş nesillerimize görelde görkezmegi Milli Liderimiziň ýurdumyzda bu ugur boýunça alnyp barylýan işleriň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýänligini alamatlandyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygyny berkitmek boýunça durmuşa geçirilýän yzygiderli çäreler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzda welosiped we awtoulag sportunyň ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň awtomobil sporty boýunça halkara derejesinde guralýan ýaryşlaryň merkezine öwrülmegini şertlendirýär. Ilatyň esasan-da ýaş nesilleriň sport bilen köpçülikleýin meşgullanmaklaryna gönükdirilen çözgütler özüniň gowy netijelerini berip başlady. Soňky ýyllarda halkara ýaryşlaryna gatnaşyp halkara baýraklaryna mynasyp bolýan türgenleriň sanynyň artýanlygyny  aýratyn bellemeli. . Türkmenistanyň Milli Sport we Syýahatçylyk institutynyň täze binalar toplumunyň gurlup ulanmaga berilmegi onda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik işleriniň geçirilmegi, we halkara ýaryşlarynyň guralmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, sporta höwesek ýaşlaryň sanynyň artmagyny we türkmen türgenleriniň halkara derejesinde beýik ýeňişleri gazanmagyny şertlendirdi. Häzirki döwürde Paýtagtymyzda sebitde deňi taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurluşugynyň batly depginler bilen alnyp barylmagy bu ýerde dünýä ýaryşlaryny guramak hem-de oňa gatnaşýan türgenler, tälimçiler, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köp sanly myhmanlar üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça sazlaşykly işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V-nji Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň mejlisiniň geçirilmegi oňa köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy sport ulgamynda Türkmenistanyň giňden ykrar edilýänliginiň aýdyň subutnamasydyr.


Okalan sany: 458   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05715 sek. ýüklenen baýt: 30847