Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
GÜLŞAT MEŇLIÝEWA
Ýazylan wagty: 16 января 2014 Ýazan NEXTTM

GÜLŞAT   MEŇLIÝEWA

Her artistiň zehininiň açylmagyna bir eser sebäp bolýar. Gülşadyň açylmagyna  «Yşgyň gämisi»,  «Seljuk söýgüsi»  sebäp boldy.

Arzuwyň keşbini döretdi. Arzuw ýüregi Arzuwdan doly ýaş gyz, aýdymçy bolmagyň höwesinde. Heniz ýaş, durmuşy görmedik.Emma kynçylyklaryň, garşylyklaryň ýüze çykmagy  ony sähel salymyň içinde  uly adam bolmaga, durmuş ýoluny, öz ykbalyny saýlamaga mejbur edýär.(«Yşgyň gämisi kenarda»). Gülşat Arzuwyň  Aýdyňa bolan söýgüsiniň  ýürekden çykýan päkize, hakyky söýgüdigine  tomaşaçyny ynandyryp bildi.


«Seljuk  söýgüsinde»  Melikäniň  keşbini döretdi. Melike bolsa   Gadymy Merwde—Soltan Sanjaryň eýýamynda ýaşan. Ýöne Gülşada bu iki zenan keşbinde umumylygy  tapmak başartdy. Olaryň ikisi hem eňil bolmadyk ykbally, durmuş synagyna  döz  gelmegi  başleri tapmaga aran  türkmen zenany.   Döredýän  keşplerinde  dürli eýýamlaryna degişli adamlardygyna garamazdan, olarda türkmen zenanyna mahsus bolan ýagşy häsietleriň  esasynda   bir bitewi   umumylygy gözleýändikleri    begendirýär. Munuň özi  olaryň  biziň milletimiziň özboluşly aýratynlygyny emele  getirýän häsietleriň tötänlik  ýa toslama  däldigini   öwran-öwran nygtaýarlar.

Gülşat  Alp Arslan teatrynda goýlan  komediýalaryň naýbaşysy  «Süýji durmuşyň gapysynda-da»  Gülkişdäniň özboluşly  keşbini ussatlarça döredip bildi.  Ol herhili gelşiksiz, bolgusyz ýagdaýlara düşende-de öz ýanýoldaşy  Öwwejanyň  ugrundan gopmagy başarýar. Durmuşy oýundyr, düýş ýaly bir zatdyr öýdüp ýören  ýalta, ugruna giden, iş ýakmaz, nalajedeýin Öwwejana tüýs mynasyp   gelin. Äri pal at diýse pal atýar, ýalan sözle, arzuw et diýse arzuw edýär…Režissýoryň matlabyna dogry düşünen Gülşat  Gülkişdäniň keşbini  häzirki zaman tomaşaçysynyň hem ýadynda galar  ýaly edip bildi.
Okalan sany: 1029   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
16 января 2014

Gülşat Meňliýewa zehinli aktrisa, oýnaýan keşplerine teleýaýlymda tomaşa edýäris.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06466 sek. ýüklenen baýt: 31920