Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
GYRMYZY
Ýazylan wagty: 16 января 2014 Ýazan Marala

 GYRMYZY 

Bir jüp bilbil geldi, gondy çemene,
Başy ýaşyl, aýaklary gyrmyzy.
Bal akyp dur dillerinden, lebinden.
Alma kimin ýaňaklary gyrmyzy.

Meniň ýarym hem soltandyr, hem handyr,
Datly janym ol gözele gurbandyr,
Hünji däldir, sadap däldir, merjendir,
Ak golunda gol baglary gyrmyzy.

Bakjamyza üç gül ekdim, bitäýse,
Jak-jaklap teýinden bilbil ötäýse,
Meniň wadam senden owwal ýetäýse,
Mazaryma dikdikleri gyrmyzy.

Üç ýyl oldy şu daglary aşaly,
Bäş ýyl oldy, gyz, söwdaňa düşeli,
Galk, gideli, biziň oda düşeli,
Başdan aýak düşekleri gyrmyzy.

Garaja Oglan diýr gelgin ýanyma,
Saňa gelen kaza degsin janyma,
Meni öldür, bas elleriň ganyma,
Diýsinler ki barmaklary gyrmyzy.

Okalan sany: 435   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06505 sek. ýüklenen baýt: 36604