Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sport ýaryşlary
Ýazylan wagty: 17 января 2014 Ýazan Mayichka

    Paýtagtymyzda ýerleşýän Gyşky oýunlar sport toplumynda Hokkeý boýunça dowam edýän Türkmenistanyň çempionatynyň nobatdaky tapgyrynyň oýunlary geçirildi. Onda “Şir” topary bilen “Galkan” topary duşuşdy. Duşuşyk 5:3 hasabynda “Galkan” toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmenistanyň hokkeý çempionatynyň nobatdaky tapgyrynyň oýunlary Ýanwar aýynyň 19-na geçiriler.


   Türkmenistanyň Milli Sport we Syýahatçylyk institutynda "Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly Uniwersiýadanyň çäklerinde sportuň Basketbol görnüşi boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň arasynda ýaryş geçirildi. Bu geçirilen ýaryşa jemi 12 topar gatnaşdy. Gyzykly geçen ýaryşyň jemi boýunça Türkmenistanyň Milli Sport we Syýahatçylyk institutynyň topary birinji orna, Türkmen Döwlet Binagärlik gurluşyk institutynyň topary ikinji orna, üçünji orna bolsa Türkmenistanyň Goranmak Ministirliginiň Harby institutynyň topary mynasyp boldy.


 


Okalan sany: 346   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11020 sek. ýüklenen baýt: 29854