Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sport çäresi geçirildi.
Ýazylan wagty: 16 января 2014 Ýazan Mayichka

Türkmenistanyň Milli Sport we Syýahatçylyk institutynyň mugallymlarydyr  talyplary ýörite toparlara bölünip sportuň meşhur görnüşleriniň biri bolan we häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagalla etmeginde işjeň ösdürilýän welosiped sporty üçin birnäçe türgenleşik çärelerini geçirdiler. Institutyň welosiped sporty bilen meşgullanýan talyp türgenleri we bu ugra höwesek ýaşlar, mugallymlar hem tälimçiler Milli Liderimiziň göreldesine eýerip sportuň bu meşhur görnüşi boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar bolmagy ugrunda alnyp barylýan maksatnamalaýyn çäreleriň hatarynda “Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň” ýurdy atly V-nji Spartakiýadanyň ýaýbaňlandyrylmagyny aýratyn bellemeli. Häzirki döwürde onuň çäklerinde ýurdumyzyň edara kärhanalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirilýär.


Okalan sany: 382   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10071 sek. ýüklenen baýt: 29977