Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
BATYR ÇARYEW
Ýazylan wagty: 17 января 2014 Ýazan NEXTTM

BATYR  ÇARYEW

Türkmenistanyň halk artisti, režissýor  Baýram Seýdyllaýewiň sahnalaşdyran  «Yşk mülküniň şasy»  eserinde  Mollanepesiň  keşbini döretdi. Bu keşbi döretmegiň özboluşly kynçylykly ýerleri bar. Sebäbi türkmen halkynyň söýgüli şahyry, ajaýyp liriki, uly şahsyýet hakynda, onuň durmuşyna degişli maglumatlary  bilmeýän ýa eşitmedik, her kimiň özüniň göz öňüne getirişi bar. Häzirki zaman tomaşaçysyny  ynandyrmak ýa özüňe  çekmek kyn.

Batyr Çaryýew bu keşbi  şahyryň öz eserleriniň üsti bilen döretmäge girişdi.   Bu meselede Batyryň tebigy owadan, baý hem ýakymly  sesi  kömek etdi. Şygra siňen  arzuw hyýallary, ideýalary Batyr öz  haýran ediji ýakymly  sesi bilen tomaşaçynyň kalbyna ýetirmegi başardy…

Umuman, artist Batyr Çaryýew türkmen radiosynda   türkmen ýazyjy şahyrlarynyň şygyrdyr hekaýalaryny, rowaýatlaryny diňleýjilere etirip durýar. Şonuň ýaly-da ol  terjime edilen daşary ýurt  filmlerinde-de  ses berýär. Ýurdumyzda bolup geçýän baýramçylyk konsertlerinde   alyp baryjylygy hem köplenç Batyra ynanýarlar…  Batyr çeper döredijilik bilen hem gyzyklanýar. Goşgulyry hem  ýazyjy-şahyrla, artistler hakyndaky ýatlamalary, degişmeleri bilen   metbugatda   häli –şindi  çykyş edip durýar.  

Tebigy  zehinli artist, ýurdumyzyň iň  görnükli, halypa mugallymlaryndan tälim alan Batyr Çaryýew, sungatyň dürli žanrlarynda  öz  güýjüni  synap görmek arkaly  ýylsaýy  ösdi, kämilleşdi, bu günki gün ony  ýurdumyzyň  teleradio tomaşaçylaram, teatryň muşdaklaram, kino sungatynyň  janköýerlerem tanaýarlar. Bir zady bellemek gerek: artist Batyr Çaryýew  kämillige  irginsiz  zähmeti, düşünjeli  çemeleşmek arkaly, hemmem öz halypalarynyň  döredijilik miraslaryny  yhlasly  öwrenmek arkaly ýetip  bildi.  Gynansagam teatr sungatynda işläp  ýören  artistleriň hemmesi    öz talantlaryny beýdip  ösdürmek  üçin alada edip durmaýarlar.





Okalan sany: 594   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06805 sek. ýüklenen baýt: 31514