Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

SÖÝGI KAFESI (degişme äheňinde ýazylan)
Ýazylan wagty: 17 января 2014 Ýazan NEXTTM

SÖÝGI KAFESI

Juma öňe çykjak bolanda, aňyrdan, aldyrany bar ýaly bolup gelen Myrat ony saklaýar.

Myrat – Juma, hol ýigidi görýämiň? Araky Bägüle lak atjak bolan kelpeňiň ýanyndaky oglan dälmi şol? 

Juma – Bägüle däl, Akgüle... Onsoňam kim bolanda näme?

Myrat – Ýanyndaky bar bolsa, ol myrryhyň özem bardyr. Göräýsem bor.

Juma – Haýsy bir diliniň eýesi bolmadyk kelpeň bilen ýakalaşjak? Goh gerek däl. Ýaryş biziň gapymyzda geçýär. Öý eýeleri myhmana hormat goýmalydyr, sylamalydyr.

Myrat – Sylag – hormat iki tarapyndan bolmalydyr. Sen Jennet kafesiniň işgäridigiňi unutma. Il – gün oňa Söýgi kafesi diýip, at goýupdyr. Abraýyňy sakla. 

1-nji – Kändir milli tagam, şipa tamdyr nanyň gyýagy,

2-nji – Süýji bolýar bägyr – öýken hem goýunyň süýegi.

Bilelikde – Günübirin zyňyp göýber elindäki taýagy,
Eger agsak iýse, biziň kellebaşaýagy.


Bagtyýarlyga gadam basdy ilimiz,
Toý – baýramda geçýär her bir günümiz.
Dürli tagamlary sowgat edýärler,
Ýaryşa gatnaşýan aşpezlerimiz.


Syrtlan – Bedne iýen böküberer, durup bilmez bir ýerde,
Agyr dertden açylarmyş duçar bolan şum derde.
Gaýgy – gamdan nyşan goýmaz, söýgi döreder serde,
Geliň dostlar, geçiň dostlar, şipa bolsun bedene!

Myrat – Men häzir saňa gowja söýgi görkezerin. Gyzlara tarap baş atan bolmaň name?

Syrtlan – Alla ber, günä mende däl. Olaň özleri meni günüme goýanoklar. 

(Şol pursat ýetip gelen Juma Myrady bir tarapa, Syrtlany beýleki tarapa ugradýar).

Juma – Eminler! Galany siz bilen, bahaňyzy kesiberiň. Gadyrly dostlar, ýaryş dowam edýär. Gezek öý eýeleriniňki. 

Weli – Dünýede datly tagam köp, biridir ýagly palow,
Kemsiz hezzet, jana lezzet, şireli, bugly palow.

Şemşat – Bile kuwwat, gözlere nur, derde derman diýdiler,
Datsa adam ogly bor keýpi çagly palow!

1-nji oglan – Bolsun – u bir dadym palow – dostlara hezzet kyl,

1-nji gyz – Lezzet başga, iýmeseň ýüregi datly palow.

Şemşat – Ýetik bolsun jüýjesi, käşiri, ýag-u sogany,

Weli – Emma weli bir çeti aşpede-de bagly palow!

Juma – Hormatly adamlar! Emin agzalary birinji bölümiň jemini jemläbersinler. Biz bolsa, ýaryşyň ikinji şetrini ýerine ýetirmäge taýýarlanalyň. Bu bölümde hyzmatyň ýerine ýetirilişine, medeni mirasymyzy bilişimize, däp – dessurlarymyza, nakyllarymyza, myhmansöýerligimize beletligimiz görkeziler. Şeýle hem  döwrüniň edermen adamlarynyň dynç alyşlaryny guramaklyk ussatlygymyza baha kesiler. Bu bölümde dürli durmuzda gabat gelýän säwmekleri degişme görnüşinde beýan etmeli. Birek – birege ýomak atmaly. Tomaşaçylaryň gülküsi çykyş edýänleriň peýdasyna bolar. 
Okalan sany: 500   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06181 sek. ýüklenen baýt: 37400